Ynam bilen täze menzillere!

29 Maý 2024
167

25-nji maýda şan-şöhraty dünýä dolan, gözel görkli Aşgabat şäheriniň güni bilen utgaşyp gelen «Soňky jaň» dabaralary, ýurdumyzyň ak mekdeplerinde ýaňlanan jaňyň owazy ýene bir okuw ýylynyň tamamlanandygyny buşlady. Belent maksatlary ýüregine düwen ýaşlaryň müňlerçesi mekdep durmuşyndan durmuş mekdebine sary gadam goýdy.

Her bir adamyň durmuşynda mekdep bilen hoşlaşyk pursady, tolgundyryjy duýgular bilen gurşalýar. Şol bir wagtyň özünde bu dabara durmuşa özbaşdak gadam basmagyň begenjine, umytlara hem-de täze sepgitlere ymtylyşlara beslenýär. Watan goragy ýaly asylly maksady kalbynda beslän watançy ýigitler — harby okuwçylarymyz üçin bu günüň ýakymy, ýalkymy has üýtgeşik. Mukaddes harby borjy — mähriban Watanymyzy, eziz halkymyzyň bagtly durmuşynyň goragynda sak durmak ýaly jogapkärli ýoly saýlap alan bagtyýar uçurymlar üçin bu pursat, olaryň ömür menzilinde ýatdan çykmajak taryhy wakalaryň biri bolup galar.

Nabat NURGELDIÝEWA,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň psihology, maýor.