Sagdyn durmuşyň binýady

26 Ýanwar 2024
925

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ajaýyp zamanamyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty toplumlaýyn häsiýete eýe bolup, ol türkmen jemgyýetiniň ösüşini tebigy gurşawyň ösüşi bilen sazlaşdyrmagy, tebigatymyza aýawly garamak bilen birlikde, ony has-da gözelleşdirmegi öz içine alýar. Ekologiýa taýdan howpsuz ösüş döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenip, ýurdumyzda ýer, suw hem biologik köpdürlüligi we tebigaty goramak, çölleşmä, tokaýlaryň ýitmegine garşy göreşmek ýaly ugurlar boýunça amala aşyrylýan işler dünýä nusgalykdyr. Türkmenistanyň BMG-niň daşky gurşawy goramak we ekologiýa taýdan howpsuz ýaşaýşy üpjün etmek boýunça konwensiýalaryna işjeň gatnaşýandygy, olardan gelip çykýan halkara borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirýändigi hem buýsanç bilen bellenilmeli hakykatdyr.

Garagumuň jümmüşinde ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, zeý suwlaryny bir ýere ýygnap, gaýtadan ulanmak maksady bilen kemala getirilen «Altyn asyr» Türkmen köli diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýa sebiti üçin ekologiýa babatda möhüm ähmiýete eýedir. Bu kölüň Garagum sährasynyň ekologiýa ýagdaýynyň gowulanmagynda we ösümlik, haýwanat dünýäsiniň özgermeginde täsiri ýokarydyr. Şeýle-de, ol öri we ekerançylyk meýdanlarynyň dikeldilmegini, sebitde howa şertleriniň gowulandyrylmagyny üpjün edýär.

Amanmyrat SÄHETMYRADOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň uly mugallymy.
Beýleki habarlar