Türkmeniň nusgalyk alabaýy

Esaslandyryjysy: Halkara "Türkmen alabaý itleri" assosiasiýasy
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly 553/2 jaýy.
Telefon belgileri: 39-00-72

Habarlar

Tebigatyň ajaýyp gözelligi

GÜLLER — DURMUŞYMYZYŇ BEZEGI Güller — dünýäniň bezegi. Al-elwan öwüsýän ajaýyp güller ynsan ömrüniň bezegi. Hoştap ysy bilen bark urýan näzijek güller kalplaryň bezegi. Zemin zynaty hasaplanylýan dürli öwüşginli güller ýagty geljege hoş umyt bilen garaýan ynsany ýaşaýşa ruhlandyryp, kalbynda ajaýyp duýgulary oýarýar.

«Hazar» — tebigatyň gözel künjegi

Türkmenistanda bar bolan 9 sany tebigy goraghananyň içinde «Hazar» döwlet tebigy goraghanasy ýeke-täk deňiz goraghanasydyr. Çünki onuň tutýan meýdanynyň 70 göterimden gowragyny deňiz suwunyň akwatoriýalary eýeleýärler. Goraghananyň ylmy işgärleri tarapyndan ençeme dürli temalar boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Ol temalar goraghananyň meýdanlarynda bar bolan ösümlik we haýwanat dünýäsi barada maglumatlary toplap, ylmy taýdan öwrenmekden ybaratdyr. Hazar deňziniň gözelligi onuň ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Hazar ýakasynyň tebigaty haýran galdyryjy köpdürlüdir. Goraghanada dürli ösümlikleriň 419 görnüşi bellige alnyp, onuň köp bölegi Etrek derýasynyň aşaky akymlarynda ýerleşendir. Hazarda ýaşyl, gyzyl, goňur suwotular agdyklyk edýär. Deňzi mesgen edinen haýwanlaryň hem-de ösümlikleriň esasy aýratynlyklarynyň biri-de, olaryň käbirleriniň ýokary derejede endemik hasaplanylmagydyr. Ylymda endemik diýlip, şol bir ýerde ýaşaýan, başga ýerlerde asla duş gelmeýän ösümlikleriň we haýwanlaryň görnüşlerine aýdylýar. Şonuň üçin olaryň onlarça görnüşleri kenarýaka döwletleriň Gyzyl kitaplaryna, şeýle-de halkara Gyzyl kitabyna girizilendir.

Täsin maglumatlar

Gyş paslynyň gelmegi bilen çagalaryň her biri garyň ýagmagyna garaşýar. Sebäbi göz gamaşdyryjy kümüş reňkli gar tebigatyň bezegi. Gar tozgajyklarynyň seçelenip, topragyň ýüzüni örtmegi, agaçlaryň şahalarynyň täsin bir sungat eserine öwrülmegi kalbyňy heýjana getirýär. Şeýle owadanlygy döredýän gar we gar tozgajyklary bilen bagly gyzykly maglumatlar köpleri gyzyklandyrýan bolsa gerek. ● Gar tozgalarynyň aýdymyny diňläp gördüňizmi? Gar tozgalary suwa degende ýokary ýygylykly ses çykarýar, emma bu sesi adamlar eşitmeýär.

Ýyldyzlar näme diýýär? 2024-nji ýyl — luw ýyly

Syçan. Bu ýylda doglan adamlar üçin geljek luw ýylynyň has-da özboluşly bolmagyna garaşylýar. Syçan ýylynda doglanlar üçin täze ýyl täze mümkinçilikleriň we tejribeleriň ýyly. Geljek ýyl olara işjeňlik we joşgunlylyk bagyş etjekdigini wada berýär. Şonuň üçinem syçan ýylynda doglanlar üçin täze ýyl üýtgeşik wakalara baý bolar. Bu ýyl üstünlige ýetmek üçin esasy zat — töwekgelçilik etmek we ynamly, batyrgaý öňe gitmek gerek. Gabat gelip biläýjek islendik meselede oňat netije gazanmak üçin duýgularyňyza bil baglap bilersiňiz. Käbir şowsuzlyklaryňyz bolsa siz üçin iň oňat durmuş tejribesi bolup galar. Sygyr. Täze ýyla öňünden taýýarlap goýan meýilnamalaryňyzy durmuşa geçirmegiň hötdesinden gelseňiz, size, hakykatdan hem, üstünlik we oňat girdeji garaşýar. Sygyr ýylynda doglanlara geljek ýylda bagtly günler garaşýar. Luw ýylynda şahsy durmuşyňyzy hem isleýşiňiz ýaly bir tertipde saklap bilersiňiz. Ýylyň başynda ýüze çykyp biläýjek käbir kynçylyklardan birjik-de çekinmäň. Siziň tutanýerliligiňiz hem-de janypkeşligiňiz geljek ýylda gazanjak her bir üstünligiňiziň esasy bolar. Galyberse-de, 2024-nji ýyl — luw ýyly size köp babatda şowlulyklary wada berýär. Täze ýylda her bir işiňize ynamly çemeleşseňiz, girdejiňizi ep-eslije ýokarlandyryp bilersiňiz.

Adamzadyň bähbidine

Daşky gurşawy goramak, tebigatymyzyň baýlyklaryny we gözelliklerini aýawly saklamak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, tebigaty gorap saklamak boýunça alnyp barylýan işlerde döwletimiz iri halkara guramalar bilen işjeň hyzmatdaşlyk saklaýar. 1-2-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyna (СOP28) gatnaşmak üçin Birleşen Arap Emirliklerine iş saparyny amala aşyrdy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz forumda çykyş edip, howanyň üýtgemegine we onuň netijelerine garşy göreşmekde mundan beýläk-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen ekologik meselelere degişli wezipeleriň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamak boýunça ýurdumyzyň garaýyşlaryny beýan etdi. Şeýlelikde, Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatynda hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny yglan etdi. Bellenilişi ýaly, şol bir wagtda, ýurdumyz bu resminamadan gelip çykýan şertleri iş ýüzünde ýerine ýetirmäge gönükdirilen taslamalaryň we maksatnamalaryň çäklerinde halkara guramalar, hyzmatdaş döwletler bilen gündelik hyzmatdaşlygy dowam etdirer. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda BMG-niň Merkezi Aziýa

Ekologiýa boýunça hünärmenler taýýarlanylýar

Ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek, daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly çemeleşmek, onuň gözelligini we baýlyklaryny geljekki nesiller üçin saklamak Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolup durýar. Daşky gurşawyň arassalygy adamyň saglygynyň girewidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde daşky gurşawy goramak, tebigatyň baýlyklaryna aýawly çemeleşmek, bagy-bossanlyga öwürmek babatda döwlet derejesinde toplumlaýyn we netijeli işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 1-nji sentýabrynda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde geçen umumy sapagynda her bir ynsanyň sagdyn bolmagy, ýaşaýyş hakdaky garaýyşlarynyň giňelmegi, zehinleriniň açylmagy we döwre, döwlete hem-de bagtyýar geljege mynasyp adamlar bolup ýetişmegi üçin örän ähmiýetli bolan terbiýäniň görnüşleriniň biri hökmünde ekologiýa, tebigata söýgi terbiýesini nygtap geçdi.

Welaýatymyzda iri süýji suw gatlaklary

Welaýatymyzyň çäginde süýji ýerasty suwlary saklaýan sebitleýin ýaýran gatlaklar suw üpjünçiligi üçin ýaramlydyr. Süýji ýerasty suwlaryň esasy gorlary we serişdeleri çägeli çöllükde, iri çägeasty, ähli ugurlar boýunça çürelip inçelýän iki tarapy güberçek gatlaklarda (linzalarda) ýerleşýärler. Gurak çöllüklerde ýerasty süýji suw gatlaklary aşakda ýatan duzly suwlaryň üstünde ýerleşýärler, duzly suwlaryň ýokary dykyzlylygy netijesinde olar süýji suwlar bilen garyşmaýarlar. Şolaryň hasabyna halk hojalygynyň köp pudaklarynyň suw üpjünçiligi ýola goýulýar. Olaryň hemmesi ýeterlikli öwrenilendir we esasan, ýerüsti suw akarlardan (derýalardan, iri suwaryş ulgamlaryndan) uzakda ýerleşendir. Welaýatymyzda Ýasga, Çerkezli, Garaköl, Çilmämmetgum ýaly iri çägeasty gatlaklaryň süýji suwlarynyň ulanyş gorlary tassyklanandyr. Ýasga süýji suw gatlagy Uzboýuň kenarynda ýerleşip, Uzboýýaka Garagumuň merkezi bölegini tutýar. Onuň umumy uzynlygy 65 kilometrden, giňligi 30 kilometrden gowrakdyr. Iki müň inedördül kilometre golaý meýdandaky süýji suwuň duzlulygy 1 gram litre deňdir. Bu ýerde suwuň gorlarynyň köpdügi anyklanyldy. Emma, süýji suwuň daş-töwereginiň duzly suwlar bilen gurşalandygy sebäpli, guýulary iki enjamly gurnaýarlar. Şolaryň biri süýji suw, beýlekisi bolsa duzly suw çykarýar. Şeýle edilensoň, duzly suw süýji suw çykarýan guýa zeper ýetirip bilmeýär. Suw gatlagy öwrenilende, N.G. Ş

Günbatar Köpetdagyň alma tokaýlyklary

Günbatar Köpetdagda alma, armyt tokaýlyklaryna uly orun degişlidir. Bu künjekde ýabany görnüşde duşýan almalar şeker alma, turşy alma, gyş alma ýaly görnüşler bilen häsiýetlenýär. Alma agaçlary Garaälemde, Süntde, Hasarda, Çokagaçda, Aýderede, Könekesiriň demirgazygyndaky daglarda, Çendirde, Güwende, Tämilde, Ypaýgalada ýabany ýagdaýda orta we ýokary guşaklyklarda, eňňitlerde, jülgelerde köpçülikleýin gabat gelýär. Olar Hasarda topbak bolup, dag tokaýjygyny emele getirýär.  

Tebigy gurşawyň sazlaşygynda

Häzirki döwürde dünýäniň ählumumy ekologiýa meseleleriniň biri howanyň üýtgemegi bilen bagly bolup durýar. Türkmenistan 1996-njy ýylda Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyny we şol konwensiýanyň Kioto Teswirnamasyny ykrar etdi. Soňky 60 ýylyň içinde ýurdumyzda gyşda howanyň ýylylygynyň iň ýokary derejesiniň +20 gradusa ýetmegi hasaba alyndy. Ýaz aýlarynda ýagnyň ýagmagy artdy, tomusda bolsa peseldi.

Balkan daglary hakynda

Uly Balkan dagynyň iň beýik gerşi Düňeşgala bolup, ol deňiz derejesinden 1881 metr belentlikde ýerleşýär. Oňa, başgaça Arlan dagy hem diýilýär. ***

Togdary

Ýaşaýyş aýratynlygy boýunça togdary Türkmenistanda gyşlaýar. Düzlüklerde duş gelýär, sazagyň gür ösen we baýyrlyk ýerlerden gaça durýar, şoraly hem-de ýowşanly ýerleri halaýar. Dag eteginde giňden ýaýrandygyna garamazdan, togdary daglarda duş gelmeýär. Togdary özüni örän seresaply alyp barýar, ýerden sähel ýokarda uçýar. Ol sagatda 35-40 kilometr tizlikde ylgaýar. Olar höwürtge gurmaýarlar, mäkiýany ýumurtgalarynyň daşyna gury baldaklary üýşürýär. Ýumurtgasyny 21—23 gün basyrýar. Togdary ownuk oňurgaly haýwanlar, mör-möjekler, ösümlikleriň dürli bölekleri bilen iýmitlenýär. Häzirki wagtda dünýä derejesinde ýitmek howpy abanýan togdary Tebigaty goramagyň halkara birleşiginiň Gyzyl sanawyna, şeýle-de Ösümlikleriň we haýwanlaryň ýitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakyndaky Konwensiýasynyň birinji goşundysyna girizilendir.

Biserhet dünýäniň perwanalary

Bu ýerde gürrüň guşlar, olaryň ýaşaýşy hakynda barýar. Guşlaryň birnäçe görnüşi ýylyň pasyllaryna görä özleriniň ýaşaýan ýerlerini üýtgedip durýar. Ine, häzirki gyş günlerinde bolsa olaryň köpsanlysy ülkämize gyşlamaga geldi. Munuň özi, ilkinji nobatda, tebigatyň özboluşly kanuny bilen baglanyşykly. Ikinjiden bolsa, ýurdumyzda guşlaryň gyşlamagy üçin amatly tebigy şertleriň bardygyny bellemek artykmaçlyk etmez. Üstesine, olaryň birnäçe görnüşi kanunçylyk tarapyndan hem berk gorag astyna alnandyr. Türkmen topragynda gyşlaýan guşlaryň arasynda gözellikde deňsiz-taýsyz guwlardyr ak we çal durnalar, uly ak gogurlardyr uly jübtünler, ördeklerdir deňiz bürgütleri, gajarlardyr togdarylar bar. Doly bolmadyk bu sanawdaky guşlaryň aglabasy suw guşlarydyr. Welaýatymyzda olaryň gyşlamaklary, kadaly iýmitlenmekleri üçin ýeterlik möçberde köllerdir emeli suw howdanlary bar. Olaryň bir bölegi bolsa biziň goraghanamyzyň çäginde ýerleşýär. Guşlar Amyderýada, Gabakly, Nargyz tokaýlyklarynyň, Kelif çäkli goraghanasynyň çäklerindäki köllerde köpçülikleýin gyşlaýarlar. Bu guşlaryň köpsanlysynyň Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendigi bellärliklidir.

Ýylyň iň gysga gündizi

Halk senenamasynda dekabr aýynyň 22-si ýylyň iň uzyn gijesi we iň gysga gündizi hasaplanylýar. Hakyň nazary düşen mukaddes türkmen ülkesiniň gijeki gözelligini näçe wasp etseň-de az. Welaýatymyzyň merkezi Daşoguz şäheriniň nurana ýollarynda, edara-kärhanalaryň binalarynda, seýilgählerde, ýaşaýyş jaýlarynda özboluşly öwşün atýan yşyklar gijelerine asuda asmanymyza bezeg berýän ýyldyzlar bilen bäs edip, has-da gözel görnüşi emele getirýär. Edil şu günlerde bolsa täze ýylyň buşlukçysy bolan, gurjak ýaly bezelen arçalar naşyja jäjeklerini güjeňläp, gijeki gözelligiň görküne görk goşup, hemmeleriň ak arzuwlar bilen garaşýan şagalaňly baýramy bolan Täze ýyl baýramçylygynyň öň ýanyndaky günlerde ruhubelentlik bagyşlaýar.

Türkmen tebigaty – eşretli eýýamyň ylham çeşmesi

Nurly mekanymyz bolan türkmen topragymyzyň üýtgeşik özüne çekiji we örän baý tapylgysyz tebigaty bar. Türkmeniň ar-namysyndan, milli ruhundan habar berýän uçut gaýaly, bag-dereli daglarymyz, aňyrsyna göz ýetmeýän magdana baý gyzyl-gök çägeli çöllerimiz, tolkunynyň sesi bilen döwletimiziň ösüşlerini jar edýän ýaly tolkun atýan deňiz-derýalarymyz Diýarymyzyň tebigatyna özboluşly gözelligine barha gözellik goşýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ýurdumyzda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmeklige hem uly üns berilýär. Syýahatçylyk Türkmenistanyň döwlet syýasatynda iň ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ýurdumyzyň durnukly syýasy, ykdysady hem-de medeni ösüşleri dünýäniň köp ýurtlaryny özüne çekýär we ýurdumyza bolan gyzyklanmalary döredýär. Behişdi tebigata eýe bolan ýurdumyzyň özboluşly ajaýyp tebigat gözellikleri dünýä halklaryny, alymlary, syýahatçylary we söwdagärleri gadym wagtlardan bäri hem özüne çekip gelipdir. Olar türkmen sährasynda ýaşaýan adamlaryň durmuşy, tebigy täsinlikleri, ösümlik we haýwanat dünýäsi barada özlerinde galdyran täsirlerini beýan edipdirler. Syýahatçylyk ulgamyny ösdürmekde örän köp işler amala aşyryldy.

Gyş pasly geldi

Ak gardan donuny atyp egnine, Türkmen topragyna gyş pasly geldi.şöhrat hem şan berip, ile, döwrüme,Türkmen topragyna gyş pasly geldi. Aňzagy bar, ýagyşy bar, gary bar,Toprak üçin gerek zatlaň bary bar,Ak garyna garaşdyk biz intizar,Türkmen topragyna gyş pasly geldi.

Gyşyň örküji

«Özleşdireniň özüňki» diýleni. Ata-babalarymyzyň irki döwür-eýýamlardan bäri berk ýöredip gelýän milli wagt hasaplary we senenamalary kemala gelýänçä, kösençlikler az bolan däldir. Üşükli, pähim-parasatly ata-babalarymyz tebigat bilen düşünişip ýaşamagyň, ony ulanmagyň, nygmatlaryndan peýdalanmagyň, olary artdyrmagyň emelinem, hasabynam, gurallarynam tapypdyrlar. Duýup, diňläp, düşünip bilene Aý, Gün, ýyldyzlar, şeýle-de Zeminiň dört örüsindäki ähli barlyklar: suwlar, ösümlikler, magdanlar, haýwanlar — barysy boljak hadysalar barada yşarat berip durlar. Zemin emele geleli bäri, göräýmäge, asuda aýlanyp dur. Asudalyk bar ýerinde bolsa bar zat oňatlyk. Ýöne ol düşünen-düşünişen üçin asuda, diline düşünmeýäni, garaşmaýany, taýýar dälleri tebigatyň dürli hadysalary häli-şindi başagaýlyga-da salaýýar.

Reňki hurmaýy igde

Bu daragt hakynda şeýle bir rowaýat bar. Irräkki döwürde bir barjamly baýyň dürli ir-iýmişli uly çarbagy bolupdyr. Şol bagyň içinde-de ýalpyldap duran ýaşyl ýaprakly, miwesi iri hem örän tagamly bir agaç bar eken. Kölegesiniň goýrulygy sebäpli, beýleki ösümliklere zyýan berýänligi üçin baý öz bagbanyna bu daragty çarbagyň daşyna, akar ýabyň boýunda ekmegi buýrupdyr. Ine, şonda çarbagyň daşyna çykarylan bu agajyň göwni galyp, namys etmekden ýaňa ýapraklary kiçelip, inçelipdir, reňki öçüşip, ol açyk aksowult kümüş reňke öwrülipdir. Miwesiniň suwy sykylypdyr, içi tozgalap, igläp, daşky gabygy gyzyl köz ýaly reňke dönüpdir. Igläp-igläp, «igde» adyny alan bu agajyň miwesi welin, şol bir ýokumlylygyna galypdyr. Onuň häzirki wagtda-da obanyň, mellek ýerleriniň çet-gyralaryndaky ýaplaryň boýunda ekilýändigi hem şondanmyş.

Gudrat göreý diýseňiz...

Daglar hakda biziň nusgawy şahyrlarymyz ençeme ajaýyp setirleri miras galdyrypdyr: Daglar ýeriň myhydyr...

Garagum täsinlikleri

Garagum sährasy türkmen kalbynyň aýrylmaz bir bölegidir. Bu sährada asyl durkunda saklanyp galan tebigatyň gadymy hem-de üýtgewsiz keşbi halk ýaşaýşynyň tebigy etnografiýasyny öwrenmekde we oňa akyl ýetirmekde juda möhümdir. Hut şundan ugur alyp, Merkezi Garagumuň çäginde «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasy döredildi. Merkezi Garagumuň aýratynlyklary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda hem özüniň anyk beýanyny tapýar. Romandaky: «Garagum desterhanynyň ileri tarapynda — Tejen şäheriniň deňesinde öňüňden Tejen derýasy çykýar. Şäherden geçip göni gitmek eýgertmeýän ýaly, derýa bu ýerde ugruny üýtgedýär: gaýralygyna — Merkezi Garaguma ugur alýar» diýlen setirleri okanyňda, Garagum sährasy göz alnyňda ýaýylyp ýatan ýaly bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň: «Ana, şol ýerde — derýanyň Garawekiliň jaryna guýup soňlanýan ýeriniň aşak tarapynda Merkezi Garagumy ýanbaşlap oturan tenha bir oba bar» diýlen sözleri-de halkymyzyň öz ýaşaýşyny Garagum sährasy bilen berk baglanyşdyrandygyny iňňän çeperçilik bilen suratlandyrýar.

Zirk

Günorta-Günbatar Köpetdag ösümlik dünýäsine örän baýdyr. Bu ýerde 1300-den gowrak ösümlik görnüşi hasaba alnandyr. Şol ösümlikleriň 100-den gowragy agaç we agaçjymak ösümliklerdir. Şeýle ösümlikleriň biri-de zirk agajydyr. Zirkleriň dünýäde bäş ýüzden gowrak görnüşi bellidir. Ýurdumyzda olaryň üç görnüşi duş gelýär. Ol başgaça «sarytiken» diýlip hem atlandyrylýar. Bu ösümligiň boýy 2-4 metre ýetýär. Ýapraklary çogdam-çogdamdyr. Zirk ösümligi aprel-sentýabr aýlarynda gülleýär, sentýabr-oktýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär. Ol düýbünden çykan kök ösüntgilerinden köpelýär. Derelerde, çeşme boýlarynda gür baglygy emele getirýär.