Jähek

29 Mart 2021
1964

Ýörite niýetlenip, ýumşak tow berlip taýýarlanan gyzyl, gara reňkli ýüpekleriň barmaklarda çapraz geçirilip çalt dokalýan, şol pursatda-da sapakly iňňe bilen donlaryň, tahýalaryň, kürteleriň gyrasyna ýörmelýän nepis işe jähek diýilýär. Jähek çalmak üçin tahýany mysal alalyň. Jäheklik gara ýüpekden tahýanyň etegine deňäp, ýüpegi üzmän, deňän ýüpegiňizi üç gatlap, girintgi üçin dördünji gat goýbermeli-de, ýüpegi bek tutup, gatlary uzynlygyna açyp, ujuny jähek çaljak gyz saklamaly. Şu dört gatyň uzynlygy tahýa jäheginiň ýüpeginiň uzynlyk ölçegi bolar. Onsoň, iki bolup, şol ölçegi uzynlygyna dartyp, şoňa deňäp, ýüpekden on alty gat gatlamaly. On alty gat sekiz halkany emele getirýär. Onsoň, jähek çaljak gyz her eliniň dört barmagyny halkalara salyp, iki ýumrugyny deň tutup saklamaly. Jähek ýörmejek gyz ýüpekleriniň gatlaryny sypalap, deňläp, elindäki uçlary sapakly iňňesi bilen tahýanyň etegine çatyp berkitmeli. Jähek çalýan gyz çalasyn barmaklary bilen sag elindäki ýüpek halkalary, çep elindäki ýüpek halkalaryň arasyndan geçirip, ýüpek halkalary çalşyp alar. Şol pursatda tizlik bilen jähekçi gyz çep eliniň dört barmagy bilen ýüpegiň aşaky dört taryny basyp, sag eliniň barmaklary bilen ýüpegiň üstki dört taryny kakyp saklap, ýüpekli iňňesi bilen ýörmäp ýetişer. Ýörmeleýän pursatda, jähek çalýan gyz çakgan barmaklary bilen ýüpek halkalary çapraz geçirip, çalşyryp çalyp alar. Iş pursadynda tizden täsin hereketler göýä, erişleriň arasyndan, argaç geçirýäne meňzeşdir. Şu usulda gaýtalanyp çakgan hereket bilen önýän bu täsin iş ýüpek tarlarda sazdan nagyş dokalýan ýaly bolup duýlar. Ähli el işlerimizde jähek çalynmaly egin-eşikleriň jähek ölçegini başda aýdyşymyz ýaly, alnan ölçegi üç gatlap, girintgi üçin dördünji gat goýberilse, jäheklik jäheklenmeli ýerine ýeterlik bolar.

Taýýarlan: mirasgär Ogulbaýram KULYÝEWA.
Beýleki habarlar