Bag barsyz bolmaz

2 Noýabr 2023
691

Her bir başlangyjyň üstünlige beslenmegi üçin, ilkinji nobatda, edilýän işe yhlas, söýgi gerek. Muny durmuşyň islendik ugruna nazar aýlanymyzda-da görüp bilýäris. Şu zatlar barada oýlananyňda: «Megerem, bagy-bossanlyk ynsanyň öz ýaşaýan topragyna söýgüsiniň, perzentlik yhlasynyň nyşanydyr» diýen pikir seriňe dolýar. Bu barada Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen medeniýeti» atly kitabynyň «Neçjarçylygyň asly agaçdandyr» atly bölüminde şeýle diýilýär: «Häzirki wagta çenli ülkämiziň tebigat dünýäsini öwrenmek boýunça alnyp barlan ylmy-barlag işleriniň netijeleri güneşli Diýarymyzyň gymmatly agaç tokaýlarynyň mekanydygyny tassyklady. Agaçlaryň käbir görnüşleri bolsa Orta Aziýa döwletleriniň çäklerinde duş gelmeýän tebigy baýlykdyr. Munuň aňyrsynda türkmen halkynyň asyrlarboýy ylham çeşmesi hasaplanýan gözel tebigatymyzy gözüň göreji ýaly gorandygy we ösümlik dünýäsini özüniň medeniýetine, ruhy ýörelgelerine ornaşdyrandygy hakyndaky hakykat ýatandyr».

Ata-babalarymyz bag ýetişdirmeklige uly ähmiýet berip, bu babatda: «Bag barsyz bolmaz, at — timarsyz», «Bag — ekeniňki, ýap — çekeniňki», «Bag aýdypdyr: «Bak maňa, bakaýyn saňa», «Bagy — bagban, sürini çopan iýer», «Bagym bar — barym bar» ýaly nakyllary hem döredipdirler. Çynar, Serwi, Şemşat ýaly owadan, syratly agaçlaryň atlaryny bolsa gyz çaga dakmak bilen, perzende iň ýagşy arzuw-niýetlerini bagyşlapdyrlar. Olara rowaýatlardan orun beripdirler. Serwi agajy baradaky rowaýatlaryň birinde, ykbal gerdişi bilen gözel gyz agaja öwrülýär. Bu barlykda ýaşamadyk ömri üçinem oňa baky juwanlyk — mydama gök öwsüp oturmak bagyş edilýär. Bu agajyň tämizligi — töweregine mör-möjek golaýlatmaýanlygy barada pikir edeniňde, hakydaňa rowaýatdaky şol gözel gyzy getireniňi duýman galýarsyň. Umuman, agaçlara söýgi halkymyzyň kalbynda hemişe ýaşap gelipdir.

Taýýarlan Amandursun HYDYROWA,
Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň hünärmeni.