Dürli miwedir gök önümler ýylyň islendik möwsüminde islendik ýaşdaky adam üçin peýdalydyr. Aýratyn-da, gyş paslynda, howanyň sowuk günlerinde dürli miweleri, gök önümleri köpräk iýmek saglygymyza gowy täsir edýär.
Itburun dermanlyk önümleriň biri bolup, ol witaminlere, mikroelementlere, organiki kislotalara, tanine, efir ýagyna we beýleki peýdaly maddalara baýdyr. Möwsümleýin döreýän kesellerde, bokurdak agyrysynda, ganazlykda, artritde, dizenteriýa we aşgazan-içege kesellerinde lukmanlar itburny ulanmagy maslahat berýärler. Ondaky biologik işjeň maddalar gan basyşyny kadalaşdyrmaga we kellagyryny aýyrmaga kömek edýär.