"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Uçurymlara ak ýol!

25-nji maýda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzyň ähli künjeginde umumybilim berýän orta mekdeplerde «Soňky jaň» dabarasy hem-de Aşgabat şäheriniň güni giňden bellenildi. Şeýle toý-dabaralar ýurdumyzda ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyklykda gurlan ajaýyp Arkadag şäherinde hem giň gerim aldy. Ähli toý-baýramlaryny ilkinji gezek belleýän «akylly» şäherde «Soňky jaň» dabarasy Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki ussat mugallym, edermen esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline ter gül çemenlerini goýmak bilen başlady. Uçurymlar Gahryman Arkadagymyzyň atasy Berdimuhamet Annaýewiň heýkeline gül desselerini goýup, baş egip, tagzym etdiler.

Jemleýji synaglar garaşýar

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary üçin aýgytlaýjy döwür gelip ýetdi. Ýene iki günden — 1-nji iýunda olar jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmaklyga girişerler. Bu synaglar uçurymlaryň bilim derejesini, ukyp-başarnygyny görkezer. Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 396-synda bu jogapkärli döwre taýýarlykly gelindi. Synaglaryň geçiriljek synp we ders otaglary zerur serişdeler bilen doly üpjün edildi. Bilşimiz ýaly, şu ýyl welaýatymyz boýunça ýaşlaryň 20662-si orta mekdebi tamamlaýar. Uçurymlar orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilen ene dili we edebiýat, jemgyýeti öwreniş, algebra we analiziň başlangyçlary derslerinden synaglary tabşyrarlar. Şeýle-de orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlar ynsanperwerlik-durmuş bilimleri, takyk we tebigy ugurly okuw derslerinden hem bir synag tabşyrmaly bolarlar. Jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlar orta bilim hakynda şahadatnamalaryň eýeleri bolup, özbaşdak durmuşa ýollanma alarlar.

Bilim — bagtyýarlygyň gözbaşy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyna aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr» diýip belleýşi ýaly, täze taryhy eýýam bilim ulgamynyň mümkinçilikleriniň has-da kämilleşdirilýän ajap eýýamydyr. Şu ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, babatda mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny we ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljak taryhy Karar okatmagyň usulyýetini dünýä derejesine ýetirmek babatynda birnäçe mümkinçilikleri döreder. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Innowasion tehnologiýalary ulgama ornaşdyrmak we olardan netijeli peýdalanmak mugallymlaryň hün

Siziň deň-duşuňyz

Kämil bilim — geljegiň aýdyň ýoly Ýaşlygyna garamazdan, bilim almaga, dil öwrenmäge bolan yhlasy, ýiti zehini bilen deň-duşlaryndan saýlanmagy başaran, halkara derejede geçirilen olimpiada gatnaşyp, altyn medala mynasyp bolan okuwçylaryň biri hem Daşoguz şäherindäki iňlis dili, biologiýa, himiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 26-njy orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy Bägül Magsadowadyr.

Hasyl bolýan arzuwlar

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Ýaş Watan goragçylaryny ýetişdirmekde biz ýaş harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygy bilen bir hatarda, olaryň hünär eýeleri bolmaklary ugrunda hem degişli işleri alyp barmalydyrys» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin Watanymyza wepaly, harby gullugy söýýän, ahlak sypatlaryny özünde jemleýän ýokary bilimli hünärmen serkerdeleri taýýarlamak boýunça TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda uly işler amala aşyrylýar. 2023 – 2024-nji okuw ýylynda ýokary harby bilim ojagyny tamamlaýan ýaşlar ilkinji serkerdelik harby atlaryna mynasyp bolup, ata Watanymyzyň goranmak kuwwatyny belende götererler. Häzir Harby institutda jemleýji döwlet synaglary dowam edýär. Bäş ýylyň dowamynda gündelik harby türgenleşikler bilen birlikde, harby bilimden ýükleri ýetik harby talyplar jemleýji döwlet synaglaryna diýseň taýýarlykly geldiler. Bu bolsa olary şu güne çenli taýýarlan professor-mugallymlary bilen birlikde serkerdeler düzümini hem buýsandyrýar. Şonuň üçin ýakyn günlerde Harby institutymyzyň uçurymy bolýan harby talyplarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Ynam bilen täze menzillere!

25-nji maýda şan-şöhraty dünýä dolan, gözel görkli Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşyp gelen «Soňky jaň» dabaralary, ýurdumyzyň ak mekdeplerinde ýaňlanan jaňyň owazy ýene bir okuw ýylynyň tamamlanandygyny buşlady. Belent maksatlary ýüregine düwen ýaşlaryň müňlerçesi mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine sary gadam goýdy. Her bir adamyň durmuşynda mekdep bilen hoşlaşyk pursady, tolgundyryjy duýgular bilen gurşalýar. Şol bir wagtyň özünde bu dabara durmuşa özbaşdak gadam basmagyň begenjine, umytlara hem-de täze sepgitlere ymtylyşlara beslenýär. Watan goragy ýaly asylly maksady kalbynda beslän watançy ýigitler — harby okuwçylarymyz üçin bu günüň ýakymy, ýalkymy has üýtgeşik. Mukaddes harby borjy — mähriban Watanymyzy, eziz halkymyzyň bagtly durmuşynyň goragynda sak durmak ýaly jogapkärli ýoly saýlap alan bagtyýar uçurymlar üçin bu pursat, olaryň ömür menzilinde ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri bolup galar.

Ylym-bilim – bagtyýarlyga şamçyrag

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda ýaşlaryň dünýä derejesinde bilim-terbiye almagy, ylmy-döredijilik işleri bilen meşgullanmagy, beden taýdan sagdyn ösmegi, giň gözýetimli, ökde hünärmenler bolup ýetişmegi üçin ähli zerur şertler döredilendir. Çünki mähriban Watanymyzyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi bilimli, ylymly, ukyply we zehinli ýaş nesillere bagly bolup durýar. Garaşsyz Watanymyzyň beýik geljegi, berkararlygynyň has-da pugtalanmagy kuwwatly ýaşlaryň biliminde we durmuşda gazanýan üstünliklerinde jemlenendir. Munuň üçin bolsa ähli bilim edaralarynda iş we durmuş tejribesinde taplanan halypalaryň, ýokary hünär taýýarlykly mugallymlaryň wajyplygy ýüze çykýar. Mugallymçylyk käriniň at-abraýyny we mertebesini hemişe belende götermek, şol bir wagtda-da, mugallymlaryň öz hünär ussatlygyny we bilim derejesini ýokarlandyrmak esasy wezipeleriň we borçlaryň biridir. Ösen intellektual jemgyýeti kemala getirmekde, talyp ýaşlary saýlap alan hünärine ugrukdyrmakda, olaryň öz işine ökde, sowatly, ylmy-tehniki ösüşleri aňly-düşünjeli kabul etmäge ukyply şahsyýetler bolup ýetişmeginde esasy orun bilim edaralaryna degişlidir. Diýarymyzda ýokary okuw mekdepleriniň işiniň düýpgöter üýtgedilip guralmagy ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we ruhy intellektual ösüşini ýokarlandyrm

Döwrümiziň oňyn özgertmeleri

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Ähli pudaklar bilen bir hatarda, ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamynda hem uly üstünlikler gazanylyp, döwrebap özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu günki günde ylmyň täze gazananlary milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň ösmegini üpjün edip, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga giň mümkinçilikleri açýar. Ylym-bilim ulgamynda ýetilýän täze sepgitler bolsa, halkymyzyň medeni derejesini we maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň ylymly-bilimli, Watana, halka wepaly, giň gözýetimli, maksada okgunly, zähmetsöýer we öňdebaryjy nesiller bolup ýetişmeklerini gazanmak, halypa-şägirtlik ýörelgelerini rowaçlandyrmak, innowasion tehnologiýalardan oňat baş çykarýan, başarjaň hünärmenleri taýýarlamakda ýokary netijeleri gazanmak bu günki günde ylym-bilim ulgamynyň wekilleriniň öňünde durýan esasy wezipeleriň biridir. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzda bilim ulgamyny kämil derejede ösdürmek, ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamak ugrunda kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň, daşary ýurt dillerini, tebigy we takyk ylma degişli dersleri okatmagy kämilleşdirmegiň konsepsiýalaryna laýyklykda bilim ulgamy ösüşleriň täze belentliklerini nazarlaýar. Özleri üçin döredilýän mümkinçilikle

“Soňky jaňyň” dabarasy

Şatlyk-şowhuna beslendi Hemmämize mälim bolşy ýaly, Türkmenistan döwletimiziň her bir güni toý-baýramlara beslenýär. 25-nji maýda ýurdumyzda ähli orta mekdeplerde “Soňky jaň” dabarasy, şol sanda Aşgabat şäheriniň güni uly şatlyk-şowhun bilen bellenilip geçildi. Şeýle ajaýyp dabaralara biziň welaýatymyzda-da giň orun berildi. Welaýatymyzyň her bir künjegi toý lybasyna girip, aýdym-sazlar baýramçylyk şowhunyny artdyrdy.

Çagalar bagyndaky dabara

Babadaýhan etrabyndaky 2-nji çagalar bagynda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa bilim işgärleri, mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenýän körpeler we olaryň ata-eneleri, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar. Dabarada Arkadagly Gahryman Seradarymyzyň ýaş nesillerimizi döwrebap terbiýelemekde we olara çuňňur bilim bermekde maksatnamalaýyn işleriň durmuşa geçirilmegi bilen baglylykda göwün göteriji sözlere giň orun berildi. Körpeler şanly ýylymyzy wasp edýän goşgulary aýdyp, aýdymlary ýerine ýetirdiler. Olaryň höwesjeň çykyşlaryna ata-eneler çäksiz begendiler. Aýdym-sazly dabaranyň ahyrynda körpelere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.

Ýaşlarda zehin bar

Sarahs etrabyndaky orta mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýyly tamamlanyp, 1 müň 100-e golaýy mekdep uçurymlary boldy. Şu günler bolsa, synpdan synpa geçiş synaglary üstünlikli dowam edýär, şeýle-de gutardyş synaglaryna taýýarlyk görülýär. Bilim ulgamyndaky bu çäreler biziň zähmet çekýän 15-nji orta mekdebimizde guramaçylykly alnyp barylýar. Okuwçy ýaşlarymyz ilkinji synpdan synpa geçiş synaglaryny üstünlikli tabşyrdylar. Beýleki synaglary hem oňat bahalar bilen tabşyrjaklaryna ynamymyz uly. Uçurym ýaşlarymyz bolsa, gutardyş döwlet synaglaryna taýýarlanýarlar. Olar bu synaglary tabşyrmak bilen orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryna eýe bolarlar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki synaglaryň talabalaýyk we guramaçylykly geçmegi ugrunda bilim ojagymyzda ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Mekdep uçurymlarymyza uly durmuşda ak ýol, üstünlik arzuw edýäris.

Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna ykdysadyýet ugry boýunça okuw sapak geçirildi

Ýakynda Türkmenbaşy şäherindäki Deňizçilik orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna “Türkmendeňizderýaýollary” agentliginiň Ykdysadyýet we meýilleşdiriş bölümi tarapyndan okuw sapagy geçirildi. Geçirilen okuw sapagynyň dowamynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda deňiz ulag pudagy giň gerimde ösüp, pudak tarapyndan halk hojalyk ýükleriniň daşalmagyny kämilleşdirmek, ýolagçylary gatnatmak, portlary we port nokatlaryny ösdürmek, deňizde ýüzüşiň howpsuzlygyna döwlet gözegçiligini kämilleşdirmek, Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak, pudagyň kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça alnyp barylýan uly göwrümli işler barada gürrüň berildi.

Döwrebap özgertmeleriň miwesi

Aşgabat şäheriniň umumybilim berýän orta mekdeplerinde 2023-2024-nji okuw ýylynyň üstünlikli tamamlanmagy mynasybetli, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygar bilen geçirilen «Soňky jaň» dabaralary ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp baýramynyň şanyna guralan çäreler bilen utgaşdy. Bu dabaralar okuwy tamamlap, durmuş mekdebine ynamly gadam basýan ýaşlar, ähli bilim işgärleri üçin ýatdan çykmajak şatlykly pursatlara beslendi. Toý-baýramlara beslenýän şanly ýylymyzda Aşgabat şäheri boýunça ýaşlaryň 10 müň 903-si orta mekdepleriň uçurymlary boldy. Olar gutardyş synaglaryny tabşyryp, orta bilim hakyndaky şahadatnamany alarlar. Geljegine ynamly bagtyýar ýaşlarymyz soňra öz saýlan hünärleri boýunça ýurdumyzyň ýokary, orta we başlangyç hünär mekdeplerinde okuwyny dowam etdirerler. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ylym-bilimi ösdürmäge, hünär taýdan kämil, watansöýüji, ilhalar ýaşlary terbiýelemäge uly üns berilýär. Şunda ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiziň täze taryhy döwürde ýurdumyzda ýaş nesillere bilim bermegiň hilini dünýä standartlaryna laýyk getirmek, okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmek, bu ugurda innowasion usullary okuw işine giňden ornaşdyrmak, mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny hem-de ussatlygyny has-da ýokarlandyrmak maksady bilen degişli Karara gol çekip, Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmag

Kämil bilim — ösüşleriň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirip, ylymlaryň esaslaryny özleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösüşi bilimleriň üznüksiz täzelenip durulmagyny, täze hünärleriň açylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda ýurduň ylmy-tehniki we tehnologik ösüşini kesgitleýän hünär bilimi edaralarynyň, ýagny ýokary okuw mekdepleriniň ýokary hilini gazanmak häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, biz — ýaşlaryň kämil bilim almaklarymyz ugrunda ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim giňişliginde abraýly derejelere eýe bolmaklary buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň Aziýa uniwersitetleriniň — Times Higher Education (THE) Asia University Ranking 2024 reýtingina «habarçy» derejesi bilen girmegi guwandyryjy habar boldy. Aziýa uniwersitetleriniň abraýly reýtinginiň sanawyna giren ýokary okuw mekdepleriň biri-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetidir.

Mekdeplerde synaglar başlandy

2023-2024-nji okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen Ak bugdaý etrabyndaky umumybilim berýän mekdeplerde synpdan synpa geçiş synaglary başlanyp, olar guramaçylykly dowam edýär. Okuwçy ýaşlaryň bilim derejesini we sapaklaryny özleşdirişini açyp görkezmekde ähmiýetli bolan synpdan synpa geçiş synaglarynyň degişli talaplara laýyklykda geçmegi üçin etrap bilim bölümi tarapyndan degişli tagallalar edilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mekdebi tamamlan uçurym ýaşlaryň gutardyş döwlet synaglaryna hem aýratyn ähmiýet berilýär. 1-nji iýunda başlanjak bu synaglarda etrap boýunça hereket edýän umumybilim berýän orta mekdepleriň 46-synda bilim alan mekdep uçurymlarynyň 2 müň 71-si zehin-başarnyklaryny görkezer. Öňdäki synaglaryň tamamlanmagy bilen etrabymyzyň bilim ojaklarynda ýeňil abatlaýyş işleri ýerine ýetirilip, mekdeplerde täze, 2024-2025-nji okuw ýylyna taýýarlyk işlerine girişiler.

Belent üstünlikleriň şuglasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyz beýik ösüşlere beslenýär. Şeýle ösüşli zamanamyzda ylym-bilime aýratyn üns berilýär, bilim özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirilýär. Çünki beýik ösüşlerimiz, röwşen geljegimiz ýaşlar bilen berk baglydyr. Şoňa görä-de, halkymyzyň baý durmuş tejribesine daýanyp, ýaşlarymyzyň ruhy-ahlak, medeni aň-bilim, beden taýdan ösüşine, döwrebap bilim-terbiýesine hem-de jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagy üçin ähli şertleri döretmäge, sagdyn durmuş kadalaryny kemala getirmäge uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilim özgertmeleri mähriban halkymyza we Garaşsyz döwletimize bolan egsilmez söýgä ýugrulandyr. Bu taglymat aýratyn hem ýaşlary iň asylly häsiýetli — arassa ahlakly, ruhubelent, ylym-bilim öwrenmäge we bilesigeliji bolmaga çagyrýar. Ylym-bilim adamzadyň ähli ösüşleriniň hem-de özgertmeleriniň esasyny düzýän, islendik ýurduň geljegini, halkyň ykbalyny kesgitleýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem Garaşsyz döwletimizi mundan beýläk-de ösdürmek, bagtyýar durmuşymyz hem-de beýik geljegimiz üçin ylymly-bilimli, ýokary hünärli nesilleri terbiýelemek, ýaşlarymyzy mynasyp adamlar edip ýetişdirmek ugrunda yzygiderli alada edilýär.

Sanly ulgam ösdürilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamyň ösüşine uly üns berilýär. Çünki sanly ulgam diňe bir döwrebaplygy aňlatman, eýsem, tizligi we işleriň sazlaşykly amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda dünýäde sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha giňeýär, täze-täze şertler emele gelýär. Dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek üçin ösen sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ylmy esasda öwrenmek üstünligiň binýadydyr. Sanly ulgam ylmy esasda öwrenilende, birnäçe ugurlar her birimiziň ünsümizi çekýär. Sanly ulgamda dürli portallar bilen işlenilýär, programma üpjünçiligi amala aşyrylýar, kiberhowpsuzlyk ýola goýulýar. Umuman, häzirki wagtda sanly ulgamy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Sanly ulgamyň ünsüňi çekýän esasy ugurlarynyň biri hem sanly howpsuzlygy üpjün etmek, ýagny kiberhowpsuzlykdyr. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny milli kiber giňişligini dolandyrmakda, ony wehimlerden hem-de monitoringden goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda döredilýän mümkinçilikler bilen bir hatarda, ýaşlara hem sanly ulgam hakynda bilimler öwredilýär. Häzirki wagtda ýaşlar kompýuter tehnologiýasyna oňat düşünýärler we dürli amallary ýerine ýetirýärler. Bu babatda ýokary okuw mekdeplerinde giňişleýin bilim berilýär we ol netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Hoşallyk maslahaty geçirildi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara döwrebap bilim, terbiýe bermegi ähli zatdan belentde goýýan hormatly Prezidentimiz häzirki zaman ylmynyň ýeten derejelerini ýurdumyzyň bilim ulgamyna düýpli ornaşdyrmagy möhüm wezipe hasaplaýar. Bilim ulgamyny ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga giň mümkinçilikler döredýär. Golaýda hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi. Bu taryhy waka mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrliginde hoşallyk maslahaty geçirildi. Oňa ministrligiň ýolbaşçy düzümi, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň wekilleri, şeýle-de umumybilim edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.

Ylym-bilim — rowaçlygyň binýady

Jemgyýetiň we döwletiň binýadynyň berk bolmagy hem-de gülläp ösmegi, halkyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň ýokarlanmagy ýurtda alnyp barylýan ylym-bilim syýasaty bilen berk baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem Diýarymyzda ýaş nesliň beden we ruhy taýdan sagdyn, kämil bilimli, watansöýüji adamlar bolup ýetişmegi ugrunda netijeli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem döwrüň talabyndan ugur alnyp, ýurdumyzyň bilim edaralary tarapyndan köpugurly işler ýola goýulýar. Türkmen ýaşlaryny belent watansöýüjilik, milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda terbiýelemekde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp eserleriniň aýratyn ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiziň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitaby ýaş türkmenistanlylary täze üstünliklere ruhlandyrýan, beýik işlere çagyrýan gymmatly gollanmadyr. Arkadagly Gahryman

Kämilligiň aýdyň ýoly

Ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde ýokary we beýleki synplaryň synaglary boýunça taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrlarda alnyp barylýar. Bu möhüm işler uly many-mazmuna eýe bolup, ýaşlaryň bilimine oňat täsir edýär, çünki synaglaryň netijesinde ýaşlaryň ukyp-başarnyklary ösdürilýär. Usuly merkez hökmünde tanalýan, hormatly mugallym, ilhalar ynsanyň adyny göterýän Berdimuhamet Annaýew adyndaky maglumat tehnologiýalary, programmirlemek we kiberhowpsuzlyk ugruna ýöriteleşdirilen 27-nji orta mekdebiň uçurymlary hem gutardyş synaglaryna guramaçylykly taýýarlyk gördüler. Şu ýylda mekdebi 48 uçurym tamamlaýar. Gutardyş synaglary ýaşlaryň alan bilimlerini kämilleşdirmegine ýardam berýär.