Газета "Нейтральный Туркменистан"

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-18, 39-95-82, 39-95-88
Email: neytralnyturkmenistan-gazeti@online.tm

Habarlar

Sagdyn durmuşyň binýady

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp zamanamyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmagy, tebigatymyza aýawly garamak bilen birlikde, ony has-da gözelleşdirmegi öz içine alýar. Ekologiýa taýdan howpsuz ösüş döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenip, ýurdumyzda ýer, suw hem biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Türkmenistanyň BMG-niň daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan howpsuz ýaşaýşy üpjün etmek boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýandygy, olardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigi hem buýsanç bilen bellenilmeli hakykatdyr. Garagumuň jümmüşinde ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, zeý suwlaryny bir ýere ýygnap, gaýtadan ulanmak maksady bilen kemala getirilen «Altyn asyr» Türkmen köli diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin ekologiýa babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bu kölüň Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda we ösümlik, haýwanat dünýäsiniň özgermeginde täsiri ýokarydyr. Şeýle-de, ol öri we ekerançylyk meýdanlarynyň dikeldilmegini, sebitde howa şertleriniň gowulandyrylmagyny üpjün edýär.

Il saglygy — bagtyýarlyk

Hormatly ildeşler, möwsümleýin keselleriň döremeginiň öňüni almak hem-de olardan goranmak ählimiziň öz elimizdedir. Onuň üçin bolsa şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý etmek hökmandyr. Elleri elmydama arassa saklamaly. Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna «Oksolin» melhemini çalmaly. Ýiti respirator ýokanç keselleriň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp, üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar.

Saglyk üçin maslahatlar

Bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanyň; Ir säherde we agşamara arassa howada köpräk pyýada ýöräň;

Baş baýlygyň goragynda

Ilatyň saglygy ýurduň iň ýokary baýlygy hasaplanýar. Muny hemişe ünsde saklaýan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň tagallalary bilen ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, ýokary bilimli hünärmenleriň taýýarlygyny ýokarlandyrmak boýunça möhüm çäreler yzygiderli durmuşa geçirilýär. Munda ulgamyň dürli edaralarynda zähmet çekjek ýokary bilimli saglygy goraýyş işgärlerini taýýarlaýan Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde amala aşyrylýan işlere-de aýratyn orun degişlidir. Sagdyn durmuş ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, dürli ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olary öz wagtynda ýüze çykarmak hem-de bejermek, ilaty zerur bolan derman we beýleki saglyk maksatly serişdeler bilen üpjün etmek, milli lukmançylykda ýokary bilimli, öz işine ussat hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek ýurdumyzda üstünlikli hereket edýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasynda ileri tutulýan ugurlardyr. Bu möhüm ähmiýetli resminamada halkara hyzmatdaşlygy giňeltmäge-de aýratyn üns berilýär. Türkmenistan BMG-niň bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümi bolan Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy, Ilat gaznasy, Çagalar gaznasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Olar bilen hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary, çemeleşmeleri ýurdumyzda kabul edilen milli strategiýalarda, maksatnamalardyr meýilnamalarda öz beýanyny tapýar

Möwsümleýin keseller we onuň öňüni almak

- Gyş paslynda möwsümleýin döreýän wirusly ýiti respirator kesellerden ägä bolmaly. - Sagdyn durmuş ýörelgesini berjaý etmeli, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaly.

Gyş pasly: saglyga peýdaly önümler

Dürli miwedir gök önümler ýylyň islendik möwsüminde islendik ýaşdaky adam üçin peýdalydyr. Aýratyn-da, gyş paslynda, howanyň sowuk günlerinde dürli miweleri, gök önümleri köpräk iýmek saglygymyza gowy täsir edýär. Itburun dermanlyk önümleriň biri bolup, ol witaminlere, mikroelementlere, organiki kislotalara, tanine, efir ýagyna we beýleki peýdaly maddalara baýdyr. Möwsümleýin döreýän kesellerde, bokurdak agyrysynda, ganazlykda, artritde, dizenteriýa we aşgazan-içege kesellerinde lukmanlar itburny ulanmagy maslahat berýärler. Ondaky biologik işjeň maddalar gan basyşyny kadalaşdyrmaga we kellagyryny aýyrmaga kömek edýär.

Saglyk — baş baýlyk

Saglyk — bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen peşgeşidir. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmagymyz, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşgullanmaga endik etmegimiz zerurdyr. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadyryn bilgil, hasta bolmastan burun» diýşi ýaly, ynsan saglygyny goramak, onuň gadyryny bilmek halkymyzyň gadymdan gelýän ýörelgesidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli saglygy goraýyş ulgamyny ösüşleriň täze belentliklerine çykarmak ugrunda ägirt uly işler amala aşyrylýar. Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýokary amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryny, dolandyryş binalaryny, bilim we medeniýet edaralaryny, söwda-dynç alyş merkezlerini, seýilgähleri, öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen saglygy goraýyş desgalaryny öz içine alýan döwlet ähmiýetli Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylyp ulanylmaga berildi. Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy geljegimiz bolan ýaş nesilleriň saglygyny goramak we dikeltmek bilen bagly örän möhüm işleri alyp barýar.

Gyş paslynda kesellerden goranalyň!

— Möwsümleýin kesellerden goranmak üçin kesele garşy durnuklylygyň ýokary bolmaly. — Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyp, ir säherde we agşamara arassa howada pyýada ýöremeli.

BUNGENIŇ ŞORASY Солянка Бунге

Häsiýeti. Çöl-düzlük we dagetek derman ösümligi. Bungeniň şorasy — selmeler maşgalasynyň adybir urugynyň boýy 20 — 40 sm ýarym gyrymsyja wekili. Ösümlik çalymtyl reňkli, esasyndan güýçli şahalanan, inçe şahaly. Ýapraklary birneme gysga we sähelçe küti, uzynlygy 4 sm. Gülýanynyň ýaprajyklary ganata gysylan ýa-da syh-syh tüýlüje, gülýanynyň ujundan birneme uzyn.

Arpabadyýanyň peýdasy

Arpabadyýan, beýleki gök otlardan tapawutlylykda, witaminlere hem-de mineral duzlara baýdyr. Onuň düzüminde A, PP, C, B witaminler bar. 25 — 30 g arpabadyýany iýen adam özüniň bir günki C we A witamine bolan talabyny kanagatlandyrýar. Düzümindäki efir ýagy arpabadyýana özboluşly tagam we işdä açyjy ys berýär. Ony iýeniňde, aşgazanda iýmit siňdiriji şiräniň bölünip çykyşyny ýokarlandyrýar, bu bolsa iýmit siňdirilişini gowulandyrýar. Arpabadyýandaky kaliý mineral duzunyň görkezijisi ähli gök otlara garanyňda ýokarydyr. Ony ýürek-damar näsazlygynda, böwrek, bagyr kesellerinde we ganazlyk keselinde ulanmak peýdalydyr. Arpabadyýan ter we guradylan görnüşinde işdäaçarlarda, gök önümler konserwirlenen wagtynda ulanylýar, şeýle-de gündelik iýýän naharlarymyzda ulanmak maslahat berilýär. Nahara arpabadyýany atmak isleseňiz, nahary saçaga äberilmezinden öňinçä owunjak dograp atmagy unutmaň. Eger-de nahar gaýnap durka atsaňyz, gök otlaryň düzümindäki witaminleriň we mineral maddalaryň ýokumynyň ýitmegine getirer. Arpabadyýanyň guradylan görnüşi duzlanan kelem, hyýar, pomidor gaplanylanda ulanylýar. Käbir adamlar sogan, sarymsak iýmekligi gowy görýärler, ýöne agzyndan ysy gelýär diýip, iýmekden çekinip ýörýärler. Eger-de saçagyňyzda arpabadyýan bar bolsa, çekinmän, arkaýyn sogany, sarymsagy isledigiňizçe iýip bilersiňiz, ýagny soňundan arpabadyýanyň 4-5 ýapragyny çeýneseňiz agyzdaky sogand

Il saglygy — ýurt baýlygy

Peýdaly maslahatlar Gyş paslynda howanyň üýtgäp durmagy zerarly möwsümleýin ýokanç keselleriň öňüni almak üçin şahsy arassaçylyk kadalaryny berjaý etmeli.

Gyş paslynda kadalary berjaý ediň!

Kişde, kişmiş, kak

Bereketli topragymyzda derde derman miweler, gök-bakja önümleri ösdürilip ýetişdirilýär. Olardan dürli önümler taýýarlanylýar. Kişde, kişmiş, kak hem guradylyp taýýarlanylýar. Olaryň adam saglygyna peýdasy ýokarydyr.  Kişde. Guradylan erik endamdaky artykmaç suwuklyklary çykarmak bilen, adamyň immunitetini ýokarlandyrýar. Onuň düzümi ýeňil özleşýän uglewodlara, şeýle hem witaminlere baýdyr. Kişdede magniniň, kaliniň, kalsiniň, sinkiň, ýoduň bolmagy onuň dermanlyk häsiýetlerini artdyrýar. Guradylan erikdäki kaliý ýokary gan basyşy kadalaşdyrmaga, kalsiý bolsa süňkleriň, dyrnaklaryň berk bolmagyna ýardam edýär. Ol ganazlykda gemoglobiniň derejesini ýokarlandyrmakda, deriniň çeýe bolmagynda hem peýdalydyr. Kişdedäki kletçatkalar iýmit siňdiriş agzalarynyň işini kadalaşdyrýar.

Iň gymmatly baýlygymyz

 «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimiň dabaralanýan ýurdy bolan ata Watanymyzda adam saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Raýatlarymyzyň saglygyny goramak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda geçen ýylda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilendigini belläp geçmek has-da ýakymlydyr. Bilşimiz ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň ençemesi ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, köpugurly hassahana, Onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baý tebigatymyzyň dermanlyk ösümlikleriniň aýratynlyklary, onuň ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanylyşy barada maglumatlar berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärlerinde hoşallyk duýgularyny döretdi. Welaýatymyzda hem ynsan saglygyny goramak babatda işler çuňňur many-mazmuna eýe b

Gyşyň güni kyrk tüýsli

Gyş paslynda howanyň sowamagy bilen möwsümleýin keselleriň ýüze çykmak ähtimallygy bolýar. Ýiti respirator ýokanç keseli sagdyn adama howa-damja ýollary arkaly geçýär. Howanyň duýdansyz üýtgäp durmagy, gyşda bedeniň goraglylygynyň peselmegi bu keseliň ýüze çykmagyna getirip biler. Kesel ýaş çagalarda we gartaşan adamlarda has agyr geçýär. Onuň ilkinji alamatlary ýüze çykan halatynda haýal etmän, lukmana ýüz tutmak zerurdyr. Keseliň öňüni almakda bedeniň taplanmagyna uly ähmiýet berilýär. Bedeni çagalykdan taplap başlamak gerek. Şonuň üçin çagalary mümkin boldugyça, arassa howada köpräk gezdirmeli, olar bilen fiziki maşklary yzygiderli geçirip durmaly. Gyş paslynda bedeniň kesele garşy göreşijilik ukybynyň ýokary bolmagyny gazanmak gerek. Witaminlere we ýokumly maddalara baý bolan ir-iýmişleri, gök-bakja önümlerini kabul etmeklige üns berilmegi zerurdyr. Düzüminde C witaminini saklaýan pyrtykal, limon, kiwi, şeýle-de käşir, kelem, şugundyr, sogan, sarymsak, gök otlar köpräk ulanylsa peýdalydyr. Şonuň ýaly-da, türkmeniň milli nahary bolan unaşy gyzyl burç goşup içmek, limonly çaý, ary baly garylan ýyly süýt we beýleki suwuklyklary, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan melhem çaýlary köp içmek maslahat berilýär. Gyş paslynyň howa ýagdaýyna görä geýinmelidir. Ýylyň sowuk wagtynda her gije-gündizde 3-4 gezek 15-20 minutlap otaglaryň howasyny täzelemeli. Arassaçylyk düzgünlerini berk

Güýç-gaýratyň, gözelligiň gözbaşy

Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli işler amala aşyrylýar, halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berilýär, ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň oba-şäherlerinde, şäherçelerinde gurlan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş hem-de sport binalary raýatlaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar. Güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşy hasaplanýan sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ynsan saglygyny goramakdaky möhüm ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz. Şeýle bolansoň, raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesiller sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi berk bedenli, belent ruhly ýaşlaryň kemala gelmegine mümkinçilik döredýär.

Sagdynlyk — ruhubelentlik

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýarlyga beslenýän ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmakda, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesli terbiýelemekde giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şu günler Balkanabat şäherindäki edara-kärhanalarda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, Magtymguly Pyragynyň sagdyn durmuş ýörelgesini ündeýän goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini düşündirmekde wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda täze taryhy döwürde sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmagyň we bu asylly ýörelgäni her bir ýaş raýatyň hemra edinmegini gazanmagyň mukaddes borçdugyny ündeýäris.

Sagdyn durmuş — bagtyýarlygyň binýady

Adamyň saglygyny goramakda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyň ähmiýeti juda uludyr. Sport — adamlaryň saglygyny pugtalandyrmakda we jemgyýetiň medeniýetini ösdürmekde örän ähmiýetlidir. Maksada gönükdirilen bedenterbiýe, sport maşklary, milli sport oýunlary bilim-terbiýäniň düzüm bölegidir. Sport bilen meşgullanmak adamyň beden saglygynyň berkemegi bilen birlikde, ruhubelentligini artdyrýar, akyl zähmetiniň netijeliligine, pikirlenme ukubynyň artmagyna, ýatkeşligine, zehininiň taplanmagyna oňaýly täsir edýär. Ýaşlarda bedeniň ösüşiniň kämilleşmegine, kuwwatlanmagyna, berkemegine, fiziki görkezijileriniň ýokarlanmagyna, funksional ýagdaýlarynyň gowulanmagyna täsir edýär. Ýaşuly adamlarda saglygynyň dikelmegi üçin peýdaly bolup, döredijilik ukybyny artdyrýar, ýaşyň uzamagyna kömek edýär. Bedeniň fiziki işjeňligini doly kadaly ýagdaýa getirmekde ertirki maşklary ýerine ýetirmek peýdalydyr. Adam ukuda wagty gan aýlanyşygy ýuwaşaýar, bedeniň alyş-çalyş işjeňligi durýar, akyl işjeňligi peselýär. Şonuň üçin-de, adam ukudan oýanan wagty biraz kadadan pes hereket edýär, işjeňligi peselýär. Maşk etmek ýürek myşsalaryny berkidýär, dem alyş ulgamynyň işini gowulandyrýar, bogunlaryň ýagdaýyny kadalaşdyrýar, olaryň geçirijiligini artdyrýar, tutuş bedeniň kamatyny dikeldýär, ünsi güýçlendirýär, beýniň işini işjeňleşdirýär, bedeniň çydamlylyg

Saglyk — baş baýlyk

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamynda giň gerimli özgertmeler amala aşyrylýar. Täze saglygy goraýyş merkezleri, hassahanalar, şypahanalar, bejeriş-dynç alyş öýleri gurulýar, dünýä lukmançylygynda gazanylýan tejribeler durmuşa ornaşdyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda berkarar döwletimiziň abraýy arşa galýar. Keselleriň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, keseli öz wagtynda ýüze çykarmak we bejermek, ilaty zerur bolan derman serişdeleri bilen üpjün etmek, ussat hünärmenleri taýýarlamak arkaly raýatlarymyzyň sagdyn bolmagyny gazanmak we olaryň ömür dowamlylygyny uzaltmak saglygy goraýyş ulgamynyň esasy maksady bolup durýar. Aşgabat şäherinde we welaýatlarda häzirki zaman kliniki, ylmy-kliniki merkezleriniň, saglyk öýleriniň täze binalary gurulýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda asyrlara ýaň saljak beýik işler amala aşyrylýar. Geçen, 2023-nji ýylda ýurdumyzyň dürli künjeklerinde birnäçe täze, döwrebap saglygy goraýyş edaralary gurlup, häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilip, ulanmaga berildi we birnäçe desgalaryň bolsa gurluşygy dowam edýär.

Baş baýlygymyz

—  Bedenterbiýe we sport bilen meşgullanyň. —  Açyk arassa howada gezelenç ediň.