Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýüpekçilik pudagy döwrebap ösdürilýär. Piläniň öndürilýän möçberlerini artdyrmak we hilini ýokarlandyrmak üçin edermen pileçilerimiz arman-ýadaman zähmet çekýärler.
Biz hem golaýda Kerki etrabynyň Gyzylaýak geňeşliginiň Gyzylaýak obasynda ussat pileçileriň biri Akmuhammet Karlyýew bilen söhbetdeş bolup, onuň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşdyk: