EKIŞ GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR
Gurbansoltan eje adyndaky etrabyň R.Ataýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileri hem gowaça ekişine guramaçylykly girişdiler. Daýhan birleşigi boýunça şu ýyl 1590 gektar meýdanda gowaça ýetişdirmek göz öňünde tutulýar. Pagtaçy kärendeçileriň 1003 sanysy bar. Olaryň agramly bölegi uzak ýyllardan bäri pagtaçylykda netijeli işläp gelýän, tejribeli daýhanlar bolup durýar.
Daýhan birleşigi boýunça gowaça ekiljek ýerleriň agramly bölegi ekiş möwsümine öz wagtynda taýýarlanyldy. Şonuň üçin hem pagtaçy kärendeçiler gowaçalaryň agramly bölegini irki möhletde ekmegi maksat edinýärler. Daýhan birleşiginde traktorlaryň 19 sanysy bolup, olar gowaça ekişi möwsüminde öndürijilikli işledilýär. Musa Garaýew, Ýazberdi Ýazmyradow ýaly mehanizatorlar öz erk edýän traktorlaryny hemişe gurat saklap, ýerine ýetirýän işleriniň hiline aýratyn ähmiýet berýärler. Bu ýerde ussat pagtaçy hökmünde tanalýan Meret Babaýew, Begenç Gurbangeldiýew dagy öz kärende ýerlerinde gowaça ekişini irki möhletde geçirmegiň hötdesinden geldiler.
Maýsa ÖWEZOWA,
TAP-niň Daşoguz şäher komitetiniň hünärmeni.