Döwlet syýasatynda milli gymmatlyklaryň aýratyn orny bar. Türkmen halky ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän däp-dessurlarymyzy aýap gelşi ýaly, maddy, medeni gymmatlyklarymyzyň durmuşdaky ornuny hem ýitirmän gelipdir. Her bir ugur boýunça gyzyklanýan zehinli, ukyply adamlar bolup, olar milli gymmatlyklarymyzy kämilleşdirip, geljekki nesillere ýetirmek ugrunda köp işleri bitiripdirler. Şeýle janköýer adamlaryň yhlasy bilen türkmeniň bedew atlary, saryja goýunlary, arwana düýeleri, alabaý itleri, elguşlary, şeýle hem waharman gawunlary, üzümleriň dürli görnüşleri, ak bugdaýymyz we beýleki köp-köp gymmatly mirasymyz häzirki günlere gelip ýetipdir.
Häzirki wagtda Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde atçylyk hünäriniň talyplary bolup okuw tejribeligini geçýäris, seýisçiligiň inçe syrlaryny, atlaryň iýmleniş şertlerini, täze doglan taýlaryň idedilişini, hasaba alnyşyny halypa seýislerden öwrenip, nazary okuwda alan bilimlerimizi tejribelikde berkidýäris. At boýunça geljekki ýaş hünärmenler hereket edýän döwrebap atçylyk toplumlarynda tejribeligiň dowamynda tohumçylyk işleriniň guralyşyny, möwsümleýin keselleriň bejerilişini we öňüni alyş çäreleriniň geçirilişini uly gyzyklanma bilen öwrenýärler.