Gahryman Arkadagymyz «Mapna Group» senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy we olaryň öndürýän önümleri bilen ýakyndan tanyşdy

31 Maý 2023
490

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyrýan iş saparynyň ikinji gününde «Mapna Group» senagat toplumyna baryp, bu ýeriniň dolandyryş binasynda senagat toplumynyň ýolbaşçylary bilen söhbetdeş boldy hem-de toplum hakynda taýýarlanan tanyşdyryş çäresine gatnaşdy. Şeýle-de toplumyň howlysynda öndürilýän enjamlaryň we önümleriň sergisi bilen tanyşdy.

Senagat toplumynyň wekilleri bilen bolan gepleşiklerde nebit-himiýa, elektroenergetika ugurlarda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak bilen bagly meselelere garaldy. EYR-nyň bu iri senagat toplumy bu ugurda Türkmenistan bilen ýakyndan hyzmatdaşlygy alyp barmaga taýýardygy duşuşykda bellenildi. Häzir bu toplumyň garamagynda 77 sany şereket hereket edýär.