Ýaşlarda zehin bar

29 Maý 2024
234

Sarahs etrabyndaky orta mekdeplerde 2023-2024-nji okuw ýyly tamamlanyp, 1 müň 100-e golaýy mekdep uçurymlary boldy. Şu günler bolsa, synpdan synpa geçiş synaglary üstünlikli dowam edýär, şeýle-de gutardyş synaglaryna taýýarlyk görülýär. Bilim ulgamyndaky bu çäreler biziň zähmet çekýän 15-nji orta mekdebimizde guramaçylykly alnyp barylýar.

Okuwçy ýaşlarymyz ilkinji synpdan synpa geçiş synaglaryny üstünlikli tabşyrdylar. Beýleki synaglary hem oňat bahalar bilen tabşyrjaklaryna ynamymyz uly. Uçurym ýaşlarymyz bolsa, gutardyş döwlet synaglaryna taýýarlanýarlar. Olar bu synaglary tabşyrmak bilen orta bilim hakyndaky şahadatnamalaryna eýe bolarlar. Şonuň bilen baglylykda, häzirki synaglaryň talabalaýyk we guramaçylykly geçmegi ugrunda bilim ojagymyzda ähli şertlerdir mümkinçilikler göz öňüne tutulandyr. Mekdep uçurymlarymyza uly durmuşda ak ýol, üstünlik arzuw edýäris.

Gülşirin ÖWEZGELDIÝEWA,
Sarahs etrabyndaky 15-nji orta mekdebiň mugallymy.