Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Tehnikalar özleşdirilýär

Hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen zähmetkeş daýhanlarymyza ýetirilýän häzirki zaman «CLAAS» kysymly oba hojalyk tehnikalary ýurdumyzyň tebigy şertlerinde gowy netijeler bilen işlemäge ukyplydyklaryny görkezýärler. Ýurdumyza getirilen «CLAAS» kompaniýasynyň aýratyn berk polatdan ýasalan «Lemken», «Europal» kysymly azallary bilen üpjün edilen traktorlary, «Tucano - 430» kysymly däne we şaly orujy kombaýnlary ekin meýdanlarymyzda öndürijilikli işledilýär. Bu tehnikalara erk ediji hünärmenleri taýýarlamakda biziň ýokary okuw mekdebimizde 2012-nji ýylyň noýabr aýynda açylan «CLAAS» kompaniýasynyň okuw merkeziniň ähmiýeti uludyr. Okuw merkezinde talyplara kämil tehnologiýalar we «CLAAS» tehnikalarynyň gurluşy hem-de işleýiş esaslary öwredilýär. Şeýle hem talyplarymyz ABŞ-nyň «API-agro» kompaniýasynyň hünärmenleri bilen bilelikde «Case», «John Deere» kysymly traktorlaryň, däne we pagta ýygýan kombaýnlaryň gurluşyny we işleýiş aýratynlyklaryny, olara gözegçilik edilişiniň kadalaryny, sazlanyşynyň we ulanylyşynyň ýola goýluşyny, ýurdumyzyň toprak we howa şertlerimizde olardan peýdalanmagyň aýratynlyklaryny we olardan netijeli peýdalanmagyň ýollaryny, olar bilen howpsuz işlemegiň düzgünlerini öwrenýärler.

Bol pile ugrunda

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýüpekçilik pudagy döwrebap ösdürilýär. Piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak üçin edermen pileçilerimiz arman-ýadaman zähmet çekýärler. Biz hem golaýda Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň Gyzylaýak obasynda ussat pileçileriň biri Akmuhammet Karlyýew bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdyk:

Gowaça ekişi gyzgalaňly barýar

Ekerançylygyň asyl mekany bolan gadymy Ahal ýaýlasynyň daýhanlary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň uludan belleniljek ýylyny ajaýyp zähmet üstünliklerine beslemegi maksat edinýärler. Bu belent maksat ýer eýelerine häzirki jogapkärli möwsüm bolan gowaça ekişini depginli alyp barmaga we irki möhletde tamamlamaga ruhubelentlik berýär. Şanly ýylda 145 müň gektar meýdanda gowaça ekişini geçirip, bu gymmatly ekinden 280 müň tonna hasyl almagy meýilleşdirýän welaýatyň pagtaçy kärendeçileri ekişi guramaçylykly dowam edýärler. Topraga taşlanýan her bir tohumyň hili we arassalygy, ekişiň agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda geçirilişi degişli hünärmenleriň gözegçiliginde saklanýar. Tehnikalara hyzmat ediş toparlarynyň işiniň dogry ýola goýulmagy ekişiň bökdençsiz alnyp barylmagyna şert döredýär. Tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň ekiji tehnikalara erk edýän mehanizatorlary özlerine ynanylan kuwwatly «polat atlary» saz işletmekde we wagtyň her bir pursadyndan ýerlikli peýdalanmakda tutanýerlilik görkezýärler. Bilelikdäki tagallalar ekiş geçirilen meýdanlaryň sagatsaýyn artmagyna getirýär.

Oba hojalyk habarlary

EKIŞ GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄRGurbansoltan eje adyndaky etrabyň R.Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Daýhan birleşigi boýunça şu ýyl 1590 gektar meýdanda gowaça ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Pagtaçy kärendeçileriň 1003 sanysy bar. Olaryň agramly bölegi uzak ýyllardan bäri pagtaçylykda netijeli işläp gelýän, tejribeli daýhanlar bolup durýar. Daýhan birleşigi boýunça gowaça ekiljek ýerleriň agramly bölegi ekiş möwsümine öz wagtynda taýýarlanyldy. Şonuň üçin hem pagtaçy kärendeçiler gowaçalaryň agramly bölegini irki möhletde ekmegi maksat edinýärler. Daýhan birleşiginde traktorlaryň 19 sanysy bolup, olar gowaça ekişi möwsüminde öndürijilikli işledilýär. Musa Garaýew, Ýazberdi Ýazmyradow ýaly mehanizatorlar öz erk edýän traktorlaryny hemişe gurat saklap, ýerine ýetirýän işleriniň hiline aýratyn ähmiýet berýärler. Bu ýerde ussat pagtaçy hökmünde tanalýan Meret Babaýew, Begenç Gurbangeldiýew dagy öz kärende ýerlerinde gowaça ekişini irki möhletde geçirmegiň hötdesinden geldiler.Maýsa ÖWEZOWA,TAP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni.

Oba hojalygy: bol hasylyň aladasy

Zähmet bagta ýetirýär Daýhanlar üçin ýene bir jogapkärli möwsüm başlandy. Gowaça ekilen meýdanlarda iki gulak bolup çykan ekini otamak, ýekelemek, hatar aralaryny ýumşatmak işleri ýerine ýetirilýär.

Piläniň bol hasyly öndüriler

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda halkymyz Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda zähmet üstünliklerini, belent sepgitlerini amala aşyrmak üçin giň gerimli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli ulgamy bilen bir hatarda oba hojalyk pudagynda zähmet çekmek üçin döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanýan daýhanlaryň ýadawsyz aladalary özüniň oňyn netijesini berýär. Şu günler ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi gyzgalaňly dowam edýär. Ýüpek gurçugyny idedýän kärendeçiler bol pile hasylyny öndürmek ugrunda aladalanýarlar. Bu ugurda tejribe toplan kärendeçileriň biri hem Baýramaly etrabynyň «Parahat» daýhan birleşiginden Gurbanjemal Durdyýewadyr. Ol indi birnäçe ýyl bäri gurçuk idetmek bilen meşgullanyp gelýär. Ol mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýunyň toýlanylýan ýylynda agzybir maşgalasy bilen 30 gram gurçuk tohumyny alypdyr. Ýüpek gurçugyny idetmek möwsümi bir aý töweregi dowam edýän hem bolsa hysyrdyly, jogapkärli iş bolup durýar. Muňa oňat düşünýän Gurbanjemal gelneje gurçuk saklanýan otagyň ýylylyk derejesine, arassalygyna üns berýär. Esasan hem olaryň iýmiti bolan tut ýapraklarynyň arassa hem-de ter bolmagy ugrunda aladalanýar.

Maldarçylyk hojalygynyň üstünligi

Maldarçylyk pudagyny ösdürmek we onuň gerimini has-da giňeltmek, dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alyp, täze dowar sürülerini döretmek döwrüň möhüm talabydyr. Tagtabazar etrabynyň janypkeş maldarlary hem dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly geçirdiler. Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň başlygynyň orunbasary Penjaly Jumaýewiň gürrüň bermegine görä, etrapdaky maldarçylyk hojalyklarynyň kärende toparlarynyň yhlasly zähmeti bilen, şu möwsümde 79 müň 681 baş dowardan 73 müň 869 sany sagdyn guzy alnypdyr. Şunlukda, öňünden baglaşylan şertnamalaýyn tabşyryk 100,8 göterim amal edilipdir. Şeýle üstünligiň gazanylmagyna aýratyn saldamly goşant goşan kärende toparlarynyň çopanlary, tüweleme, az däl. Olardan bu hojalygyň 1-nji bölüminden Agageldi Gellenow, Baýram Jumagulyýew, 2-nji bölüminden Maksat Rozyýew, Begendik Oşanow, 3-nji bölüminden Jumaberdi Suhanow, Babajan Saparow, 4-nji bölüminden Rejep Aşadow, Gaýgysyz Rozyýew, Agamyrat Aganazarow, 5-nji bölüminden Akynýaz Hakberdiýew, Babageldi Babaýew, 6-njy bölüminden Baýram Hanmämmedow, Taňryberdi Gurbanow, 7-nji bölüminden Rasul Taşow, Agajuma Maksudow ýaly öz kärine ussat çopanlary görkezmek bolar.

Sagdyn köşekler

Bäherden etrabynda maldarçylyga uly üns berlip, dowarlaryň we düýeleriň baş sanyny artdyrmakda oňat görkezijilere eýe bolunýar. Häzirki günlerde etrabyň hojalyklarynda düýelerden sagdyn köşekleri almak boýunça alnyp barylýan işler has-da guwandyrýar. Öz işine yhlasly ýapyşýan maldarlar düýelerden köşek almak işini meýilnamalaýyn esasda alyp barýarlar. Aýry-aýry hojalyklaryň sarwanlary sagdyn köşekleri almakda aýratyn tapawutlanýarlar. Şaja Batyrow adyndaky daýhan birleşiginden Ýolaman Annaorazow, Garýagdy Popaýew, «Garaşsyzlyk» adyndaky daýhan birleşiginden Şageldi Saparow, Meretgeldi Saparow, S.A.Nyýazow adyndaky daýhan birleşiginden Sähet Gurbanow, dagy düýelerden sagdyn köşekleri almakda beýlekilere görelde bolýarlar. Garagum sährasynyň «Mydar», «Goşakak», «Gyzyltakyr», «Boýurganly», «Aňkar» oýlarynyň töwereklerinde düýe bakýan bu sarwanlar ýaz otunyň oňat gögeren ýaýlalarynda mallaryň ine-gana ýazlamagyny gazanmak üçin olara yhlas bilen seredýärler. Olar yhlasly işiň hemişe üstünlikleri getirýändigine pugta ynanýarlar.

Oba hojalygy we ýeňil senagat

Aklyga ýugrulan bereket «Lebapgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň «Dostluk» galla önümleri kärhanasynda Lebap welaýatynyň Döwletli we Köýtendag etraplarynda ösdürilip ýetişdirilýän bugdaýdan her günde 100 tonna golaý un öndürilýär. Kärhanada öndürilen un ýokarda agzalan etraplardan başga-da, welaýatymyzyň Kerki we Hojambaz etraplarynyň ýaşaýjylaryna hem hödürlenilýär.

Mal­dar­çy­lyk — gir­de­ji­li pu­dak

Ber­ka­rar döw­le­ti­mi­ziň bag­ty­ýar­lyk döw­rün­de hor­mat­ly Prezidentimiziň taý­syz ta­gal­la­la­ry bi­len oba ho­ja­ly­gy­nyň mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny yl­my esas­da döw­re­bap ös­dür­mä­ge, mal­la­ryň baş sa­ny­ny art­dyr­ma­ga, da­şa­ry ýurt­lar­dan ýo­ka­ry önüm­li to­hum­la­ry ge­ti­rip, top­rak-ho­wa şert­le­ri­mi­ze uý­gun­laş­dyr­ma­ga döw­let de­re­je­sin­de aý­ra­tyn äh­mi­ýet be­ril­ýär. Eziz Di­ýa­ry­my­zyň we­la­ýat­la­ry­nyň et­rap­la­ry­dyr oba­la­ryn­da döw­re­bap mal­dar­çy­lyk top­lum­la­ry yzy­gi­der­li gur­lup, ula­n­ma­ga be­ril­ýär. Bag­ty­ýar­lyk döw­rü­miz­de, oba ho­ja­ly­gy­ny kä­mil­leş­di­rip ös­dür­mek ba­ba­tyn­da hor­mat­ly Prezidentimiziň öňe sü­ren tek­lip­le­rin­den ugur al­nyp, mal­dar­çy­lyk pu­da­gy­ny hu­su­sy­laş­dyr­mak iş­le­ri tap­gyr­la­ýyn dur­mu­şa ge­çi­ril­ýär. Mal­lar­dan alyn­ýan et, süýt hem-de ola­ryň gaý­ta­dan iş­le­nen şöh­lat, süýt önüm­le­ri her bir maş­ga­la­nyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da mu­kad­des sa­çak­la­ryň rys­gal­dyr, be­ze­gi. Ýur­du­myz­da şeý­le ýo­ka­ry gym­mat­ly azyk önüm­le­ri­niň ba­zar bol­çu­ly­gy­ny döretmekde we dür­li gör­nüşli azyk önümleri bilen üp­jün et­mek­de mal­dar­çy­ly­ga aý­ra­tyn orun de­giş­li­dir. Mal­dar­çy­lyk pu­da­gyn­da ow­nuk şahly mal­lar­dan ge­çi­le­riň ide­gi, olar­dan alyn­ýan et, süýt önüm­leri yn­sa­nyň gün­de­lik dur­mu­şyn­da ze­rur bo­lup, olar özü­niň ýo­kum­ly­ly­gy,

Kombaýnlar galla oragyna taýýarlanylýar

Welaýatymyzyň gallaçylary şu ýylyň orak möwsüminde 80 müň tonna guşgursak azyklyk däne taýýarlamagy maksat edinýärler. Kärendeçilerdir ýer eýeleri şu günler 50 müň gektarda endigan boý alýan bugdaýly meýdanlara agrotehniki idegi talabalaýyk alyp barýarlar. Bahar paslynyň amatly günlerinde bugdaýly meýdanlara ideg etmek işleri bilen birlikde, öňde duran galla oragyna kombaýnlary taýýarlamak işleri hem guramaçylykly ýola goýulýar. Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň Serdar we Bereket etraplaryndaky tehniki hyzmat ediş kärhanalarynyň abatlaýjylary, mehanizatorlary hem-de inžener-tehniki işgärleri galla orujy kombaýnlaryň 180-sinde abatlaýyş işlerini guramaçylykly alyp barýarlar. Mehanizatorlar Myratberdi Tagangylyjow, ªamämmet Mämiýew, kebşirleýjiler Batyr Orazow, Pyhamberguly Tüňňüýew, abatlaýjy ussalar Aman-geldi Nurmämmedow, Amangurban Mämmetgurbanow bu işde göreldeli zähmet çekýärler. Zerur bolan ätiýaçlyk şaýlarynyň öz wagtynda jemlenilip goýulmagy kombaýnlary möwsüme irgözinden taýýarlamaga mümkinçilik berýär.  

Welaýatymyzda gowaça ekişi gyzgalaňly dowam edýär

GÖWÜNLERI GÖTERÝÄN GÖNI HATARLAR Uly obanyň gündogarynda biri-biriniň gapdalynda ýerleşýän üç sany giň atyz bar. Olaryň çetdäkisinde düýnki geçirilen gowaça ekişinde emele gelen göni hatarlar aňyrlygyna uzap gidýär. Ortadaky atyzda ekiji gural dakylan traktor ýene-de täze «yz» galdyryp, öňe hereket edýär. Beýleki atyzda bolsa, kuwwatly traktorlaryň birnäçesi ýer sürüp, borona-mala basyp ýör.

Möwsüme taýýarlykly gelindi

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýüpek süýümlerinden matalary dokamak üçin pile önümçiligine aýratyn üns beripdirler. Bagtyýarlyk döwrümizde piläniň bol hasylyny almak üçin ähli şertler döredilýär. Dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut nahallarynyň her ýyl müňlerçe düýbi oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilip durulýar. Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gysga döwür bolsa-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Türkmengala etrap pile kabul ediş we guradyş sehiniň müdiri Gurban Oraşow: — Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyz boýunça 410 tonna pile öndürmek bellenildi. Şol sanda biziň etrabymyz boýunça 46 tonna pile hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.

Dowarlaryň ýaz gyrkymy

Maldarçylykda dowarlaryň gyrkymy möhüm çäreleriň biri hasaplanýar. Türkmenistanyň şertlerinde ýazky gyrkyma aprel aýynyň ikinji ýarymynda girişilýär. Eger-de, ýaz gyrkymy şu möhletden gijikdirilse, onda tomsuň golaýlaşmagy zerarly, goýunlarda möwsümleýin ýüň düşmek hadysasy başlanýar, kähalatlarda olar goturlama keseline hem duçar bolup bilýär. Gyrkyma bellenilen möhletden ir başlamak hem peýdaly däldir, çünki şu döwre çenli, birinjiden-ä, goýunlaryň ýüňi doly ösüp ýetişenok, ikinjiden bolsa, entäk howa birneme salkyn bolýar. Gyrkymy geçirmegiň möhletleri howanyň ýagdaýy hasaba alnyp kesgitlenýär. Howa durnukly maýlandan soň, ýazky gyrkyma başlamaly.

Unaby agajy

Gadymdan bäri ösdürilip gelinýän bu miweli agaç Günorta-Gündogar Aziýada, Günorta Ýewropada, Ýaponiýada, Awstraliýada, Kawkazda we Merkezi Aziýada giňden ýaýrandyr. Dag etek baýyrlarda we güneşli dag ýapgytlarynda özüni gowy duýýar. Dünýäde 400-e golaý görnüşi hasaba alyndy. Unaby agajy yssa durnukly, guraklyga çydamly we sowuga dözümli ösümlik. Ol iň gurak, toýun we çagyl topraklarda we şor ýerlerde, ýerasty suwlara golaý ýerlerde ösüp bilmeýär. Unaby agajy 150 ýyla çenli ýaşaýar. Nahal oturdylandan soň 2-3-nji ýylynda hasyla durýar we 30-40 ýyl hasyl berýär. Unabynyň ýapraklary sada, ellips şekilli, gysga sapakly, gyralary tekiz bolýar. Onuň düzüminde zizifin we gimnem kislotalary bolansoň, agzyňa salyp, çeýnäniňde ajy zakgun bolup, şondan soň agzyňa gant salsaňam süýjüligi bildirenok. Muňa garamazdan, şor, turşy tagamlary derrew duýulýar.

Ter gök önümler ýylyň ähli paslynda

Milli bahar baýramynyň yzysüre ýurdumyzda ýene bir buýsançly waka bolup geçdi. Welaýatlarymyzyň hemmesinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan gurlan döwrebap ýyladyşhanalar ulanylmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze ýyladyşhana toplumlaryna ak pata bermegi özleri baradaky aladany her ädimde duýýan hususyýetçilerde ýyladyşhana şertlerinde bol hasyl ösdürip ýetişdirmäge belent hyjuw döretdi. Täze ýyladyşhanalar azyk bolçulygynyň berkidilmegine, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilmegine, eksport mümkinçilikleriniň giňeldilmegine mynasyp goşant goşarlar. Türkiýeden, Ispaniýadan, Bolgariýadan getirilen enjamlaryň oturdylmagy, iň häzirki zaman tehnologiýalaryna daýanylmagy ýyladyşhanalarda ýokary isleg bildirilýän önümleriň öndürilmegini kepillendirýär. Şeýle döwrebap toplumlaryň biri Türkmenbaşy şäherinde-de açyldy. Täze ýyladyşhana telekeçi Myratdurdy Nazlyýewe degişli. Bu ýerde hasyl ýetişdirmek üçin ähli şertler döredilipdir.

Tebigatyň täsin ösümlikleri

Tebigatda ähli hadysanyň täsin bolşy ýaly, onuň ösümlik dünýäsi hem örän geň we köpdürlüdir. Şeýle täsin ösümlikleriň biri hem «çörek» agajy hasaplanýar. Tutlar maşgalasyna degişli bolan bu agaç adatdakydan has uly miwe getirýär. Agajyň miwesi inçe şahalaryndan däl-de, gönüden-göni baldagyndan çykýar. Onuň miweleri şaha götererden has uly. «Çörek» agajynyň miwesiniň agramy 40 kilograma çenli ýetýär. Agajyň miwesiniň daşynda altynsow-sary gabyjak bolýar. Içinde tagamy kädi hem-de ýeralma meňzeşräk bolan goňurrak hamyr ýaly süýji eti bolýar. Şeýle hem miwäniň içindäki boşluklarda ululygy garalynyňka barabar bolan tohumlary ýerleşýär. «Çörek» agajynyň miwesiniň käbirinde tohum bolmaýar. Bir düýp agaç 100-den gowrak miwe berýär. Bu agaç, esasan, tropik ýurtlarda — Afrikada, Hindistanda, Täze Gwineýada giňden ýaýrandyr. Oňa «çörek» agajy diýilmeginiň sebäbi, miweleriniň etinden ýerli ilat çörek bişirýär, şeýle hem bu miwe gowrup iýilýär. Gowrulan «çörek» miwesiniň tagamy ýeralmanyňka meňzeýär. Sebäbi onuň düzüminde köp mukdarda krahmal bolýar. Bu täsin agajyň birnäçe görnüşi bolup, olar biologik aýratynlyklary bilen tapawutlanýar. Günbatar Afrikanyň tropik ýerlerinde ýabany ýagdaýda ösýän «çörek» agajynyň miweleri has ownuk, ýagny 14 kilogram çemesi bolýar. Onuň miwesi iýilmeýär, emma ululygy noýba ýalyrak dänesinden un edilip, çörek bişirilýär.

Maldarlaryň zähmet üstünligi

Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky maldarçylyk hojalyklarynyň zähmetsöýer maldarlary dowarlaryň, düýeleriň baş sanyny artdyrmak, önümliligini ýokarlandyrmak ugrunda ýadawsyz iş alyp barmak bilen, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda olardan owlak-guzy, köşek almakda uly üstünlige eýe boldular. Ýagny olar şu ýylda dowarlardan 42301 başa derek 42941 baş owlak-guzy, düýelerden 828 baş köşek alyp, bu baradaky bellenilen meýilnamalary artygy bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle guwandyryjy netijeleriň gazanylmagyna birleşigiň Görogly etrabyndaky «Garagum» hem-de S.A.Nyýazow adyndaky  «Dowardarçylyk» maldarçylyk hojalyklarynyň maldarlary saldamly goşant goşdular. Şonda olar degişlilikde dowarlardan 22857, 20084 baş owlak-guzy, düýelerden 487341 baş köşek almagyň hötdesinden geldiler. Munuň özi meýilnamada göz öňünde tutulanyndan has köpdür.

«Kim çopan, kim sürekçi, kim daýhan, kim ekinçi?»

Ýaşuly adamlaryň biri ýokarky jümläni aýtdy welin, men ony heniz eşitmedik nakyllarymyň birimikä öýtdüm. Ömrüni çopançylykda geçiren goja ýaňky sözüň manysyny tirmäge howlugýanymy aňyp, özüniň çopançylyga baş goşup başlan günlerinden söz açdy: — Çopançylyga ilki başlan günüm Sary aga meni aý berip, käsi gäwüş çalyp ýatan, käsi dik duran goýun sürüsiniň ýanyna eltdi-de: «Çopan bolmaga geldiňmi ýa-da sürekçi?» diýip sorady. Men çopan bolmak isleýändigimi aýdamda, ol: «Çopan boljak bolsaň, goýnuň ýüzüne seredeniňden onuň halyny bilmegiň gerek. Sürekçi (hakyna tutulýan mal sürüji) boljak bolsaň, onda bu zatlaryň geregi ýok» diýdi. Soňam: «Hol garabaş goýun ýataklap, guzlajak bolup dur. Hol çebşiň wagtyhoşlukdan böwregi bökýär, oýun edesi gelýär. Hol maşal goýun bolsa, dişi kütelensoň, garyn çöpüni alyp bilmändir» diýip, goýunlara ýeke-ýeke häsiýetnama berip başlady. Yzyndanam: «Indi çopan bilen sürekçiniň parhyna göz ýetirdiňmi?» diýdi.

Topragyň berekedinden bagt tapan

Şu gün­ler ba­ha­ryň her sä­he­ri­ni sa­nap, gün-gün­den boý al­ýan bug­daý­ly meý­dan­lar diý­seň gö­zel gö­rün­ýär. Ýa­kyn­da uly ýo­luň gy­ra­syn­da­ky şeý­le ýa­şyl maý­sa­ly atyz­la­ryň bi­ri­niň ýa­nyn­dan ge­çip bar­ýar­kam, dö­kün­den, tyl­la­ýy Gü­nüň şöh­le­sin­den, Amy­der­ýa­nyň süý­ji su­wun­dan, yn­san zäh­me­tin­den ide­gi ýe­tik, ga­ryş boý­ly na­şy­ja ýa­şyl maý­sa­la­ry guwanmak bilen syn­la­dym. Gör, nä­hi­li ena­ýy! Eý, ene top­rak, se­niň naz-u-nyg­ma­ty­ňa, be­re­ke­di­ňe dö­ne­ýin! Sen­den ön­ýän iň uly baý­lyk-be­re­ket şu däl­mi, eý­sem?! Bu ba­ra­da ata-baba­la­ry­myz: «Ýe­re ur­dum pal­ta­ny,Ag­zy gy­zyl hal­ta­ny, Ýer­den bir og­lan çyk­dyUly iliň sol­ta­ny»di­ýip, ma­tal hem dö­re­dip­dir­ler ahy­ryn.