Dünýä uzaýan ak ýollar

31 Maý 2023
357

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Merkezi Aziýa, Hazar sebitlerinde we beýleki döwletler bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň oňyn çözülmeginde möhüm ähmiýeti bolan netijeli başlangyçlar, teklipler bilen yzygiderli çykyş edýär. Bu bolsa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda öňe sürülýän syýasatyň diňe bir Türkmenistanyň bähbitlerini nazara alman, eýsem, dünýäniň öňdebaryjy pikirleriniň, meýilleriniň hem nazara alynýandygyny, parahatçylykly ösüşlere ygrarlydygyny äşgär edýär. Hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň häzirki döwürdäki batly gadamlary ýurdumyzyň dünýädäki abraý-mertebesini, şan-şöhratyny belende galdyrdy, sebitiň we dünýäniň ösüşine uly täsir edýän beýik başlangyçlaryň we döredijiligiň kuwwatly güýjüni äleme äşgär etdi. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzda sebitiň we dünýäniň ösüşinde möhüm ähmiýetli, umumadamzat bähbitli ençeme iri möçberli taslamalar işjeň amala aşyryldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen Türkmenistan häzirki wagtda ählumumy halkara hyzmatdaşlygynda barha giň gerime eýe bolýan täze ugruny — ulag diplomatiýasyny üstünlikli ösdürýär. Bu babatda Türkmenistan BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde möhüm ähmiýetli başlangyçlar bilen hem yzygiderli çykyş edýär. Dünýäde ulag ulgamynda ählumumy wezipeleriň çözgüdini tapmak üçin tagallalary birleşdirmegiň zerurdygyna hem-de şeýle hyzmatdaşlyga taýýarlygyň barha artýandygyna berkarar ýurdumyz uly ähmiýet berýär. Şunda ýurdumyzda Beýik Ýüpek ýoly dünýäniň örän çalt depginlerdäki ösüşine laýyklykda täze görnüşde, onda-da uzak geljegi nazarlaýan uly tutumlar bilen täzeden dikeldilýär.

Parahat ORAZOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň rektory, tehniki ylymlaryň kandidaty.