Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Nesilleriň zybanynda Pyragy

Düýn «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Aşgabat şäherindäki 117-nji orta mekdepde «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» ady bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň ussat mugallymy Aşyrmät Gurbanow, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Kerimow, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýew, alymlar Baýram Taganow, Atageldi Nepesow we şahyr Köşüli Annaseýidow dagy gatnaşdy. Olar dana Pyragynyň döredijiliginiň öwrenilişi, şahyryň teatr, kino sungatyndaky, şygryýet älemindäki orny, ýaş nesillere edýän oňaýly täsiri dogrusynda çykyş etdiler. Döredijilik bilen meşgullanýan okuwçylaryň öz döreden goşgularyny we nusgawy şahyryň eserlerini joşgunly okamaklary duşuşyga özboluşly öwüşgin çaýdy. Duşuşyk akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly toýunyň belent dabarasyny alamatlandyrdy.

Halypa suratkeş

Sungatyň çuňňur ummanyna siňip, ajaýyp eserleri döredýän ägirtleriň biri hem Türkmenistanyň halk suratkeşi Babageldi Owganowdyr. Halypa suratkeşiň eserleri taryhy wakalary, milli gymmatlyklarymyzy hat bilen däl-de, reňkler bilen açýan hakyky nusgalyk eserlerdir. Babageldi Owganow 1946-njy ýylyň 25-nji martynda Mary welaýatynyň Baýramaly etrabynda eneden dogulýar. Ol bäş ýaşynda eline galam alyp, dürli zatlaryň suratyny çekip başlaýar. Mekdep ýyllarynda gazetlere we çaphanalara olaryň sargytlary esasynda özüniň çeken suratlaryny tabşyrypdyr. Ussat suratkeş Yzzat Gylyjow bu erjel oglana galam tutmagyň, onuň bilen nähili işlemegiň, reňk almagyň aýratynlyklaryny, dürli usullaryny öwredipdir, maslahatlaryny beripdir.

Bäsleşigiň welaýat tapgyry

Lebap welaýat Medeniýet merkezinde «Ýylyň zenany» bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirilip, oňa gündogar sebitiň öňdebaryjy zenanlarynyň 45-si gatnaşdy. Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşikde ugurlaryň ýedisi boýunça iň ukyply zenanlar ýüze çykaryldy. Şunda her ugur boýunça zenanlaryň birnäçesiniň bäsleşendigini aýtmak gerek.

Türkmen halysyndaky altyn ölçegler

Ýakynda Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde hormatly Prezidentimiz halyçylyk sungatyny ösdürmek we öndürilýän haly önümleriniň görnüşlerini köpeltmek, täze nagyşlary, gölleri döretmek hakynda aýtdy. Hususan-da, gadymy türkmen göllerini dikeltmek boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. Pazyryk halysynyň hakyky türkmen halysydygy baradaky hakykat nähili delillerde aýdyň görünýär?! Ynha, türkmeniň otparazlyk döwründe gyzyl otdan gyzyl reňk alan halylarymyzyň düşeginiň gyzyl bolşy ýaly, 1949-njy ýylda Altaýyň 5-nji Pazyryk gorganyndan, baky doňaklygyň astyndan tapylan miladydan öňki V asyra degişli bolan bu halynyň hem düşeginiň reňki gyzyldyr. Beýleki halklaryň hemmesiniň nagyş sungatynyň esasynda aýlawlylyk, tow-egremlilik ýatan bolsa, bu gadymy halynyň nagyşlarynyň gurluşyna hem, ähli türkmen halylarynda bolşy ýaly, berk geometrik ülňüler mahsusdyr. Pazyryk halysyndaky nagyşlaryň keramiki önümlerimizdäki nagyşlar bilen meňzeşligi ýa-da türkmen tahýalarymyzdaky, keçelerimizdäki, şaý-seplerimizdäki, mukaddes tamdyrlarymyzdaky nagyşlar bilen meňzeşligi akylyňy haýran edýär. Alaja nagyşlarynyň bolsa, iki döwrüň halylarynda hem şol durşy üýtgemändir.

Keşplerde — Pyragy

Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň kalbynda ýaşaýar. Şonuň üçin 300 ýyl geçse-de, ol baradaky her bir zat uly gyzyklanma eýe. Geljek barada oraşan pikirleri aýdyp geçen akyldaryň goşgulary adalat ölçegi, köňülleriň nagşy. Ol ynsanperwerlik ugrunda geçen-geljek barada aýdyp bolaýjak zatlaryň naýbaşysyny aýdyp geçipdir. Sözümiz ulaltma däldir. Şol şeýle bolmasa, kim ol sözleri doga gaplajak?! Eşrepi deý görlüp, dilden-dile geçip gelen ol sözleriň gadyr-gymmaty bolsa barha artmak bilen. Bu öňdenem şeýle, häzir-ä has-da.

Küştdepdiniň ussadydy

Özüniň gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan türkmen milli sungaty bolan «Küştdepdi» aýdym we tans dessurynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi bu dessuryň şöhrat-şanyny has-da arşa göterdi. Küştdepdi häzirki wagtda uly ösüşlere ýetip, müň dürli öwüşginlere beslendi. Ol özboluşly gaýtalanmajak sungat bolup, aýdylyş äheňem, owazam, hereketlerem halk döredijiliginiň beýleki görnüşlerine meňzemeýär, ynsanyň kalbyna girip, onuň ruhy dünýäsini açmaga täsir edýär.

Aýdym-sazly dabara

Golaýda Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy mynasybetli, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Sözlär tili türkmeniň» ady bilen aýdym-sazly dabara geçirildi. Aşgabat şäher hem-de Berkararlyk etrap häkimlikleriniň bilelikde guramaklarynda geçirilen bu çäre turuwbaşdan ruhubelentlige beslendi. Dabarada Türkmenistanyň halk artistleri Halbike Dowyýewa, Nury Hudaýgulyýew, Batyr Hojagulyýew, Mähri Annageldiýewa hem-de Türkmenistanyň at gazanan artisti Gülşirin Annamyradowa dagy akyldar şahyryň sözlerine döredilen aýdymlary ýerine ýetirdi. Ýüreklerde ýer eden aýdymlar tomaşaçylaryň joşgunly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Türkmenistanyň at gazanan artisti Ýagmyr Gurbannazarowyň söz ussadynyň goşgularyny ussatlyk bilen okamagy dabara özboluşly öwüşgin çaýdy. Teatryň döredijilik topary «Magtymguly» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen şowly çykyş etdi. Milli we dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularynda ajaýyp zehin, ýokary kämillik sazlaşykly utgaşýar. Ynsanperwerlik ruhy, agzybirlige çagyryş bu eserleriň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Bu dabara beýik ussadyň edebi mirasynyň ähli döwürleriň egsilmez ylham çeşmesi bolup durýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Dabarada «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ynamly gadamlaryny, mähriban Watanymyzy, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda durmagynda beýi

Jadyly sungat

Milli medeniýetiň, sungatyň ýeten derejesi halkyň özboluşlylygyny şöhratlandyrýar. Bu gün medeniýet we sungat mähriban Watanymyzyň keşbini, halkymyzyň baý milli ýörelgeleriniň galkynyşyny çeper wasp edýär. Aslynda, aýdym-saz, tans, folklor sungaty ynsan pikirine, duýgusyna täsir edip, milletiň ruhy dünýäsi baradaky garaýşyny çuňlaşdyrýar. Häzirki zaman alymlary adamda aň bilen bagly başarnyklary hem öwrenmek ukyplylygyny artdyrmakda, ösdürmekde iň täsirli närsäniň sazdygyny aýdýarlar. Aýdym-saz ynsanlara ruhy güýç berýär, kalbyňy rahatlandyryp, täze döredijilige, işe ylhamlandyrýar. Islendik aýdym-sazyň ynsan saglygyna oňyn täsiriniň bardygy gadym döwürlerden bäri belli bolupdyr. Saz adamyň dem alşyna, ýürek urşuna, işjeňligine, joşgunly bolmagyna täsir edýär.

Nesil terbiýesi: ahlak gözelligi

Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy we döredijiligi özüniň köpugurlylygy bilen tapawutlanýar. Akyldaryň eserlerinde watansöýüjilik, mertlik, adalatlylyk ýaly adamzadyň ykrar eden iň gowy gylyk-häsiýetleri bilen bir hatarda ýaş nesilleriň tälim-terbiýesi hakynda hem iňňän gowy düşünjeler we pikirler beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly kitabynda Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň, esasan hem, ýaş nesilleriň terbiýesine täsiriniň uludygy hakynda şeýle diýýär: «Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy geljek nesillere baý edebi miras galdyrypdyr. Onuň döredijiligi, sözüň doly manysynda, türkmen halkynyň milli baýlygyna, ruhy hazynasyna öwrüldi. Şahyryň eserleri indi üç ýüz ýyla golaý wagt bäri halka hyzmat edip gelýär. Şeýle hem, ol edebiýat meýdanynda ençeme şahyrlar, şol sanda edebiýat bilen meşgullanýan türkmen ýaşlary üçin hem uly döredijilik mekdebine öwrüldi». Hut şu nukdaýnazardan akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň dabaraly bellenilip geçiljek ýyly «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyryldy. Adamzat başdan geçiren taryhy döwürleriniň ählisinde hem belent mertebeli kämil nesli kemala getirmek meselesine aýratyn üns beripdir. Türkmen halky ruhy-ahlak meselelerinde ata-babalarymyzyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgelerini, däp-dessurlaryny we edim-gylymlaryny yzygiderli dowam etd

Türkmenistan we TÜRKSOÝ köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmegi maksat edinýärler

6-njy fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň Türki döwletleriň medeniýet boýunça halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultanbaý Raýew bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň gün tertibine Türkmenistan bilen TÜRKSOÝ-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri girizildi we geljegi uly bolan ugurlar kesgitlenildi. Duşuşygyň barşynda medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň türki dilli döwletleriň arasynda syýasy-diplomatik we söwda-ykdysady gatnaşyklary ýola goýmakda ähmiýetli gural hökmünde çykyş edýändigi bellenildi.

Ýaş­la­ra ýol-ýö­rel­ge

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň «Ýaş­lar — Wa­ta­nyň da­ýan­jy» at­ly il­kin­ji ki­ta­by äh­li il­deş­le­ri­miz, şol san­da ýaş­la­ry­myz üçin aja­ýyp ýol-ýö­rel­ge, her bir iş­de gym­mat­ly usu­ly gol­lan­ma bol­dy.

Wa­ta­nyň da­ýan­jy­na de­ňe­len ýaş­lar

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 Her bir yn­san üçin ki­tap­dan uly sow­gat ýok­dur. Onuň ga­dyr-gym­ma­ty, äh­mi­ýe­ti, baý­ly­gy hiç bir sow­gat­dan pes­lär ýa­ly däl. Ta­ryh­da ata-ba­ba­la­ry­myz ki­tap bi­len bir­lik­de ki­ta­by köp oka­ýan, ki­ta­ba hor­mat goý­ýan yn­san­la­ra hem uly ga­dyr go­ýup­dyr­lar. Se­bä­bi ki­tap yn­sa­nyň akyl-dü­şün­je­si­niň, ede­bi­niň, dün­ýä­ga­raý­şy­nyň kä­mil­leş­me­gi­ne uly iter­gi ber­ýän­di­gi­ne göz ýe­ti­rip­dir­ler. Şol se­bäp­li-de, ki­ta­byň ada­myň ru­hy dün­ýä­si­ni baý­laş­dyr­mak­da, onuň dün­ýä­si­ni gö­zel­leş­dir­mek­de äh­mi­ýe­ti diý­seň ulu­dyr.

Ene mukaddesligi we türkmen dutary

«7/24. tm» № 07 (194), 12.02.2024 Şa­hy­ryň «Sal­lan­ça­gyň ba­gyn çe­ken el­le­riň­den aý­la­na­ýyn» di­ýen se­tir­le­ri­ni şe­ki­le ge­çi­ren aý­dym­çy­nyň aja­ýyp aý­dy­my, şi­rin owa­zy bi­len ýe­ri­ne ýe­ti­riş us­sat­ly­gy eli­me ga­lam al­ma­ga mej­bur et­di, has dog­ru­sy, duý­gu­lan­dyr­dy.

Änew — gadymy medeniýetiň merkezi

TÜRKSOÝ halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bagtyýar watandaşlarymyzyň buýsanjyny goşalandyrdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetini, sungatyny ösdürmek, döwrebap, kämil eserler bilen baýlaşdyrmak, ýurdumyzyň şöhratly taryhyny öwrenmek hem-de milli baýlyklarymyzy dünýäde wagyz etmek boýunça uly işler alnyp barylýar. TÜRKSOÝ halkara guramasy 1993-nji ýylda türki halklaryň umumy maddy we medeni gymmatlyklaryny ösdürmek, miras baýlyklaryny aýawly saklamak, ýaş nesillere geçirmek, olaryň umumadamzat ähmiýetini dünýäde wagyz etmek hem-de türki medeniýetli halklaryň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmek maksady bilen döredildi.

Çomakaý-çortukaý

Eziz çagalar, siz öz sanaýan sanawaçlaryňyzyň manysy dogrusynda oýlanyp gördüňizmi? Ýadyňyza düşýän bolsa, «Iňňe-iňňe, ujy diňňe» diýip başlanýan sanawaçda «çomakaý-çortukaý» diýen tirkeş sözler bardyr. Bu sözleriň manysy dogrusynda gürrüň etmekçi bolýarys. Häzirki döwürde ulanyşdan galan sözleriň köp bolmagy sanawajyň örän irki döwürlere degişlidiginden habar berýär. Bilşimiz ýaly, tirkeş sözleriň ikisi hem manyly ýa-da biri manyly, biri manysyz, ikisi hem manysyz bolup bilýär.

Ýaşajyk suratkeşleriň sergisi

Surat çekmäge höwesek, suratkeş bolmagy arzuw edýän jigilerimiz çagalar sungat mekdeplerine gatnap, öz zehin-başarnyklaryny açýarlar. Şeýle zehinli ýaşlaryň biri hem Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň Oraz Salyr adyndaky çagalar sungat mekdebiniň nakgaşçylyk hünäriniň okuwçysy Allanur Tirkişowdyr. Onuň bagtyýar çagalyk pursatlaryny, gözel tebigatymyzyň keşbini, ajaýyp natýurmortlary dürli reňkleriň kömegi bilen kagyz ýüzüne geçiren sungat eserlerini size ýetirýäris.  * * *

Çaga portretleriniň ussady

Bagtyýar çagalygyň mekanyna öwrülen eziz Watanymyzda ussat suratkeşlerimiz, nakgaşçylarymyz tarapyndan çagalaryň özüne maýyl ediji keşpleri arkaly ençeme ajaýyp nakgaşlyk eserleri kemala geldi. Suratkeşler özüneçekiji hem açyk reňkleriň dürli öwüşginlerinden peýdalanyp, mähir-mylakata hem hoşniýetlilige ýugrulan çagajyklaryň ajaýyp keşplerini döredýärler. Şeýle suratkeşleriň arasynda Türkmenistanyň halk suratkeşi, taryh ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň «Watana bolan söýgüsi üçin», «Gaýrat» medallarynyň eýesi Öwezmuhammet Mämmetnurow hakyky hyjuwa beslenen owadan çaga portretleriniň ussady hasaplanylýar. Ussat halypa 1954-nji ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gowşut obasynda dünýä inýär. Ilkinji çeperçilik bilimini 1970 — 1974-nji ýyllar aralygynda öňki Şota Rustaweli adyndaky Türkmen döwlet çeperçilik uçilişesinde (häzirki Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ýanyndaky Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebi) alýar. Bilimini kämilleşdirmek maksady bilen, 1975 — 1980-nji ýyllar aralygynda Ukrainanyň Harkow çeperçilik-senagat institutynda okaýar. Ol dünýä derejesindäki sergilere gatnaşyp, öz nakgaşlyk, grafika we dizaýn eserleri hem-de şol sanda ýaş nesillere ýazan birnäçe ylmy kitaplary bilen özüni ussat hökmünde tanatdy. Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň kemala gelmegine we kämilleşmegine goşan saldamly goşandy üçin ol döwlet sylaglaryna we

Serpaýly «Nurly Güneş»

Daşoguz şäherindäki 2-nji çagalar sungat mekdebiniň «Nurly Güneş» tans topary Gulbaba adyndaky Çagalar baýragyna mynasyp boldy «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ilkinji günlerinde ýurdumyzyň bagtyýar çagalarynyň durmuşynda ýatdan çykmajak wakalar bolup geçdi. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi tarapyndan aýratyn tapawutlanan zehinli çagalara Gulbaba adyndaky Çagalar baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Bu baýraga çagalaryň 71-si, çagalar döredijilik toparynyň bolsa 1-i mynasyp boldy.

Türkmen zenany – döwletliligiň eýesi

Zenan zynaty hakda söz açylanda, ilki bilen parasatly pederlerimiziň agraslygyny, päkizeligini göz öňünde tutup, olary mähek daşyna deňeýişleri dile getirilýär. Owadanlyk, näziklik babatda-da mähek daşyna çalymdaş zenanlar maşgalanyň, giden oba-kendiň, tutuş zeminiň hem zynaty hasaplanylýar. Zenan diýlende beden taýdan sagdyn, ruhy taýdan baý nesli kemala getirmäge ömrüni bagyş edýän eneler aýratyn hormata mynasypdyr. Gadymdan bäri türkmen zenanlary, eneleri maşgala ojagynyň mukaddesligini saklamagyň, çagalary terbiýelemegiň nusgalyk ýörelgelerini döredip, biziň günlerimize ýetiripdirler. Ojagyň mukaddesligi, ata-enä we maşgaladaky uly ýaşlylara bolan hormat, sadalyk, zähmetsöýerlik ýaly halkymyz üçin adaty bolan ahlak häsiýetleri öz gözbaşyny maşgaladan alyp gaýdýar. Edep-ekramy, arassaçyllygy, el işine ezberligi zenan maşgalany bezeýän esasy häsiýetler hasaplanylýar. Şuňa laýyklykda gadymy döwürlerden bäri zenan mertebesine sagdyn ýaşaýşyň kemala gelmeginiň zerur şerti hökmünde garapdyrlar. Olaryň jemgyýetiň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekdäki ornuna ýokary baha beripdirler. Bu barada Gahryman Arkadagymyz “Enä tagzym - mukaddeslige tagzym” atly eserinde: “Türkmen maşgalasynda edep-ekramy, asyllylygy, mähremligi bilen ýaşlar üçin görelde bolýan käbelerimiz tükeniksiz döwletiň-döwletliligiň eýesidir” diýip belleýär. Häzirki günde hem zenan maşgalala

Medeniýet — dostluk köprüsi

Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda işjeň ösdürilýär. Şunda medeni diplomatiýa aýratyn orun degişli bolup, medeniýet dostluk köprüsi hökmünde halklaryň özara ýakynlaşmagyna öz oňyn täsirini ýetirýär. Şunuň bilen baglylykda, dostlukly ýurduň Türkmenistandaky Medeniýet ýylynyň geçirilmegi ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi berýär.