Maldarçylyk pudagyny ösdürmek we onuň gerimini has-da giňeltmek, dowarlardan sagdyn owlak-guzulary alyp, täze dowar sürülerini döretmek döwrüň möhüm talabydyr. Tagtabazar etrabynyň janypkeş maldarlary hem dowarlardan owlak-guzy almak möwsümini guramaçylykly geçirdiler.
Mary welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň garamagyndaky Tagtabazar etrap «Maldar» maldarçylyk hojalygynyň başlygynyň orunbasary Penjaly Jumaýewiň gürrüň bermegine görä, etrapdaky maldarçylyk hojalyklarynyň kärende toparlarynyň yhlasly zähmeti bilen, şu möwsümde 79 müň 681 baş dowardan 73 müň 869 sany sagdyn guzy alnypdyr. Şunlukda, öňünden baglaşylan şertnamalaýyn tabşyryk 100,8 göterim amal edilipdir. Şeýle üstünligiň gazanylmagyna aýratyn saldamly goşant goşan kärende toparlarynyň çopanlary, tüweleme, az däl. Olardan bu hojalygyň 1-nji bölüminden Agageldi Gellenow, Baýram Jumagulyýew, 2-nji bölüminden Maksat Rozyýew, Begendik Oşanow, 3-nji bölüminden Jumaberdi Suhanow, Babajan Saparow, 4-nji bölüminden Rejep Aşadow, Gaýgysyz Rozyýew, Agamyrat Aganazarow, 5-nji bölüminden Akynýaz Hakberdiýew, Babageldi Babaýew, 6-njy bölüminden Baýram Hanmämmedow, Taňryberdi Gurbanow, 7-nji bölüminden Rasul Taşow, Agajuma Maksudow ýaly öz kärine ussat çopanlary görkezmek bolar.