Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy

1 Iýun 2023
1401

Tähran — Aşgabat, 31-nji maý (TDH). Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Eýran Yslam Respublikasyna iş sapary tamamlandy.

Ozal habar berlişi ýaly, düýn — 30-njy maýda Tähranda Gahryman Arkadagymyzyň EYR-nyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisi bilen duşuşygy boldy. Onuň gün tertibine ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde okgunly ösdürilýän türkmen-eýran gatnaşyklarynyň meseleleriniň tutuş toplumy girizildi. Geçirilen gepleşikler Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň däp bolan dostlukly döwletara dialoga berk ygrarlydyklaryny görkezdi. Duşuşygyň jemleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de resminamalar toplumyna gol çekildi, Bilelikdäki Jarnama kabul edildi. Jarnamada iki dostlukly goňşy ýurduň geljekde-de ähli ugurlar boýunça netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanmalary tassyklanylýar.