Topragyň berekedinden bagt tapan

12 Aprel 2021
1666

Şu gün­ler ba­ha­ryň her sä­he­ri­ni sa­nap, gün-gün­den boý al­ýan bug­daý­ly meý­dan­lar diý­seň gö­zel gö­rün­ýär. Ýa­kyn­da uly ýo­luň gy­ra­syn­da­ky şeý­le ýa­şyl maý­sa­ly atyz­la­ryň bi­ri­niň ýa­nyn­dan ge­çip bar­ýar­kam, dö­kün­den, tyl­la­ýy Gü­nüň şöh­le­sin­den, Amy­der­ýa­nyň süý­ji su­wun­dan, yn­san zäh­me­tin­den ide­gi ýe­tik, ga­ryş boý­ly na­şy­ja ýa­şyl maý­sa­la­ry guwanmak bilen syn­la­dym. Gör, nä­hi­li ena­ýy! Eý, ene top­rak, se­niň naz-u-nyg­ma­ty­ňa, be­re­ke­di­ňe dö­ne­ýin! Sen­den ön­ýän iň uly baý­lyk-be­re­ket şu däl­mi, eý­sem?! Bu ba­ra­da ata-baba­la­ry­myz:

«Ýe­re ur­dum pal­ta­ny,
Ag­zy gy­zyl hal­ta­ny,
Ýer­den bir og­lan çyk­dy
Uly iliň sol­ta­ny»
di­ýip, ma­tal hem dö­re­dip­dir­ler ahy­ryn.

Mer­jen KADYROWA,
ýö­ri­te ha­bar­çy­myz.
Beýleki habarlar