Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Beýik akyldaryň sarpasy

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen uly üstünliklere we ösüşlere beslenýän ajaýyp döwrümizde türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, şöhratly taryhyna belent sarpa goýulýar. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilmegi hem türkmen halkynyň ýürek arzuwyndan, köňül isleginden gözbaş alýar. Adamzadyň kalbynda öçmejek yz goýan akyldar şahyrymyzyň döredijiligi gymmatly mirasdyr, ruhy hazynadyr. Çünki akyldaryň adamlary ynsanperwerlige, parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine ruhlandyrýan ajaýyp eserleri diňe bir türkmen halky üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin gymmatlydyr. 2023-nji ýylda türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň golýazmalar ýygyndysynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň sanawyna goşulmagy, bu guramanyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde ÝUNESKO agza döwletleriň 2024-2025-nji ýyllarda şanly seneleriň baýramçylyk dabaralaryna bu halkara düzümiň gatnaşmagy bilen baglanyşykly çözgüdiň kabul edilip, onuň düzümine Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramçylygynyň hem girizilmegi söz ussadynyň dünýäde belent sarpasynyň has-da ýokarlanýandygyny aýdyň görkezýär. Şu ýerde Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip

Döredijilik duşuşygy geçirildi

Şu gün Lebabyň Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýewiň we «Biznes-reklama» gazetiniň baş redaktory, şahyr Seýitmyrat Geldiýewiň gatnaşmaklarynda döredijilik duşuşygy geçirildi. Oňa welaýatymyzyň etrap-şäherlerinden gelen döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar hem-de Türkmenabatdaky ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary gatnaşdylar. Görnükli şahyrlar bu duşuşygy soňky birnäçe hepdäniň dowamynda eýýäm ýurdumyzyň dördünji welaýatynda geçirýärler. Mundan ozal olar Ahal, Balkan we Daşoguz welaýatlarynda hem saparda bolup, döredijilige baş goşan ýaşlar bilen duşuşdylar. Döredijilik duşuşyklary öz gözbaşyny Gahryman Arkadagymyzyň geçen aýda Mary welaýatyna amala aşyran iş saparynda orta atan teklibinden alýar. Şol saparyň çäklerinde türkmen halkynyň Milli Lideri ýurdumyza belli ýazyjy şahyrlaryň ýerlerde ýaş döredijiler bilen duşuşyklary geçirmeginiň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň many-mazmunyna kybap geljekdigini aýdypdy.

16 ýaşly telegepleşik Lebapda myhmançylykda

Şu gün welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde «Altyn asyr: Türkmenistan» teleradioýaýlymynda indi 16 ýyldan bäri ýaýlyma berlip gelinýän «Bagtyýarlyk ylhamy» atly gepleşigiň Lebap welaýatyndaky ilkinji göçme sany ýazgy edildi. Bu gepleşigi Türkmenistanyň halk ýazyjysy Orazguly Annaýew gurnaýar we alyp barýar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, halypa şahyr galamdaşy Seýitmyrat Geldiýew bilen bilelikde şu günler welaýatymyzda döredijilik saparynda bolýar. Meşhur gepleşigiň göçme sany bu saparyň çäklerinde meýilleşdirilen çäreleriň biridir.

Asuda Watany arzuwlan şahyr

Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly eserinde: «Bagtyýar zamanamyzda alyp barýan ajaýyp işlerimiz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyna, ýaşlarymyzyň sagdyn, bilimli bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir» diýýär. Akyldar şahyrymyz hem özüniň goşgularyna siňdiren kämil pikirlerinde Watanly, döwletli bolmak arzuwlaryny öňe sürýär. Şahyryň waspyny ýetirýän, milliligimize mahsus bolan agzybirlik, ynsanperwerlik, mertlik, gaýduwsyzlyk, syr saklamagy başarmak ýaly ençeme ajaýyp häsiýetleriň ählisi Milli Liderimiz bilen Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesillere rowa görýän häsiýetleriniň iň naýbaşylary dälmi näme?! Magtymguly Pyragy şygyrlarynda halky döwletlilik suprasynyň daşynda jem halda görmegi, olaryň agzybirlik bilen bir maksada gulluk etmegini isläpdir. Berkarar döwleti arzuwlapdyr.

Medeniýetler sözleşende

5-nji fewralda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen geçirilen bu döredijilik çäresinde Hytaýyň sungat ussatlary milli tanslaryny, halk sazlaryny we opera aýdymlaryny ýerine ýetirip, gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan hytaý medeniýetiniň we sungatynyň köpöwüşginli nusgalary bilen oňa gatnaşanlary tanyşdyrdy. Milli lybaslar, sazlar, özboluşly akrobatik çykyşlar tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy.

Özboluşly sungat baýramçylygy

5-nji fewralda paýtagtymyzda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy geçirildi. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilen döredijilik çäresi dostlukly halklaryň medeni gatnaşyklarynyň ösüşine möhüm goşantdyr. Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy mynasybetli Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgüne dostlukly ýurduň sungatynyň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Bu waka mynasybetli dostlukly döwletiň wekilçilikli topary ýurdumyza geldi. Onuň düzüminde ugurdaş edaralaryň ýolbaşçylary we işgärleri, aýdym-saz, tans sungatynyň ussatlary, akrobatlar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri — «Ženmin Žibao» gazetiniň, «Sinhua» habarlar agentliginiň žurnalistleri bar.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Golaýda Mary şäheriniň Magtymguly köçesiniň ugrunda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli dabaraly çäre geçirildi. Welaýat häkimliginiň guramagynda geçirilen täsirli çärä il sylagly ýaşulular, mährem eneler, bilim, medeniýet, saglygy goraýyş edaralarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işgärleri, talyp ýaşlar hem-de Mary şäheriniň bagtyýar ýaşaýjylary gatnaşdylar. Kalplarda ýakymly täsir galdyran dabara gatnaşyjylar, ilki bilen, bu ýerde guralan sergini synladylar. Soňra Marynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatrynyň artistleriniň “Sözlär tili türkmeniň” atly edebi-sazly kompozisiýasyna tomaşa edildi. Dabarada Ýolöten etrabynyň ýaşaýjysy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy Hezretguly Öwlüýägulyýew, Wekilbazar etrabynyň ýaşaýjysy Nurjemal Muhammedowa, Hydyr Derýaýew adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň mugallymy Nartäç Ýusupdurdyýewa, Sakarçäge etrabyndaky 27-nji orta mekdebiň mugallymy Gunça Amansähedowa, Mary şäherindäki 3-nji orta mekdebiň mugallymy Zylyha Ýazberdiýewa we beýlekiler çykyş etdiler. Olar öz çykyşlarynda akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şahyra goýýan belent sarpasy dogrusynda täsirli gürrüň berdiler we göwün ganatlandyryjy goşgularyny okadylar.

Aýdym-sazly duşuşyk geçirildi

Köňülleriň çyragy Magtymguly Pyragy Golaýda şäher häkimliginiň, TZB-niň şäher bölüminiň, şäher bilim bölüminiň, TMÝG-niň şäher geňeşiniň, TKA-nyň we TAP-nyň şäher komitetleriniň, şäher medeniýet bölüminiň bilelikde guramagynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Taryhy owaz bilen giň jahana ýaýylan, köňülleriň çyragy Magtymguly Pyragy” ady bilen aýdym-sazly duşuşyk geçirildi.

Pederleriň ýoly bilen

Halkymyz edep-terbiýä döwletliligiň esasy çeşmeleriniň biri hökmünde garaýar. Pederlerimizden miras galan nakyllar bolsa çagalarda irki ýaşdan başlap, oňat häsiýetleri terbiýelemäge ähmiýet berlendigini subut edýär. Ata-babalarymyzyň nesil terbiýelemek ýörelgesine ygrarly halkymyz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem bu ugura aýratyn üns berýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň röwşen nuruny boldan eçilýän günlerinde hormatly Prezidentimiz tarapyndan bagtyýar nesillerimiz hakyndaky üns-alada barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň ähli künjeginde bilim-terbiýäniň esasy ojagy hasaplanylýan mekdeplerde çagalara ýaşlykdan başlap, asylly terbiýe, dünýä ülňülerine laýyk gelýän bilim bermek ugrunda ähli zerur şertler döredilendir. Kuwwatly geljegi üpjün etjek ýaş nesilleri ata Watana wepaly, halka gerekli, arassa ahlakly, berk bedenli, zähmetsöýer, sowatly, däp-dessurlara hormat goýýan, giň dünýägaraýyşly adamlar edip ýetişdirmek şu günüň wajyp meseleleriniň biri hökmünde orta çykýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizde ýaş nesliň kämil keşbini kemala getirmek babatda jemgyýetde alnyp barylýan işlere döwlet syýasatynda möhüm orun berilýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ilkinji kitabyny hem ýurdumyzyň ýaş nesline bagyşlap, “Ýaşlar – Watanyň daýanjy” diýip at berdi. Çünki, ýaşlar baradaky alada hormatly Prezidentimiziň häzi

Eserde meşhur kosmonawt

Gürrüňimi «Älem syýahatçylary» diýen işime syrykdyrmankam, nirelerde okap, nirelerde ýetişendigim barada az-kem aýdaýyn. 2011 — 2021-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky ýörite çeperçilik mekdebinde, soňra akademiýanyň özünde bilim aldym. «Älem syýahatçylary» atly işim şu döwre degişli. Näme üçin şu mowzugy saýlap aldyňyz diýmegiňiz mümkin. Bu meniň çagalyk hyýallarymyň kendir ýüzüne geçmesidir. Her bir adam öz ýurdunyň ähli ulgam babatda, onda-da ylymda, tehnologiýada ösen ýurt, döwrüň depesinde durýan ýurt bolmagyny arzuw edýär, şol barada hyýal ýüwürdýär. Menem şeýledim. Ine-de, ildeşimiz, biziň ýurdumyzda dünýä inip, kosmosa çykan Kosmos işi boýunça «Roskosmos» döwlet korporasiýasynyň kosmonawtlar toparynyň serkerdesi, uçarman-kosmonawt, Türkmenistanyň Gahrymany Oleg Dmitriýewiç Kononenko baradaky tema bilen ýüzbe-ýüz boldum. Bu tema meniň arzuwlarym bilen ugurdaş gelýärdi. Dessine işe başladym. Men öz ylhamymyň güýjüne daýanyp, Watanymyzyň kartasyna kosmonawtyň gözi bilen bakasym geldi. Akademiýada her ýylyň ahyrynda guralýan «Gujurly ýaşlar» sergisi hem bu hyýalyma badalga berdi. Ýaşyl, gök reňkleri ulanyp, ozaldan kalbymyň töründe orun alan hyýallarymy şekile geçirmek maňa kyn düşmedi. Işimiň merkezinde hem eziz Watanymyz Türkmenistanyň Ýer şaryndaky ornuny, türkmeniň ýaşyl tuguny şekillendirdim.

«Gökje kepderä» saz teswirini ýazan ussat

Bellibir ýazyjynyň, şahyryň ýa-da halk döredijiligine degişli meşhur edebi eseriň many-mazmunyny, ajaýyp gözelligini müň dürli owazlar arkaly teswirlemek däbi dünýä saz medeniýetinde gabat gelýär. Dünýä sazynda, beýleki döredijilik däplerine garanyňda, has seýrek gabat gelýän bu usuly beýik türkmen mukamçysy Kel bagşynyň örän jaýdar ulanyp, milli medeniýetimize girizendigini aýratyn nygtasymyz gelýär. Magtymguly Pyragynyň «Hökmi daweri» ýa-da «Gökje kepderi» diýlip atlandyrylýan poemasy esasynda döreden «Kepderi» atly sazy türkmen dutarçylyk sungatynyň ýokary derejede ykrar eden eserine öwrüldi. Hormatly okyjy, indi bu mukamyň döreýşi dogrusyndaky söhbede gulak goý!

Medeniýet — milletiň mertebesi

5-nji fewralda paýtagtymyzyň gözel künjegindäki Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň ýapylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Hytaý Halk Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministrliginiň we dostlukly ýurduň Türkmenistandaky ilçihanasynyň bilelikde guramagynda geçirilen dabara iki halkyň hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagynda şanly waka öwrüldi. Bu ýerde guralan çykyşlarda iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallasy bilen syýasat, medeniýet, ylym-bilim we halk hojalygynyň dürli ulgamlary boýunça hyzmatdaşlygyň uly rowaçlyklara beslenýändigi babatda uly buýsanç bilen bellenildi. Şunda medeni gatnaşyklaryň ýygjamlaşmagynyň doganlyk hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde aýratyn ähmiýete eýedigi nygtaldy. Doganlyk halkyň medeniýet we sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren gadymy we häzirki zaman hytaý aýdym-sazlary, tanslary, milli däp-dessurlaryny inçelik bilen şöhlelendirýän çykyşlary dabara gatnaşyjylarda ýakymly duýgulary döretdi. Hytaýyň dürli sebitleriniň milli lybaslary bilen geýnen zenanlaryň täsin keşpleri, özboluşly hereketleri tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän döredijilik çäresi ildeşlerimiziň hytaý halkynyň täsin sungaty, milli däp-dessurlary, medeni gymmatlyklary, gazananlary bilen tanyşmakda, tejribe alyşmakda

El hünäri — il gezer

ZENAN DÜNÝÄSINIŇ BEZEGI Häzirki wagtda keşdeçilik sungatyna, el işleri bilen bezelen milli lybaslarymyza aýratyn üns berilýär. Toý-tomaşalara, dürli dabaralara, umuman, köpçülik ýerlerine baranymyzda milli geýinmek medeniýetiniň ösdürilýändigine aýdyň göz ýetirýäris. Biz gazetimiziň şu sanynda zenan mugallymlaryň millilik baradaky ýürek buýsançlaryny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Tans toparlary bäsleşdiler

Täze taryhy eýýamda asyrlardan aşyp, ajaýyp döwrümize gelip ýeten nusgalyk medeni mirasymyz, halk döredijiligimiz, milli sungatymyz dünýäde meşhurlyga eýe bolýar. Bu ajaýyp hakykat hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen üstümizdäki ýylda hem barha rowaçlyklara beslenýär. Balkanabat şäherindäki «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezinde welaýat medeniýet müdirliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «Tans-folklor dessury halkyň heňidir, beýik söz ussady Magtymguludyr» ady bilen geçirilen bäsleşik munuň şeýlediginiň ýene bir ýola aýdyň güwäsine öwrüldi. Onda etrap-şäher medeniýet merkezleriniň tans toparlary bäsleşdiler.

Kalplar sungata söýgüden doly

Ösüşleriň röwşen ýolundan bedew bady bilen öňe barýan ata Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen ähli ulgamlar sazlaşykly ösýär. Şolar bilen bir hatarda, milli aýdym-saz sungatymyz hem barha baýlaşýar. Yzygiderli geçirilýän halkara festiwallarda, aýdym-saz bäsleşiklerinde täze zehinleriň ýüze çykmagy ýurdumyzda aýdym-saz sungatyna uly üns berilýändigini görkezýär. Aýdym-sazyň hoş owazynyň ýaňlanýan ýeri hemişe alaýazdyr. Sungatyň bu görnüşinde inçe tilsimler, çylşyrymly çuň ýollar bar. Bar durkuň, düýrmegiň bilen aýdym-saza berilmeseň, bu ýollardan geçäýmek her bir adama başartmaýar. Biz hem çagalar sungat mekdebimizde ösüp gelýän ýaş nesillere aýdym-sazyň inçe tilsimlerini öwredýäris. Olaryň zehinlerini ýüze çykarmak maksady bilen, bäsleşikleri geçirýäris. Bäsleşiklere gatnaşyp, birek-birekden kem durman aýdym aýdyp, saz çalýan ýaş nesiller bu jadyly dünýä içgin aralaşýandyklaryny, öwrenmäge yhlas edýändiklerini görkezýärler.

Türk­men ki­no sun­ga­ty­nyň rowaç menzilleri

Islendik ýurduň ösüşine onuň sungatyny synlanyňda göz ýetirmek bolýar. Häzirki ösýän zamanamyzda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen, türkmen kinosy hem ösüşli menzillerde. Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginde kino sungatyna täzeçe çemeleşmeleriň ýokary göterilişiniň başlanandygy has-da guwandyrýar. Bu ugurdan bilim alýan ýaşlarymyzyň has sowatly bolmagy üçin ýurdumyzda hereket edýän ýokary okuw mekdepleri, galyberse-de, Russiýa Federasiýasynda, Hytaý Halk Respublikasynda, Türkiýe Respublikasynda kino ugrundan hünärmenleri ýetişdirýän ýokary okuw mekdeplerini tamamlap gelen ýaşlarymyz türkmen kino sungatynyň ösmegine, kämilleşmegine özleriniň saldamly goşandyny goşýarlar. Olaryň döredýän filmleri halkara kinofestiwallarya gatnaşyp, tomaşaçylaryň gyzgyn söýgüsine mynasyp bolýar. 2022-nji ýylyň 12 — 17-nji awgustynda režissýor Sahysalyh Baýramowyň «Gyzyl kürte» çeper filmi Russiýa Federasiýasynyň Ýekaterinburg şäherinde geçirilen Ýewraziýa yklymynyň «Altydan biri» atly Birinji halkara film festiwalynyň çäginde görkeziljek filmleriň maksatnamasyna girizilip, oňa gatnaşmaga hukuk gazandy. Şol ýylyň sentýabr aýynda Daşkent şäherinde geçirilen «Ýüpek ýolunyň düri» atly halkara kinofestiwala birleşigiň işgärleri «Gyzyl kürte», «Istärin», «At

Söh­bet eý­läp Py­ra­gy­dan...

2024-nji, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilip geçilýär. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, biz hem ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, beýik şahyryň adyny göterýän edara-kärhanalarda bolup, olaryň zähmet durmuşy, alyp barýan işleri dogrusynda ýörite makalalary, söhbetdeşlikleri taýýarlamagy maksat edindik. Biz bu makalalar toplumynyň başyny akyldar şahyr, ajaýyp söz ussadynyň adyny göterýän Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryndan başlamagy makul bildik. Biziň söhbetdeşimiz bu teatryň baş ýolbaşçysy Myrat ARADOW. — Myrat Hydyrmuhammedowiç, siz Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän sungat ojagyna indi birnäçe ýyl bäri ýolbaşçylyk edýärsiňiz! Dana Pyragy, onuň göwher deýin gymmatly döredijiligi, Magtymgulynyň adyny buýsanç bilen göterýän teatr. Ine, şu jümleleriň özara sazlaşygy sizde nähili duýgulary döredýär?

Döredijilik işgärleriniň köňül buýsançlary

Hudaýberdi BÄŞIMOW, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň edebi-dramaturgiýa bölüminiň müdiri, Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri, dramaturg, terjimeçi: — Maňa heniz talypkam, ýagny talyplyk tejribesindekäm, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 225 ýyllyk senesine gatnaşmak miýesser edipdi. Meniň medeniýet ulgamynda 60 ýyldan gowrak tejribäm bar. 2004-nji ýyldan bäri Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda işläp ýörün. Ýyllar we gazanylan tejribeler meni öz kärimde diýseň taplady. Librettolary, pýesalary ýazdym, birnäçe eserleri türkmen diline terjime etdim. Sahna eserleriniň edebi esaslaryny ýazmak üçin gaty kän okamaly we öwrenmeli boldum. Okap öwrendigiňçe, dünýägaraýşyň giňäp, gözýetimiň artýar. Onsoňam sahna eserleriniň edebi esasyny ýazmak awtordan sowatlylygy, ýiti zehini, üşügi, yhlaslylygy we irginsizligi talap edýär. Hünärim boýunça teatr sungatyny öwreniji bolamsoň, teatr sungaty meniň dünýäme juda golaý. Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän teatrda işleýänime juda buýsanýaryn. Çünki şahyryň goşgulary maňa elmydama ruhy goldawçy bolup hyzmat edýär. Magtymgulynyň islendik goşgusyndan alyp, ýazýan pýesaňda ulansaň, döredýän eseriň many-mazmun taýdan has kämilleşýär, tomaşaçylara ýiti täsir edýär. Şonuň üçinem bu beýik söz ussadynyň döredijiligi juda uly hormata mynasyp. Nesip bolsa, şahyryň şanly senesiniň toýy mynasybetli ýurdumyza d

Türkmenistan — ÝUNESKO: milli gymmatlyklarymyz buýsandyrýar

Türkmen halky medeniýete, sungata, aýdym-saza, däp-dessurlara, edim-gylymlara, çeper söze uly sarpa goýýan halk. Bu gadymy döwürlerde-de şeýle, häzirki wagtda hem şeýle bolmagynda galýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen, ýurdumyzda alnyp barylýan işleriň netijesinde, medeniýetimize, sungatymyza bolan sarpa has-da berkeýär. Ýer ýüzündäki her bir milletiň, halkyň özboluşly medeniýeti, sungaty bar. Şolar bolsa halkyň ýüzi, ruhy aýnasy. Türkmen halkynyň şol ruhy aýnasy köpöwüşginliligi bilen kalplara siňýär. Şöhratly geçmişimiziň, häzirki bagtyýar zamanamyzyň, bagtly durmuşymyzyň çeper keşbini, beýanyny açyp görkezmekde medeniýetiň we sungatyň aýratyn orny bar. Durmuş hakykatyny çeper beýan edip, adamlaryň aňyna ornaşdyrmakda, adamyň ruhy dünýäsini baýlaşdyrmakda çeper sözüň täsiri örän uludyr. Şonuň üçin ol kalplarda öçmejek yz goýup, sungatyň, çeper sözüň gymmatyny has-da artdyrýar. Türkmen edebiýatynyň almaz täji hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly hormat goýulýan zamanada Fransiýanyň Pariž şäherinde geçirilen ÝUNESKO-nyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň 216-njy mejlisinde Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumyny bu guramanyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek hakyndaky çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Sungaty ussatlar döredýär (esse)

Awtobusda barýaryn. Bir gyzjagaz boýnuny süýndürip ýanýodada ekilen güllere seredýär. Gözi doýman olary gözleri bilen özüne alaýjak bolýar. Ejesiniň oňa gahary gelýär. Haýsydyr bir otjagaz üçin gyzynyň elden-aýakdan çykyp, elejiräp oturyşyna düşünmek kyn. Ýüzi-gözi bilen köpçülik ýerinde parahat oturmagy yşarat edýän ejesiniň näme diýýäni ony hem müýnürgedip duranok. Gyzjagaz güljagazlary synlap ganyp bilenok. — Eje, hol bagjagaza seret. Gel, biz şu ýerde düşeli — diýip, ol ýene bir ýerlere ünsüni dikýär. Onuň gözüni penjireden aýyrman, ejesiniň elini eline alyp boýurganyşy göz öňüňden gider ýaly däl.