Bag ek­mek — geljek hakda alada

4 Noýabr 2023
723

Şu gün ýur­du­myz­da äh­li­halk bag ek­mek da­ba­ra­sy ge­çi­ri­lip, daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak, eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­gy üp­jün et­mek ba­bat­da bu mö­hüm äh­mi­ýet­li çä­rä­niň güýz­ki möw­sü­mi­ne ba­dal­ga be­ril­ýär. Her ýy­lyň ýaz we güýz möw­süm­le­rin­de ýur­du­myz­da şeý­le giň ge­rim­li çä­re­le­riň ge­çi­ril­me­gi in­di asyl­ly dä­be öw­rül­di. Mu­nuň özi Türk­me­nis­ta­nyň äh­lu­mu­my eko­lo­gik aba­dan­çy­ly­ga my­na­syp go­şant goş­ýan­dy­gy­nyň, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň bu ugur­da alyp bar­ýan iş­le­ri­niň uly üs­tün­lik­le­re bes­len­ýän­di­gi­niň aý­dyň gü­wä­si­dir.

Bi­ziň ýur­du­myz gu­rak­lyk gu­şak­da ýer­le­şen­soň, to­mus­da ys­sy, gyş­da so­wuk, çyg­ly­lyk, köp­lenç, pes de­re­je­de bol­ýar. Şo­nuň üçin to­mus­da ys­sy­dan pe­na­lan­ma­ga, gyş pas­lyn­da so­wuk­dan ykyş­lan­ma­ga meý­dan­da da­ragt­dan mäh­rem zat ýok. Mil­li däp­le­ri­miz­de aga­jy ge­re­gin­den ar­tyk çap­mak, mi­we­li we gök aga­ja pal­ta ur­mak ma­kul­lan­man­dyr. Gu­rak­sy te­bi­gat­da ýa­şan ata-ba­ba­la­ry­myz su­wa, top­ra­ga, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si­ne, esa­san hem, ba­gy-bos­san­ly­ga uly sar­pa go­ýup­dyr. Oba­dyr kent­le­ri­mi­ze bag­lar bi­len bag­la­ny­şyk­ly Tut­ly­ga­la, Tut­ly, Sö­wüt­li, Sö­zen­li ýa­ly at­lar da­ky­lyp­dyr. «Bag — dur­mu­şyň be­ze­gi», «Bag­syz oba to­zan gör­ner», «Bag eken ba­ky ýal­ka­nar» ýa­ly pa­ra­sat­ly söz­le­riň dö­re­me­gi, ola­ry hal­kyň ýö­rel­ge edin­me­gi, şeý­le hem ça­ga­la­ra Çy­nar, Dag­dan, Sa­zak, Ser­wi we baş­ga-da bir­nä­çe da­ragt­la­ryň ady­nyň da­kyl­ma­gy hal­ky­myz­da el­my­da­ma bag­la­ryň ke­ra­mat­ly sa­ýy­lan­dy­gy­ny gör­kez­ýär.

Nu­ry ATA­MY­RA­DOW,
Türk­me­nis­ta­nyň Daş­ky gur­şa­wy go­ra­mak mi­nistr­li­gi­niň Çöl­ler, ösüm­lik we haý­wa­nat dün­ýä­si mil­li ins­ti­tu­ty­nyň bö­lüm mü­di­ri.