Biz seniň dostlaryň, gözel tebigat!

31 Oktýabr 2023
504

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daş-töweregimiziň abadanlygyny, arassalygyny we kadaly ösüşini berkitmek işine ýaş nesilleri işjeň çekmek, olarda ekologiýa medeniýetini kemala getirmek köpçülikleýin häsiýete eýe bolýar. Bu buýsandyryjy işler häzirki wagtda «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy tarapyndan işjeň häsiýetde alnyp barylýar. Bu guramalaryň geçirýän köpçülikleýin çärelerine mekdep okuwçylary, talyp ýaşlar we ýaş nesliň beýleki wekilleri gatnaşýarlar.

Tebigaty goramak ýörelgesini giňden wagyz edýän «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň hünärmenleriniň alyp barýan işiniň oňyn netijelere eýe bolýandygyny nygtamak bolar. Geçen, 2022-nji ýylda döredilen guramanyň iş tejribesiniň heniz köp däldigine garamazdan, onuň ýaş nesli ekologiýa medeniýetini öwrenmäge çekmekde, daş-töweregi gorap saklamagy öwretmekde durmuşa geçirýän işleri az däl.

Şamyrat MUHAMMETGURBANOW,
žurnalist.