Gözelligiň goragynda

2 Noýabr 2023
560

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň  Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyna aýratyn ähmiýet berilýär. Bu babatda durmuşa geçirilýän giň gerimli işler özüniň oňyn netijelerini berýär. Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak, senagatyň daşky gurşawa we adam saglygyna ýaramaz täsirini peseltmegiň, daşky gurşawa zyňyndylaryň möçberini azaltmagyň üstünde işlemek Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Her ýylyň güýz we ýaz aýlarynda ýurdumyz boýunça saýaly, pürli, miweli agaçlary hem-de üzüm nahallaryny ekmek, bar bolan baglara ideg etmek asylly däbe öwrüldi. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň 4-nji noýabrynda ähli halkymyzyň gatnaşmagynda Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde, ählihalk bag ekmek dabarasynyň güýzki möwsümine badalga berler.

Gülzar AŞYROWA,
Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň ylmy işgäri.