Ýokary zähmet joşgunyna beslendi

6 Noýabr 2023
743

Ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem ählihalk bag ekmek dabarasy baýramçylyk ruhuna beslendi. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Rowaç» kottejler toplumynyň çäginde ýörite taýýarlanylan meýdanda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasyna welaýat, etrap, şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, ýaşululardyr mährem eneler, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, işgärleri, talyp ýaşlardyr ýaş çatynjalar we köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar.  Baglaryň ilkinji nahallaryny oturtmaklygyň ýaşuly nesliň wekillerine, ýaş çatynjalara  hem-de röwşen geljegimiziň eýeleri bolan körpelere ynanylmagy çuň many-mazmuna eýe bolup, çärä gatnaşyjylaryň ruhubelentliklerini has-da  belende göterdi.  Welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren  döwrebap aýdym-sazlary hem-de tans toparlarynyň joşgunly  çykyşlary  bag nahallaryny oturtmak üçin ýygnanan adamlara ruhy lezzet paýlady. Şowhunly ýaňlanan aýdym-sazlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň rowaç ösüşleriniň, erkana durmuşymyzyň, tebigat gözellikleriniň waspy ýetirildi. Dabaranyň geçýän ýerlerinde  ýaşajyk  bag nahallarynyň we gülleriň dürli görnüşlerinden, muzeý gymmatlyklaryndan, senetçilige, amal-haşam sungatynyň el işlerine degişli önümlerden guralan sergiler hem aýratyn many-mazmuna eýe boldy.  

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».