Unaby agajy

13 Aprel 2021
1588

Gadymdan bäri ösdürilip gelinýän bu miweli agaç Günorta-Gündogar Aziýada, Günorta Ýewropada, Ýaponiýada, Awstraliýada, Kawkazda we Merkezi Aziýada giňden ýaýrandyr. Dag etek baýyrlarda we güneşli dag ýapgytlarynda özüni gowy duýýar. Dünýäde 400-e golaý görnüşi hasaba alyndy.

Unaby agajy yssa durnukly, guraklyga çydamly we sowuga dözümli ösümlik. Ol iň gurak, toýun we çagyl topraklarda we şor ýerlerde, ýerasty suwlara golaý ýerlerde ösüp bilmeýär. Unaby agajy 150 ýyla çenli ýaşaýar. Nahal oturdylandan soň 2-3-nji ýylynda hasyla durýar we 30-40 ýyl hasyl berýär. Unabynyň ýapraklary sada, ellips şekilli, gysga sapakly, gyralary tekiz bolýar. Onuň düzüminde zizifin we gimnem kislotalary bolansoň, agzyňa salyp, çeýnäniňde ajy zakgun bolup, şondan soň agzyňa gant salsaňam süýjüligi bildirenok. Muňa garamazdan, şor, turşy tagamlary derrew duýulýar.

Serdar HOJAGELDIÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.
Beýleki habarlar