Bereketli tut agajy
XIII asyrda ýaşan arap syýahatçysy, alym Ýakudyň eserlerinde Horasanda, Amulda, Merwde ýüpekçiligiň ösendigi, şonuň üçin bu ýerde tut agajynyň kän ekilýändigi bellenilýär. Ata-babalarymyz: «Bir ýyl tut ekseň, ýüz ýyl altyn alarsyň!» diýen nakylyň üsti bilen tuduň bereketli daragtdygyny nygtapdyrlar. Tut suwda näçe köp ýatsa hem çüýremeýär. Wagt geçdigiçe ýalpyldap, goňur reňkli, owadan öwüşginli agaja öwrülýär. Ussalar taplanylan tut agajyndan dutar, gyjak ýaly saz gurallaryny, gamçynyň, pyçagyň, gylyjyň, hanjaryň, keseriň, haly daragynyň, tikejiň sapyny, gowanyň çiligini, okara, soky, juwaz, araba, sallançak ýaly öý goşlaryny ýasaýarlar. Senetçiler tut agajyndan heýkelleri, dürli oýnawaçlary, diwardan asyp goýmak üçin owadan nagyşly agaç çarçuwalary, sütünleri, derwezeleri, gapylary, sandyklary, amaly-haşam sungaty eserleriniň gaýtalanmajak nusgalaryny döredýärler. Gurlanyna birnäçe asyr geçen binalaryň üçegine goýlan agaçlar, eger tutdan bolsa wagtyň synagyna döz gelýär. Tut çybyklaryndan dürli görnüşli sebetleri örüp, olara günde guradylan gurtlary, kişmişleri, kaklary, igdeleri salypdyrlar. Gadymy döwürlerde halkymyz et önümlerini saklamak üçin ýahdan gurupdyrlar. Onuň ähli tarapyny gum süýşmez ýaly tut agaçlary bilen örüp çykypdyrlar. Ýahdanyň içi garaňky hem salkyn bolupdyr. Oňa tut agajyndan gapy goýupdyrlar.