Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

El hünäri — il gezer

Gözelligi döredýän gözeller Millilik. Bu sözde türkmen zenanyna mahsus däp-dessurlar, edim-gylymlar, gylyk-häsiýetler jemlenendir. Gyz-gelinleriň milli geýinmek medeniýeti, el işleri bilen bejeren milli lybaslary nesilden-nesle geçip gelýän ýol-ýörelgedir. Mährem enelerden görelde alýan gyzjagazlaryň hem milli lybaslara bolan höwesi örän uludyr.

Syýahatçylyk pudagy ösüşleriň ak ýolunda

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçirilýän çäreleriň çäklerinde şu gün, ýagny 27-nji martda paýtagtymyzyň «Ýyldyz» myhmanhanasynda «Türkmenistanda syýahatçylygy ösdürmegiň esasy ugurlary we mümkinçilikleri» atly halkara maslahat öz işine başlady.

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy. Şol gün «Now­ruz ýaý­la­syn­da» giň ge­rim­li baý­ram­çy­lyk ýag­da­ýy eme­le gel­di. Da­ba­ra­la­ra gat­naş­mak üçin bu ýe­re Hö­kü­met ag­za­la­ry, Mej­li­siň, Halk Mas­la­ha­ty­nyň, mi­nistr­lik­le­riň we pu­dak­la­ýyn do­lan­dy­ryş eda­ra­la­ry­nyň, jem­gy­ýet­çi­lik gu­ra­ma­la­ry­nyň, köp­çü­lik­le­ýin ha­bar be­riş se­riş­de­le­ri­niň, da­şa­ry döw­let­le­riň we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ryň ýur­du­myz­da­ky dip­lo­ma­tik we­kil­ha­na­la­ry­nyň ýol­baş­çy­la­ry­dyr we­kil­le­ri ýyg­nan­dy­lar. Hor­mat­ly myh­man­la­ryň ha­ta­ryn­da «Ga­dy­my Änew me­de­ni­ýe­ti» at­ly hal­ka­ra yl­my mas­la­ha­ta, «Türk­men top­ra­gy — ga­dy­my si­wi­li­za­si­ýa­la­ryň mer­ke­zi» at­ly met­bu­gat mas­la­ha­ty­na, «Türk­me­nis­tan­da sy­ýa­hat­çy­ly­gy ös­dür­me­giň esa­sy ugur­la­ry we müm­kin­çi­lik­le­ri» at­ly hal­ka­ra mas­la­ha­ta gat­naş­mak üçin ýur­du­my­za ge­len Tür­ki Döw­let­le­riň Gu­ra­ma­sy­nyň we onuň dü­zü­mi­ne gir­ýän Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň hal­ka­ra gu­ra­ma­sy­nyň (TÜRK­SOÝ), Tür­ki döw­let­le­riň Par­la­ment As­samb­le­ýa­sy­nyň, Tür­ki me­de­ni­ýe­tiň we mi­ra­syň gaz­na­sy­nyň, Hal­ka­

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di 26-njy martda Ak bug­daý et­ra­bynyň «Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky» «Türk­me­niň ak öýi» bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da «Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty» diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Türkmenistanda şanly waka mynasybetli dabaralara badalga berildi

26-njy martda Ak bugdaý etrabynyň “Nowruz ýaýlasyndaky” “Türkmeniň ak öýi” binasynda Änew şäheriniň 2024-nji ýylda “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek dabarasy boldy. “Türki dünýäsiniň medeni paýtagty” atly maksatnama türki halklaryň medeni mümkinçiliklerini açyp görkezmäge we olaryň mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Munuň özi her ýylda türki dilli ýurtlaryň dürli şäherleriniň döredijilik taryhyna ünsi çekmegi, şonuň esasynda-da baý medeni çäreleriň geçirilmegini göz öňünde tutýar we türki halklaryň taryhyň dowamynda emele gelen gatnaşyklaryna, medeniýet ulgamynda dowam etdirilýän hyzmatdaşlyga esaslanýar.

Änew — türki dünýäsiniň medeni paýtagty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di Ahal we­la­ýa­ty, 26-njy mart (TDH). Şu gün Ak bug­daý et­ra­bynyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

BMG-nyň Nýu-Ýorkdaky baş edarasynda Magtymguly Pragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirildi

25-nji martda BMG-nyň hyzmatdaşlygy bilen Türkmenistanyň hemişelik wekilhanasy tarapyndan BMG-nyň Nýu-Yorkdaky baş edarasynda görnükli türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan ýörite çäre geçirildi. Bilim, ylmy we medeni gurama (UNESKO) we halkara türk medeniýeti guramasy (TURKSOY). Dabaraly çärä BMG-nyň baş edarasyndaky ESUNESKO-nyň wekilhanasynyň ýolbaşçylary, Halkara türk medeniýeti guramasy, ECOSOC-nyň başlygy, BMG-a agza ýurtlaryň hemişelik wekilleri, diplomatik wekilhanalaryň işgärleri we BMG ulgamynyň edaralary gatnaşdy.

Änew — tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty

Türk­me­nis­tan­da şan­ly wa­ka my­na­sy­bet­li da­ba­ra­la­ra ba­dal­ga be­ril­di Ahal we­la­ýa­ty, 26-njy mart (TDH). Şu gün Ak bug­daý et­ra­bynyň “Now­ruz ýaý­la­syn­da­ky” “Türk­me­niň ak öýi” bi­na­syn­da Änew şä­he­ri­niň 2024-nji ýyl­da “Tür­ki dün­ýä­si­niň me­de­ni paý­tag­ty” diý­lip yg­lan edil­me­gi my­na­sy­bet­li ge­çi­ril­jek çä­re­le­re ba­dal­ga ber­mek da­ba­ra­sy bol­dy.

Ajaýyp toý sowgady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýany bolan şanly wakalar, hoş habarlar göwünlere ganat baglap, uly ruhubelentlik döredýär. 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Änew—müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygy barada habar bermegi «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şatlyk-buýsanjyny has-da artdyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň many-mazmunly täze kitaby şöhratly taryhymyzda mynasyp orny eýeläp, müňlerçe ýyllaryň dowamynda dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen, netijede, gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde dünýäde ykrar edilen Änew medeniýetine bagyşlanýar. Geçmişe bolan sarpany, taryhymyza bolan buýsanjy artdyrýan bu kitap 2024-nji ýylda Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli gadymy Oguz ýaýlasynda badalga alan toý dabaralaryna ajaýyp sowgat boldy.

Dost-doganlygyň mekany

Düýn Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasyny şatlyk-şowhun gurşap aldy. Ýaşyl begrese beslenen bu gözel künjekde Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli geçiriljek çärelere badalga bermek bilen bagly dabara ýaýbaňlandyryldy. Dabara gatnaşyjy türki dilli döwletleriň wekilleri we beýleki hormatly myhmanlar toý keşpli ýaýlada giň gerim berlen baý many-mazmunly tomaşalary synladylar. Umumadamzat medeni genji-hazynasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen halkymyzyň baý medeni mirasyny, daýhançylyk däplerini, oba zähmetkeşleriniň ýaz aladalaryny we çarwa durmuşyny açyp görkezýän tomaşalar, belent watançylyk duýgusyna beslenen milli aýdymlardyr sazlar, beýleki milli öwüşginli tomaşalar hemmelerde göwün göteriji duýgyny döretdi.

Myhmanlaryň ýürek buýsanjy

Änew şäheriniň 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çärelere badalga bermek dabarasyna doganlyk ýurtlaryň aýdym-saz, halk döredijilik toparlarynyň wekilleri gatnaşyp, özleriniň ajaýyp çykyşlary bilen dabara özboluşly şowhun goşdular. Ýörite habarçymyz şol şatlykly pursatlarda myhmanlaryň birnäçesiniň ýürek buýsanjyny ýazga geçirdi.

Änew — gadymy medeniýetiň mekany

Türkmen topragynda togsan dolup, ýere ýyly girmegi bilen, tebigat gaýtadan janlandy. Bahar bagtly pursatlary goýnuna dolduryp, älem gözellikleriniň dürüni ykbalymyza bagyş edip, bosagamyzdan ätledi. Al-elwan güllere, lälezarlyga beslenen baharyň nurana günleri bagtly seneleri we wakalary bagyş edip, duýgy dünýämize tükeniksiz ylham berýär. Paýtagtymyz Aşgabatdan sekiz kilometr gündogarda, Ahal ýaýlasyna ýaýylyp gidýän gadymy Änew şäheri bu bahar günleri çar ýandan gelýän myhmanlary garşy aldy. Her bir halkyň özüniň öçmejek şöhratly taryhy, belende göterilen milli medeniýeti bolýar. Türkmen halkymyzyň hem hiç bir halkyňka meňzemeýän beýik taryhy, gaýtalanmajak medeniýeti bar. Üstünden Beýik ýüpek ýoly geçen gadymy Diýarymyzda taryhy-medeni ýadygärlikleriň ýüzlerçesiniň bolmagy-da bu topragyň şöhratly taryhyndan habar berýär. Änew medeniýetiniň açylmagy diňe bir Günorta Türkmenistanyň taryhy üçin däl, eýsem gadymy Gündogaryň oba hojalygynyň taryhy üçin hem möhüm ähmiýete eýe boldy. Änew medeniýetini öwrenmek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda başlandy we birnäçe gezek täsin tapyndylary bilen haýran galdyrdy.

Beýik Ýüpek ýolunyň altyn halkasy

Adamzadyň medeniýet sallançagynyň ilki bat alan ýerleriniň biri bolan Änew şäheri diňe türkmen taryhynyň şöhratly geçmişini goýnunda saklaman, eýsem, külli türki dünýäsi üçin aýratyn ähmiýetlidir. Taryhy alyslara uzap gidýän bu şäheri 2024-nji ýylda «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýip yglan etmek boýunça degişli çözgüdiň 2022-nji ýylyň 5-nji noýabrynda Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň mejlisinde kabul edilmegi, soňra hormatly Prezidentimiziň bu mynasybetli dabaralary we çäreleri guramaçylykly geçirmek maksady bilen degişli resminama gol çekmegi taryhy waka boldy. 2023-nji ýylyň 10-njy dekabrynda doganlyk Azerbaýjanda geçirilen «Şuşa — Türki dünýäniň medeni paýtagty — 2023»-iň ýapylyş dabarasynyň çäginde TÜRKSOÝ-yň Hemişelik geňeşiniň utgaşdyryjysy diýen wezipe hem-de «Türki dünýäniň medeni paýtagtynyň» nyşany Türkmenistanyň wekiliýetine gowşuryldy. Şol wakanyň yzysüre onuň hormatyna Änew şäherinde şatlyga beslenen dabara geçirilipdi. Änew medeniýeti türkmen halkynyň geçmişinden habar berýän taryhy wakalaryň şaýady bolup, açyk asmanyň astyndaky muzeý hökmünde seleňläp duran taryhy ýadygärlikleriň biridir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu şatlykly günlerde halkymyza sowgat eden «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabynyň hem

Beýik ussadyň sarpasy

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýär. Bu ajaýyp sene mynasybetli berkarar Watanymyzda we daşary ýurtlarda giňden ýaýbaňlandyrylýan baý many-mazmunly çäreler beýik söz ussadymyzyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren baý edebi mirasyny öwrenmekde hem-de bütin dünýäde wagyz etmekde örän ähmiýetli bolup durýar. Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy tarapyndan 2024-nji ýyl «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi üstümizdäki şanly ýylda geçirilýän çäreleriň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrýar.

Damana ýolunyň ussady

Türkmen topragynyň her daban ýerinde taryh bar. Onuň ilkinji sebäbi türkmeniň gadymy halkdygy bolsa, ikinjisi Oguz han pähimine eýeren pederlerimiziň hupbulwatandygy we bu asylly terbiýäni nesillere geçirip, ýörelgä öwürmekleridir. Bu hakykaty türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Mertler Watany beýgeldýär» diýen parasatly jümlesinden hem görmek bolýar. Ýer ýüzünde islendik bir mekanyň taryhy, şol topragyň öňden bar bolan desgalarynyň öwrenilişi, töwereginde geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň netijesinde ýüze çykarylan arheologik tapyndylary hem-de şol sebitde ýaşap geçen şahsyýetleri, olaryň il-ulus bähbitli, adamzat ähmiýetli açyşlary, bitiren hyzmatlary boýunça beýan edilýär. Bu usullar arkaly şol ýeriň taryhy, medeniýeti, edebiýaty... ýüze çykarylýar. Munuň şeýledigini biz gadymy Änew topragynyň mysalynda hem görýäris.

Gadymy Änew myhmanlary garşylaýar

Türkmen topragy tebigatyň läle-reýhana beslenip, göwünlerde egsilmez ylham, döredijilik hyjuwyny, ýaşaýşa telwasy oýarýan hoşnut günlerinde dostlukly ýurtlardan gadyrly myhmanlary gujak açyp garşylaýar. Gadymy Oguz ýaýlasynda asly, ynanjy, däp-dessurydyr medeniýeti bir bolan türki döwletlerden gelen myhmanlar, alymlardyr görnükli jemgyýetçilik işgärleri, sungat wekilleri jem bolup, toý döwresini guraýarlar. Şu gün — 26-njy martda Ahal welaýatynyň edara ediş merkezi Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi bilen bagly çärelere badalga bermek dabarasy geçirilýär. esasy söhbede geçmezden ozal, bu ýakymly wakalar bilen bagly habarlary hem paýlaşmak ýerlikli bolardy. Olaryň ilkinjisi, 23-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly täze kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi. Şu gün badalga aljak wakalara gabatlanyp çapdan çykan bu kitap foruma gatnaşyjy myhmanlara, bütin il-ulsumyza ajaýyp toý sowgady bolar. Eserde, adyndan belli bolşy ýaly, halkymyzyň geçmiş taryhynda mynasyp orny eýeleýän, dünýäniň görnükli alymlary tarapyndan öwrenilen we dünýäde iň gadymy siwilizasiýalaryň biri hökmünde ykrar edilen Änew medeniýeti dogrusynda söhbet açylýar. Beýleki bir hoş habar bolsa BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji se

Şanly senäni dabaralandyran çykyşlar

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň wezipä girişen güni mynasybetli baýramçylyk konserti

«...Reň kylar jahan peýda»

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyş döwründe «Pähim paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halky Milli bahar baýramyny uly şatlyk-şowhun bilen döwlet derejesinde belläp geçdi. Baýramçylyk günleri ýurdumyzyň ähli künjeklerinde dabaraly çäreler geçirildi, dürli sport ýaryşlary gurnaldy. Türkmen halky irki döwürlerden bäri bir hepde öňünden bu baýrama taýýarlyk görüpdir. Öýler, goşlar tämizlenip, täze lybaslary geýipdirler. Bahar baýramynyň Horezm patyşalygynyň köşgünde bellenilişi Abu Reýhan Birunynyň «Geçen nesilleriň ýadygärlikleri» atly işinde giňişleýin beýan edilýär. Biruny bu eseriniň gadymy halklaryň baýramçylygyna bagyşlanan babynda: «Nowruz ýaşaýşyň başlangyjydyr» diýip nygtapdyr. Birunynyň ýazmagyna görä, Nowruz gününiň ir säheri iň bagtly, şowly pursat hasaplanypdyr. Nowruz gününde ýere suw sepmek we birek-birege sowgat bermek däbi bolupdyr. Bu däbiň gelip çykyşy barada gyzykly maglumatlary galdyrypdyrlar. X-XI asyrda Nowruz baýramynyň bellenilýän güni hökümdarlar baýramçylyk mynasybetli öz esgerlerini täze egin-eşikler bilen sylaglapdyrlar. Köşkde uly dabaralar geçirilipdir. Bazar meýdançalarynda şahyrlar öz kasydalaryny okapdyrlar, aýdymçylar aýdym aýdypdyrlar.

Dilleri dogan milletler

«7/24. tm» №13 (200), 25.03.2024 Türkmen dessany we hindi kinosy

Çagalaryň kalbynda sungata söýgi

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen uly işler durmuşa geçirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ata Watanymyzda ýurdumyzyň geljegi bolan körpe nesliň giň dünýägaraýyşly, başarjaň, sowatly ýaşlar bolup ýetişmegi üçin yzygiderli aladalar edilýär. Bu babatda körpe nesliň geljegi baradaky alada ilki bilen mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlaýar. Ýurdumyzyň mekdebe çenli bilim edaralarynda körpelere berilýän bilimiň we terbiýäniň hilini kämilleşdirmek maksady bilen uly işler alnyp barylýar. Şeýle wezipeleri döwrüň talabyna laýyk derejede alyp barmakda biziň çagalar bagymyzda hem giň möçberli işler alnyp barylýar. Esasan hem, körpelerde ýaşlykdan sapaklaryň üsti bilen aýdym-saz sungatyna söýgüni döretmek ugrunda tagallalar edilýär. Aýdym-saz sungaty çagalarda içki duýgularyny, eşidişini, ýadyny, ýekelikde hem-de köpçülikde hereket edip bilmek ukyplylygyny, ritmiki duýgulary ösdürmekde esasy serişdedir. Çagalaryň kalbynda sungata söýgüni kemala getirmek, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kämil bilim bermek, bu ugurda öňde goýlan maksatlara üstünlikli ýetmek her bir aýdym-saz mugallymynyň, terbiýeçiniň öz öňünde goýan esasy wezipesidir. Çagalaryň ösüşiniň talabalaýyk bolmagy üçin çagalar baglarynda aýdym-saz sapaklarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu sapaklarda diňlenilýän sazlar çagalaryň ajaýyp häsiýetleriniň