Goňşuçylyk gatnaşyklarynda şanly sahypa

2 Iýun 2023
549

Halkymyzda «Goňşy goňşa söýget, il — ile» diýen söz bar. Durmuşy inçelik bilen yzarlap, ähli zady öz ýerinde goýup bilen halkymyzyň milli ýörelgeleri asyrlaryň dowamynda kämilleşdirilip, nesillere geçirilip gelinýär. Bu goňşuçylyk babatda-da şeýle. Duldegşir iki goňşynyň has ýakyn garyndaşlardan ileri durup, birek-birege: «Sen dur, men ýeteýin!» diýip, iki öýüň gatnaşyklaryny ýokary derejede sazlap durmagy halkymyzyň goňşuçylyk ýörelgelerine has ygrarlydygyny aňladýar. Durmuş ýörelgeleriniň döwletleriň, halklaryň gatnaşyklaryna-da täsir etmegi adaty zat däl-de, ata-babalarymyzdan gelýän durmuş sapaklarynyň dünýä derejesinde ykrar edilmegidir. Halkymyz taryhyň dürli döwürlerinde goňşuçylyk gatnaşyklarynyň gymmatyna uly ähmiýet beripdir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 30-31-nji maýda Eýran Yslam Respublikasyna amala aşyran iş sapary hem öňden gelýän gadyrly goňşulary has-da jebisleşdiren taryhy wakalaryň birine öwrüldi.

Eýran Yslam Respublikasy Türkmenistanyň iň ýakyn goňşularynyň biri. Iki dostlukly döwleti diňe geografik taýdan ýakynlyk däl, eýsem, öňden gelýän gadyrly gatnaşyklar, taryhy-medeni kökler has-da ýakynlaşdyrýar. Häzirki wagtda Eýran bilen gatnaşyklarymyz diňe bir özara bähbitlilik esasynda däl, eýsem, sebitde abadançylygyň, asudalygyň, rowaçlygyň bähbidine netijeli ösdürilýär. Eýran bilen köpugurly hyzmatdaşlyk söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ýangyç-energetika, oba hojalygy ýaly ugurlar boýunça alnyp barylýar. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk geçen 30 ýyldan gowrak döwürde barha işjeň häsiýete eýe boldy. Muny iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň amala aşyrýan saparlary hem aýdyňlygy bilen görkezýär. Geçen ýylyň 14-15-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu döwlete amala aşyran ilkinji resmi sapary öňden gelýän gatnaşyklarymyzy berkiden hem-de sebit ähmiýetli başlangyçlaryň öňe sürlen, iri taslamalaryň amala aşyrylmagyna dahylly döwletleriň sebitara işjeňliginiň goldaw tapan sapary boldy. Türkmen wekiliýetiniň dostlukly ýurda şu gezekki saparynyň maksady bolsa döwlet Baştutanymyzyň resmi saparynyň barşynda gazanylan ähli ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň kanunçylyk esasynda berkidilmeginden ybaratdyr.

Maýsa TAÝJYKOWA,
«Zenan kalby» žurnalynyň baş redaktory.