Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda ýüpek süýümlerinden matalary dokamak üçin pile önümçiligine aýratyn üns beripdirler. Bagtyýarlyk döwrümizde piläniň bol hasylyny almak üçin ähli şertler döredilýär. Dokma senagatynyň gymmatly çig maly bolan pile öndürmek işi döwrebap derejede ösdürilýär. Ýüpek gurçugynyň esasy iýmiti bolan tut nahallarynyň her ýyl müňlerçe düýbi oturdylýar, öňki bar bolanlarynyň idegi ýetirilip durulýar. Ýüpek gurçuklaryny idetmek möwsümi gysga döwür bolsa-da uly jogapkärçiligi talap edýär. Türkmengala etrap pile kabul ediş we guradyş sehiniň müdiri Gurban Oraşow:
— Bedew bady bilen öňe barýan Türkmenistan döwletimizde ýüpekçilik pudagyny ösdürmekde birnäçe işler alnyp barylýar. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda welaýatymyz boýunça 410 tonna pile öndürmek bellenildi. Şol sanda biziň etrabymyz boýunça 46 tonna pile hasylyny öndürmek meýilleşdirilýär.