Sanly ulgam ösdürilýär

28 Maý 2024
429

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe sanly ulgamyň ösüşine uly üns berilýär. Çünki sanly ulgam diňe bir döwrebaplygy aňlatman, eýsem, tizligi we işleriň sazlaşykly amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Şonuň üçin hem häzirki wagtda dünýäde sanly ulgamyň mümkinçilikleri barha giňeýär, täze-täze şertler emele gelýär. Dünýäniň ösüşi bilen aýakdaş gitmek üçin ösen sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ylmy esasda öwrenmek üstünligiň binýadydyr. Sanly ulgam ylmy esasda öwrenilende, birnäçe ugurlar her birimiziň ünsümizi çekýär. Sanly ulgamda dürli portallar bilen işlenilýär, programma üpjünçiligi amala aşyrylýar, kiberhowpsuzlyk ýola goýulýar. Umuman, häzirki wagtda sanly ulgamy ylmy esasda öwrenmäge we wagyz etmäge giň mümkinçilikler döredilýär.

Sanly ulgamyň ünsüňi çekýän esasy ugurlarynyň biri hem sanly howpsuzlygy üpjün etmek, ýagny kiberhowpsuzlykdyr. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanuny milli kiber giňişligini dolandyrmakda, ony wehimlerden hem-de monitoringden goramakda möhüm ähmiýete eýedir. Bu ugurda döredilýän mümkinçilikler bilen bir hatarda, ýaşlara hem sanly ulgam hakynda bilimler öwredilýär. Häzirki wagtda ýaşlar kompýuter tehnologiýasyna oňat düşünýärler we dürli amallary ýerine ýetirýärler. Bu babatda ýokary okuw mekdeplerinde giňişleýin bilim berilýär we ol netijeliligi bilen tapawutlanýar.

Amangeldi GURBANOW,
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň institutynyň kiberhowpsuzlyk we sanly tehnologiýalar kafedrasynyň müdiri, polisiýanyň maýory.