Türkmenistan – Eýran Yslam Respublikasy: nebit-himiýa pudagynda hyzmatdaşlygyň täze sahypasy

31 Maý 2023
423

Ozal habar berşimiz ýaly, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar.

Bu sapar ilkinji gününden netijeli häsiýete eýe boldy. Geçirilen gepleşiklerde Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, nebit-himiýa pudagynda degişli önümleriň dünýä bazarlaryna çykarylmagynda EYR-y bilen gatnaşyklaryň möhüm ädimleri kesgitlenildi. Munda Pars aýlagynyň mümkinçilikleri hem göz öňünde tutulyp bilner. Häzirki wagtda bu dostlukly döwlet Türkmenistanyň iň ýakyn hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar.