Aýdylyşy ýaly, kitap geçeni, geljegi öwredýän danadyr. Türkmeniň gadymdan kitaphon halkdygy barada dürli rowaýatlar bar. Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda Welmyrat aganyň kitaba mukaddeslik hökmünde hormat goýýandygyny aýratyn nygtasym gelýär. Şol hekaýada Welmyrat aganyň özüniň guba düýesini kitap bilen çalyşmagy onuň kitaba örän ýokary baha berýändiginiň beýik nusgasy bolup durýar. Kitap hakynda söz açanyňda, şahyr Annaberdi Agabaýewiň şu goşgy setirleri ýadyňa düşýär:
Otda eremeýän, suwda akmaýan,
Tupanda ýitmeýän, laýda çökmeýän,
Dartaňda süýnmeýän, çapsaň synmaýan
Hem akyl, hem duýgy, hem baky lezzet,
Başymyz aşakdyr öňüňde seniň.