«Il-günüň bir iş tutsa, sen ondan galyjy bolma!»

31 Mart 2021
1430

Geçmiş taryhymyza nazar aýlasak, häzirki wagtdaky ýaly kämil tehnikalar ýok mahaly aryklar, ýaplar, kiçijik salmalar ot-çöpden arassalanylanda, gazy işleri geçirilende oba adamlary üýşüp ýerine ýetirer ekenler. Olara «haşarçylar» diýipdirler.

Olar bilen bagly halk arasynda ençeme yrymlar, däp-dessurlar häli-häzirler hem saklanyp galypdyr. Haşarçylar işläp ýörkä, golaý-goltumdan biri geçse, hökman sowlup, olara az-kem dynç bermek üçin el kömegini bermek parz hasaplanypdyr. Käbir ýagdaýlarda haşarçylar piliň üstünde çörek goýup, geçip barýan ýolagça hödürläpdirler. Ýolagçy çöregiň duzuny dadyp, piliň üstünde biraz pul goýupdyr ýa-da çörek hödürlän adam bilen göreş tutmaly bolupdyr. Göreş tutmak agyr zähmetden ýadan adamlarda biraz göwün açmak ýaly täsir döredipdir. Şeýle usul bilen ýygnalan pula haşarçylar gazy mahaly zerur azyk önümlerini satyn alypdyrlar. «Ýabyňyz akarly bolsun, ekiniňiz biterli bolsun!» diýip, geçip barýanlar alkyş sözlerini aýdyp, haşarçylaryň armasyny ýetiripdirler.

Artyk ARAZGELDIÝEW,
TMÝG-niň Gurbansoltan eje adyndaky etrap geňeşiniň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar