Halklary dostlaşdyrýan sungat

1 Iýun 2023
673

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäniň halklary bilen dostluga, ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, hoşmeýilli garaýyşlara esaslanýan medeni gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär we pugtalandyrýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Biz dünýäniň ähli ýurtlary we halklary üçin açykdyrys. Olar bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we ylym-bilim ulgamlarynda gatnaşyklary geljekde hem ösdürmegi maksat edinýäris. Biz ygtybarly hyzmatdaş hökmünde Türkmenistanyň ýokary halkara abraýyny has-da berkideris. Sebäbi Watanymyzyň mertebesi halkymyzyň mertebesidir!» diýip belleýär.

Türkmen halkynyň ençeme asyrlar bäri dowam edip gelýän medeni däpleri halklary, döwletleri dostluga, jebislige, hoşniýetli gatnaşyga çagyrýar. Dana pederlerimiz miras goýan baý halk döredijiliginde tutuş adamzadyň ruhy mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan gymmatly düşünjeleri, belent ynsanperwer pikir-garaýyşlary beýan edipdirler. Biziň ajaýyp zamanamyzda umumy taryhy bitewüligi bolan doganlyk halklaryň dostlukly, hoşmeýilli hyzmatdaşlygy barha berkeýär.

Amanmyrat AÝDOGDYÝEW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň rektory.