Bilim — bagtyýarlygyň gözbaşy

29 Maý 2024
265

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň işiniň döwrüň talaplaryna laýyk guralmagyna aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň: «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ykdysadyýetimiziň ileri tutulýan ugurlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň bilim ulgamyny hem yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, ony milli we öňdebaryjy tejribeler, umumy ykrar edilen halkara kadalar esasynda kämilleşdirmegiň aýgytlaýjy eýýamydyr» diýip belleýşi ýaly, täze taryhy eýýam bilim ulgamynyň mümkinçilikleriniň has-da kämilleşdirilýän ajap eýýamydyr. Şu ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakyndaky Karara gol çekdi.

Ýurdumyzda bilim ulgamyny ösdürmek, babatda mugallymlaryň döredijilik başarnyklaryny we ussatlyklaryny ýokarlandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boljak taryhy Karar okatmagyň usulyýetini dünýä derejesine ýetirmek babatynda birnäçe mümkinçilikleri döreder. Bilşimiz ýaly, häzirki wagtda ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Innowasion tehnologiýalary ulgama ornaşdyrmak we olardan netijeli peýdalanmak mugallymlaryň hünär ussatlygynyň artdyrylmagyny talap edýär. Ýurdumyzda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli konsepsiýasy bilim ulgamyny ösdürmekde täze tapgyra öwrüler. Munuň üçin bilim işgärleriniň, bütin halkymyzyň hormatly Prezidentimize alkyşlary çäksizdir.

Rustam ÇOWDUROW,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy.