"Rysgal" gazeti

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi
Salgysy: Aşgabat şäheri, A.Nyýazow şaýoly, 174
Telefon belgileri:21-23-57

Habarlar

Hasyl toýuna

Bereket-bolçulygyň baýramy Güýz pasly berekede baý pasyl. «Jüýjäni güýz sanaşarys» diýilýän döwürde edermen daýhanlarymyz bütin ýylyň dowamynda ene ýere hyzmat edip, ýetişdiren hasylyny ýygnaýar. Altyn güýzüň ajaýyp günlerinde janypkeş daýhanlaryň çekýän halal zähmetiniň şanyna Hasyl toýy uly dabara bilen bellenilýär. Ýurdumyzda galla, pagta we beýleki oba hojalyk önümlerini ýetişdirýän, topraga alyn derini siňdirýän daýhanlarymyza belent sarpa goýulýar. Hasyl toýy daýhanlaryň çekýän zähmetine goýulýan sarpanyň aýdyň nyşanydyr. Her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde Hasyl toýunyň bellenilmegi daýhanlaryň çeken zähmetiniň miwesini görmäge mümkinçilik döredýär.

Ýaşaýşyň «Ýaşyl» bezegi

4-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ir bilen Köpetdagyň eteginde täze gurlan 600 baş ahalteke atyny saklamaga niýetlenen döwrebap athana baryp, ol ýerde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Soňra döwlet Baştutanymyz Arkadag şäherinde geçirilýän ählihalk bag ekmek dabarasyna gatnaşdy we agaç nahallaryny oturtmagyň güýzki möwsümine badalga berdi. Döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda köpçülikleýin bag ekmegiň ýazky hem güýzki möwsümlerini geçirmek indi ýurdumyzda köp ýyllardan bäri asylly däbe öwrüldi. Her ýyl iki tapgyrda tutuş ýurdumyz boýunça ählihalk ýowary guralyp, saýaly, miwеli hеm-de pürli agaçlaryň milliоnlarça düýbi оturdylýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde — Köpetdagyň eteklerinde, her bir şäheriň, obanyň töwereginde, derýalaryň kenarlarynda, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda, Garagumuň jümmüşinde kemala gelýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň töwereginde tokaý we seýilgäh zolaklarynyň döredilmegi halkymyzyň yhlasly zähmetiniň netijesidir. Mahlasy, ýurdumyzda bagy-bossanlygy döretmekde toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Çünki bag — dünýäniň bezegi, ýaşaýşyň ýakymy, durmuşymyzyň manysy.

Bägüle meňzeş ösümlik

Dodrentalis greenovia ýogyn baldaklylar maşgalasyna degişli bolan otjumak sukkulent ösümlik hasaplanýar. Bu ösümlik ilkinji gezek XVIII asyrda Ýewropa ýurtlarynda iňlis botanigi Filipp Barner we fransuz alymy Sabin Bertelo tarapyndan öwrenildi. Dodrentalis greenovia Kanar adalarynyň gurak, çägeli we daşly sebitlerinde giňden ýaýrandyr. Dodrentalis greenovianyň boýunyň uzynlygy 15 – 20 santimetre deň bolýar. Ösümligiň ýogyn, gysga, şahalanmaýan baldaklary bar. Onuň ýapraklary dürli ululykda bolýar. Dodrentalis greenovianyň ýogyn, şireli, ýylmanak, açyk ýaşyl reňkli ýapraklary dykyz ýerleşýär. Dykyz ýerleşen ýapraklary ýaşyl bägüli ýatladýar.

Pepino

Ýer ýüzünde duş gelýän täsin ösümlikleriň arasynda pepinony (latynça Solanum muricatum) agzaman geçmek mümkin däl. Pepino beýleki käbir ylmy çeşmelerde «gawun armydy» ýa-da «süýji hyýar» atlary bilen hem tanalýar. Bu täsin ösümligiň owadan, üýtgeşik miweleri bolýar. Itüzümler maşgalasyna degişli bolan bu köpýyllyk ösümlik mydama ýaşyl öwüsýän gyrymsy agaçdyr. Onuň şahalanýan baldagynyň boýy 1,5 metre çenli ýetýär. Pepinonyň miweleriniň ysy gawunyň, hyýaryň we az-kem kädiniň ysyna meňzeýär. Miweleri köplenç açyk ýaşyl we limon sary reňkli bolup, daşky gabygynda melewşe reňkli çyzyjaklar geçendir. Pepinonyň miwesiniň düzüminde 90 – 92 göterim suwuň, şekeriň hem-de C witamininiň ýokary mukdarynyň saklanýandygy sebäpli, tagamy turşumtyk süýjüdir. Miweleriniň ölçegi 180 – 400 gram aralygynda bolup, daşky görnüşi gawuna hem armyda meňzeýär. Edil gawunda bolşy ýaly, tohumlary miwesiniň merkezinde ýerleşýär.

Gözel Sumbaryň nary

Sumbar jülgesiniň bagbanlary noýabr aýynyň gelmegi bilen, bereketli güýzüň ýene bir nygmatyny — nar hasylyny ýygnamaga girişdiler. Şu ýyl şahalarynda sallanyşyp duran narlary göreniňde, «Hydyr görüpdir» diýen jümle ýadyňa düşýär. Her biri ýumruk ýaly narlar gözüňi dokundyrýar. Süýji nar, turşy nar, turşumtyk nar, ýumşak gabykly, gaty gabykly, dänesi suwly nar, guraksyrak nar... Sanasaň, sanabermeli. Olar reňki boýunça-da biri-birinden tapawutlanýar: ak nar, ol, adatça, süýji bolýar. Ýöne naryň reňki gyzyl, has dogrusy, goýy gyzyl bolýar. Bu gözümiziň öwrenişen nar reňki, «nar» diýilse, hemmeler ony şu reňki bilen göz öňüne getirýärler. Nar agajy, daşyndan seredeniňde, owadanlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Ol giden baga görk berýär. Şahyr bolsaň, şanyna goşgy düzübermeli narlar bizde bar. Aslynda, nar hakda, nar agajy hakynda aýdym-sazlar az däldir. Şunda, ilki bilen, Döwletgeldi Ökdirowyň «Gözel Sumbaryň nary» diýen aýdymy seriňe gelýär. Bu aýdymy heran-haçan eşitseň, kalbyňy süýji duýgular gaplap alýar. «Ýelpeselendi» halk aýdymyny diňläniňde bolsa, türkmen topragynyň müňlerçe ýyl bäri berekedini egismän gelýändigi barada oýlanýarsyň. Magtymguly Pyragynyň hem waspyny ýetiren miweleri barada halkymyzda: «Işe-de gutarma ýok, iýmişe-de» diýen nakyl bar. Tüweleme, sahy topragymyzyň berekedi boldan berlipdir. Ýylyň bütin dowamynda, aýdylyşy ýaly, çagalary güýmäre ir-

Ýokary zähmet joşgunyna beslendi

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ählihalk bag ekmek dabarasy baýramçylyk ruhuna beslendi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Rowaç» kottejler toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan meýdanda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşululardyr mährem eneler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, talyp ýaşlardyr ýaş çatynjalar we köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.  Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş çatynjalara  hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da  belende göterdi.  Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  döwrebap aýdym-sazlary hem-de tans toparlarynyň joşgunly  çykyşlary  bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Şowhunly ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň rowaç ösüşleriniň, erkana durmuşymyzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi. Dabaranyň geçýän ýerlerinde  ýaşajyk  bag nahallarynyň we gülleriň dürli görnüşlerinden, muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige, amal-haşam sungatynyň el işlerine degişli önümlerden guralan sergiler hem aýratyn many-mazmuna eý

Ýaşasyn «Ýaşyl» dünýä!

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 4-nji noýabrda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy. Sahawatly güýzüň tylla öwüşginli gününi nurlandyran bu döwletli işe watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça dürli agaçlaryň 3 million düýbüni, şol sanda güýzki möwsümde şolaryň 1,5 million düýbüni oturtmak göz öňünde tutuldy.

Howa maglumaty

Gidrometeorologiýa baradaky gullugyň ýurdumyzda şu hepdäniň dowamynda boljak howanyň ýagdaýy barada berýän maglumaty Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän, tizligi sekuntda 9 — 14 metrden 12 — 17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +8... +13 gardusdan +12... +17 gardus aralygynda maýyl, gündizlerine +22... +27 gradus, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +17... +22 gradus maýyl bolar.

Baglar — zeminiň görki

Häzirki ajaýyp döwrümizde asylly ýörelgeler mynasyp dowam edýär, uly işler üstünlikli amala aşyrylýar. Şeýle asylly ýörelgeleriň biri hem bag nahallaryny oturtmakdyr, tebigatyň gözelligine goşant goşmakdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan giň möçberli işleriň özara sazlaşygy ösüşleriň netijeliligini görkezýär. Şeýle beýik işleriň hatarynda ýurdumyzyň tebigatyny goramak, has-da gözelleşdirmek ýaly ugurlary görkezmek bolar. Ynha, şonuň üçin hem her ýylda bag ekmek dabaralary rowaçlandyrylýar, halkymyz bu asylly işe işjeň gatnaşýar. Bag ekmek dabarasy 4-nji noýabrda hem geçirildi we oňa ildeşlerimiz uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar. Ildeşlerimiziň köňül buýsanjy bolan Arkadag şäheri gözelligi, ajaýyp binalary, arassa tebigaty bilen buýsandyrýar. Şeýle ajaýyp şäherde tebigatyň gözelligine goşant goşmak, bag nahallaryny oturtmak buýsanjymyzy goşalandyrýar. Çünki ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygy, halkyň abadan durmuşda ýaşamagy möhüm şertleriň biridir. Şoňa görä-de, daşky gurşawy goramaga, tebigatyň täsin baýlyklaryndan rejeli peýdalanmaga we olary aýawly saklamaga, biodürlüligi köpeltmäge hem-de olary geljekki nesillere ýetirmäge gönükdirilen işleriň iňňän uly ähmiýetiniň bardygyny bellemek gerek. Çünki tokaý zolaklarynyň döredilmegi tebigatyň gözelligini artdyrmak bilen bir hatarda

Güýzki bag ekmek möwsümine badalga berildi

Şu gün, hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeginde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly badalga berildi. Şu mynasybetli, çäräniň geçirilýän ýerine — Şabat etrabynyň günbatar çägindäki giň meýdana welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara-kärhanalaryň wekilleri, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar ýygnandylar.

Bag ek­mek — geljek hakda alada

Şu gün ýur­du­myz­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­lip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek ba­bat­da bu mö­hüm äh­mi­ýet­li çä­rä­niň güýz­ki möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­ýär. Her ýy­lyň ýaz we güýz möw­süm­le­rin­de ýur­du­myz­da şeý­le giň ge­rim­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­ga my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir. Bi­ziň ýur­du­myz gu­rak­lyk gu­şak­da ýer­le­şen­soň, to­mus­da ys­sy, gyş­da so­wuk, çyg­ly­lyk, köp­lenç, pes de­re­je­de bol­ýar. Şo­nuň üçin to­mus­da ys­sy­dan pe­na­lan­ma­ga, gyş pas­lyn­da so­wuk­dan ykyş­lan­ma­ga meý­dan­da da­ragt­dan mäh­rem zat ýok. Mil­li däp­le­ri­miz­de aga­jy ge­re­gin­den ar­tyk çap­mak, mi­we­li we gök aga­ja pal­ta ur­mak ma­kul­lan­man­dyr. Gu­rak­sy te­bi­gat­da ýa­şan ata-ba­ba­la­ry­myz su­wa, top­ra­ga, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne, esa­san hem, ba­gy-bos­san­ly­ga uly sar­pa go­ýup­dyr. Oba­dyr kent­le­ri­mi­ze bag­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly Tut­ly­ga­la, Tut­ly, Sö­wüt­li, Sö­zen­li ýa­ly at­lar da­ky­lyp­dyr. «Bag — dur­mu­şyň be­ze­gi», «Bag­syz oba to­zan gör­ner», «Bag eken ba­ky ýal­ka­nar» ýa­ly pa­ra­sat­ly söz­le­r

Hemmämiz agzybirlikde bag ekeliň! (Tebigat — umumy öýümiz)

Ýurdumyzda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda şu ýyl saýaly, pürli, miweli baglaryň we üzümiň 3 million düýbüni ekmek meýilleşdirildi. Ýazky köpçülikleýin bag ekişlik döwründe oturdylan ýaşajyk nahallaryň 1,5 milliony eýýäm ene topraga kök urup, joşgunly ýaşaýşa goşuldy. Şu gün hem hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda güýzki ählihalk bag ekmek dabarasyna badalga berilmegi diňe bir ýaýlalaryň däl, eýsem, tutuş ynsan ömürleriniň gül-pürçüge bürenjekdiginiň nyşanydyr. Mele toprak baglary bilen görkli. Bag-bakjaly, dal-daragtly, gül-gunçaly, çeşme-çaýly ýerler bize lezzet eçilip, ýadawlygymyzy aýyrýar, ruhumyzy ganatlandyrýar. Şoňa görä-de, atalarymyz perzentlerini zähmet atly uly şaýola salanlarynda, ilki bilen, olara bag ekmegi ündäpdirler. Bag nahalyny oturtmak, bakjalary gämikletmek sogap saýylypdyr. Ekerançy pederlerimiz miweleriň iň oňat görnüşlerini ýetişdiripdirler. Her biri ýumruk ýaly alýaňak almalar, agzyňda eräp barýan gyzyl şetdalylar jahankeşdeleri haýran galdyrypdyr. Taryha ser salanymyzda, Gaznaly türkmen döwletini dolandyran Mahmyt Gaznaly (962 — 1030) öz döwrüniň iri şäherlerinde baglary köpçülikleýin oturtdyrypdyr, uly seýilgähleri gurdurypdyr. Gaznada ýetişdirilen süýji almalaryň Hindistana äkidilip satylandygy barada gyzykly maglumatlar bar.

Bag — Zeminiň görki

Hormatly Prezidentimiziň aladalary netijesinde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, daşky gurşawy goramak babatda möhüm işler amala aşyrylýar. Ertir, 4-nji noýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz ýurdumyzyň ähli künjeklerinde, şol sanda biziň welaýatymyzda-da Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň güýzki bag ekmek möwsümine dabaraly bilen badalga berilýändigi muny aýdyň görkezýär. Welaýatymyzda ählihalk bag ekmek dabarasyny, şonuň ýaly-da badalga berilýän möwsümi ýokary derejede geçirmäge ykjam taýýarlyk görüldi. Täze bag nahallarynyň müňlerçe düýbüni, olaryň oturdyljak meýdanlaryny taýýarlamak boýunça degişli işler geçirildi.

Bag barsyz bolmaz

Her bir başlangyjyň üstünlige beslenmegi üçin, ilkinji nobatda, edilýän işe yhlas, söýgi gerek. Muny durmuşyň islendik ugruna nazar aýlanymyzda-da görüp bilýäris. Şu zatlar barada oýlananyňda: «Megerem, bagy-bossanlyk ynsanyň öz ýaşaýan topragyna söýgüsiniň, perzentlik yhlasynyň nyşanydyr» diýen pikir seriňe dolýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň «Neçjarçylygyň asly agaçdandyr» atly bölüminde şeýle diýilýär: «Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly gorandygy we ösümlik dünýäsini özüniň medeniýetine, ruhy ýörelgelerine ornaşdyrandygy hakyndaky hakykat ýatandyr». Ata-babalarymyz bag ýetişdirmeklige uly ähmiýet berip, bu babatda: «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bagy — bagban, sürini çopan iýer», «Bagym bar — barym bar» ýaly nakyllary hem döredipdirler. Çynar, Serwi, Şemşat ýaly owadan, syratly agaçlaryň atlaryny bolsa gyz çaga dakmak bilen, perzende iň ýagşy arzuw-niýetlerini bagyşlapdyrlar. Olara rowaýatlardan orun be

Gözelligiň goragynda

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Her ýylyň güýz we ýaz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolan baglara ideg etmek asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji noýabrynda ähli halkymyzyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berler.

Watana bolan söýginiň beýany

Şu ýylyň 4-nji noýabrynda mähriban Diýarymyzda ählihalk bag ekişliginiň güýzki möwsümine badalga berilýär. Biziň welaýatymyzyň ýaşaýjylary hem bu çärä işjeň gatnaşýarlar. Ildeşlerimiziň bag ekmek ýaly watançylyk hereketine her ýyl işjeň goşulmaklary olaryň Watana bolan söýgüleriniň guwandyryjy güwäsine öwrülýär. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen bag ekmek, ýurdumyzy bagy-bossanlyga büremek ajaýyp däplerimiziň birine öwrüldi. Sebäbi biz mähriban Watanymyza bolan söýgimiziň tebigat bilen baglanyşyklydygyna oňat düşünýäris. Bag ekýäniň kalby hem gözel, ruhy hem belent. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen bu ajaýyp däbimiz täze röwüşlerde ösdürilýär. Bag ekmek ýaly sogaply iş diňe bir oba-şäherlerimizde däl, eýsem, ýurdumyzyň tutuş çäginde ýaýbaňlandyrylýar. Gadymy Lebabyň ýaşaýşylary hem bag ekişligiň ýazky we güýzki möwsümlerine işjeň gatnaşýarlar.

Jümle-jahan habarlary

Gara suwly derýa Şweýsariýanyň Tehniki uniwersitetiniň alymlarynyň geçiren barlaglary Rukiniň dünýäniň iň gara suwly derýasydygyny subut etdi. Olar Afrikadaky iň bol suwly Konga derýasynyň çep goşandy bolan Rukiniň suwunyň reňkiniň gara bolmagyny ondaky organiki maddalaryň örän köpdügi bilen düşündirýärler. Alymlaryň tassyklamalaryna görä, derýanyň suwunyň şeýle reňkli bolmagyna onuň kenar ýakalarynda ýerleşýän torfly uly batgalyk öz täsirini ýetirýär. Ýagyş suwlarynyň şol batgalygyň üstünden akyp, derýa goşulmagy sebäpli Rukiniň suwy şeýle görnüşe eýe bolýar. Uzynlygy 1300 kilometre ýetýän derýanyň suwy 173,8 müň inedördül kilometr giňişligi eýeleýär.

Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda

Suw üpjünçiliginiň hukuk we guramaçylyk esaslary

Suw ynsanyň durmuş abadançylygyny kesgitleýän tebigy baýlyk hasap edilýär. Ýurdumyzyň 80 göterimine golaý meýdanyny tutýan Garagum sährasynda janly tebigat üçin suwuň gadyr-gymmaty başgadyr. Şoňa görä-de, janly zat hökmünde garaýan türkmen halky suwa uly sarpa goýýar. Ata-babalarymyzyň «Suw damjasy — altyn dänesi» diýmegi hem halkymyzyň suwa bolan hormatynyň çäksizdiginiň aýdyň subutnamasydyr. Daşky gurşawy goramak we ekologiýany abat saklamak ählumumy mesele bolup, şeýle meseleleriň biri hem Aral deňziniň suwunyň çekilmegidir. Merkezi Aziýada ýaşaýan ilatyň sanynyň artmagy, bu sebitde senagatyň ösmegi we oba hojalygynda täze ýerleriň özleşdirilmegi hem suwa bolan talabyň barha ýokarlanmagyna getirdi. Aral deňziniň suwdan boşan böleginde duzlaryň emele gelmegi, ýelleriň, tupanlaryň netijesinde duz bölekleriniň ýokary göterilip, ekerançylyk we öri meýdanlarynyň şorlaşmagyna getirdi. Şonuň üçin Aral deňziniň suwunyň möçberini öňki kaddyna getirmek boýunça birnäçe taslamalar öňe sürüldi we ony halas etmek dogrusynda ýörite maksatnama işlenip taýýarlanyldy. Häzirki wagtda «Türkmenistanyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy» üstünlikli durmuşa ornaşdyrylýar.

Biz seniň dostlaryň, gözel tebigat!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daş-töweregimiziň abadanlygyny, arassalygyny we kadaly ösüşini berkitmek işine ýaş nesilleri işjeň çekmek, olarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu buýsandyryjy işler häzirki wagtda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan işjeň häsiýetde alnyp barylýar. Bu guramalaryň geçirýän köpçülikleýin çärelerine mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we ýaş nesliň beýleki wekilleri gatnaşýarlar. Tebigaty goramak ýörelgesini giňden wagyz edýän «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň alyp barýan işiniň oňyn netijelere eýe bolýandygyny nygtamak bolar. Geçen, 2022-nji ýylda döredilen guramanyň iş tejribesiniň heniz köp däldigine garamazdan, onuň ýaş nesli ekologiýa medeniýetini öwrenmäge çekmekde, daş-töweregi gorap saklamagy öwretmekde durmuşa geçirýän işleri az däl.