Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda il-ýurt bähbitli işler amala aşyrylýar, halkymyzyň saglygyny goramaga uly üns berilýär, ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzyň oba-şäherlerinde, şäherçelerinde gurlan, häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen döwrebap saglygy goraýyş hem-de sport binalary raýatlaryň saglygyny goramagyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.
Güýç-gaýratyň, saglygyň gözbaşy hasaplanýan sportuň hem-de köpçülikleýin bedenterbiýäniň ynsan saglygyny goramakdaky möhüm ornuny hiç zat bilen çalşyp bolmaz. Şeýle bolansoň, raýatlarymyz, şol sanda ýaş nesiller sportuň dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanýarlar. Ýurdumyzda köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň we sportuň ösdürilmegi berk bedenli, belent ruhly ýaşlaryň kemala gelmegine mümkinçilik döredýär.