Gözel Sumbaryň nary

7 Noýabr 2023
764

Sumbar jülgesiniň bagbanlary noýabr aýynyň gelmegi bilen, bereketli güýzüň ýene bir nygmatyny — nar hasylyny ýygnamaga girişdiler. Şu ýyl şahalarynda sallanyşyp duran narlary göreniňde, «Hydyr görüpdir» diýen jümle ýadyňa düşýär. Her biri ýumruk ýaly narlar gözüňi dokundyrýar. Süýji nar, turşy nar, turşumtyk nar, ýumşak gabykly, gaty gabykly, dänesi suwly nar, guraksyrak nar... Sanasaň, sanabermeli. Olar reňki boýunça-da biri-birinden tapawutlanýar: ak nar, ol, adatça, süýji bolýar. Ýöne naryň reňki gyzyl, has dogrusy, goýy gyzyl bolýar. Bu gözümiziň öwrenişen nar reňki, «nar» diýilse, hemmeler ony şu reňki bilen göz öňüne getirýärler.

Nar agajy, daşyndan seredeniňde, owadanlygy bilen ünsüňi özüne çekýär. Ol giden baga görk berýär. Şahyr bolsaň, şanyna goşgy düzübermeli narlar bizde bar. Aslynda, nar hakda, nar agajy hakynda aýdym-sazlar az däldir. Şunda, ilki bilen, Döwletgeldi Ökdirowyň «Gözel Sumbaryň nary» diýen aýdymy seriňe gelýär. Bu aýdymy heran-haçan eşitseň, kalbyňy süýji duýgular gaplap alýar. «Ýelpeselendi» halk aýdymyny diňläniňde bolsa, türkmen topragynyň müňlerçe ýyl bäri berekedini egismän gelýändigi barada oýlanýarsyň. Magtymguly Pyragynyň hem waspyny ýetiren miweleri barada halkymyzda: «Işe-de gutarma ýok, iýmişe-de» diýen nakyl bar. Tüweleme, sahy topragymyzyň berekedi boldan berlipdir. Ýylyň bütin dowamynda, aýdylyşy ýaly, çagalary güýmäre ir-iýmiş bol. Eždatlarymyz ýakynu-alys ýurtlardan dürli miweli agaçlary getirip, olary türkmeniň howasyna, suwuna öwrenişdiripdirler. Aslynda-da, bir kitapda ýazylyşy ýaly, ir döwürde türkmen topragynda 80-den gowrak görnüşli miweli agaçlar, däneli ekinler ösdürilip ýetişdirilip, dünýä ýaýradylypdyr. Häzirki döwürde janypkeş daýhanlarymyz ata-babalarymyzyň ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Daýhançylygyň piri Babadaýhanyň aramgähi-de türkmen topragyndadyr. Daşdan ýasalan iň ilkinji kepjeleriň biri hem Aşgabadyň etegindäki gadymy siwilizasiýanyň harabalygyndan tapyldy. Aýtjak bolýanymyz, türkmen daýhanlaryna bu kär gadymyýetden bäri tanyş. Şonuň üçin biziň Diýarymyzda naryň bereketli hasylynyň kemala gelmegi tebigydyr.

Seýitguly GELDIÝEW.
«Türkmenistan».