Hasyl bolýan arzuwlar

29 Maý 2024
228

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň: «Ýaş Watan goragçylaryny ýetişdirmekde biz ýaş harby gullukçylaryň söweşjeň taýýarlygy bilen bir hatarda, olaryň hünär eýeleri bolmaklary ugrunda hem degişli işleri alyp barmalydyrys» diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri üçin Watanymyza wepaly, harby gullugy söýýän, ahlak sypatlaryny özünde jemleýän ýokary bilimli hünärmen serkerdeleri taýýarlamak boýunça TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynda uly işler amala aşyrylýar. 2023 – 2024-nji okuw ýylynda ýokary harby bilim ojagyny tamamlaýan ýaşlar ilkinji serkerdelik harby atlaryna mynasyp bolup, ata Watanymyzyň goranmak kuwwatyny belende götererler.

Häzir Harby institutda jemleýji döwlet synaglary dowam edýär. Bäş ýylyň dowamynda gündelik harby türgenleşikler bilen birlikde, harby bilimden ýükleri ýetik harby talyplar jemleýji döwlet synaglaryna diýseň taýýarlykly geldiler. Bu bolsa olary şu güne çenli taýýarlan professor-mugallymlary bilen birlikde serkerdeler düzümini hem buýsandyrýar. Şonuň üçin ýakyn günlerde Harby institutymyzyň uçurymy bolýan harby talyplarymyzyň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Kerim MYRADOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň terbiýeçilik işleri boýunça bölüminiň harby gullukçysy, kapitan.