Awçylyk ýörelgeleri

31 Mart 2021
1898

Halkymyzyň awçylyk ýörelgeleri nesilden-nesle geçip, dowam edýär. Farap etrabynyň Jendi geňeşliginiň ýaşaýjysy Azat Beşimowyň babasy Altybaý aga ökde awçy bolupdyr. Azat 12-13 ýaşlarynda babasynyň awçy durmuşy bilen has içgin tanyşýar. Şonuň üçin onuň awçylyk däpleri bilen baglanyşykly gören-eşidenlerini, diňlän pentlerini size ýetirmegi makul bildik.

— Babam bize hemişe gapan gurap, aw awlanylanda, hüşgärligi elden bermezligi, ötegçilere zyýan bermez ýaly belgi etmegi sargardy. Ol hiç haçan aw haýwanlaryna we aw guşlaryna gaharlanmazdy. Bir gezek onuň Köýtendagdan elguş jüýjesini getirip, idedişine şaýat boldum. Elguşy sentýabr aýyna çenli arassa ketekde suwuny, iýmini ýetirip saklamaly. Ketegiň arassaçylygyna yzygiderli seredip durmaly. Guşy syçan, ýalman ýaly çöl haýwanlary bilen iýmitlendirmeli.

Beýleki habarlar