Kämil bilim — ösüşleriň binýady

28 Maý 2024
213

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlaryň bilimlerini kämilleşdirip, ylymlaryň esaslaryny özleşdirmekleri üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Häzirki zaman dünýä ykdysadyýetiniň depginli ösüşi bilimleriň üznüksiz täzelenip durulmagyny, täze hünärleriň açylmagyny şertlendirýär. Şunuň bilen baglylykda ýurduň ylmy-tehniki we tehnologik ösüşini kesgitleýän hünär bilimi edaralarynyň, ýagny ýokary okuw mekdepleriniň ýokary hilini gazanmak häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň biri hasaplanýar.

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen, biz — ýaşlaryň kämil bilim almaklarymyz ugrunda ähli şertler döredilýär. Ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň halkara bilim giňişliginde abraýly derejelere eýe bolmaklary buýsandyryjy ýagdaýdyr. Ýakynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň 11-siniň Aziýa uniwersitetleriniň — Times Higher Education (THE) Asia University Ranking 2024 reýtingina «habarçy» derejesi bilen girmegi guwandyryjy habar boldy. Aziýa uniwersitetleriniň abraýly reýtinginiň sanawyna giren ýokary okuw mekdepleriň biri-de Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetidir.

Ramis KURBANOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby.