Ýaşasyn «Ýaşyl» dünýä!

6 Noýabr 2023
742

Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 4-nji noýabrda ýurdumyzda güýzki bag ekmek möwsümi badalga aldy. Sahawatly güýzüň tylla öwüşginli gününi nurlandyran bu döwletli işe watandaşlarymyz agzybirlik bilen gatnaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça dürli agaçlaryň 3 million düýbüni, şol sanda güýzki möwsümde şolaryň 1,5 million düýbüni oturtmak göz öňünde tutuldy.

«TÜRKMENISTAN»