Jemleýji synaglar garaşýar

29 Maý 2024
255

Ýurdumyzyň orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary üçin aýgytlaýjy döwür gelip ýetdi. Ýene iki günden — 1-nji iýunda olar jemleýji döwlet synaglaryny tabşyrmaklyga girişerler. Bu synaglar uçurymlaryň bilim derejesini, ukyp-başarnygyny görkezer.

Welaýatymyzyň etrapdyr şäherlerinde hereket edýän orta mekdepleriň we mekdep-internatlaryň 396-synda bu jogapkärli döwre taýýarlykly gelindi. Synaglaryň geçiriljek synp we ders otaglary zerur serişdeler bilen doly üpjün edildi. Bilşimiz ýaly, şu ýyl welaýatymyz boýunça ýaşlaryň 20662-si orta mekdebi tamamlaýar. Uçurymlar orta mekdepleriň okuw maksatnamasyna girizilen ene dili we edebiýat, jemgyýeti öwreniş, algebra we analiziň başlangyçlary derslerinden synaglary tabşyrarlar. Şeýle-de orta mekdepleri tamamlaýan ýaşlar ynsanperwerlik-durmuş bilimleri, takyk we tebigy ugurly okuw derslerinden hem bir synag tabşyrmaly bolarlar. Jemleýji döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlar orta bilim hakynda şahadatnamalaryň eýeleri bolup, özbaşdak durmuşa ýollanma alarlar.

Myrat TAGAN ogly,
ýörite habarçymyz.