Sagdynlyk — ruhubelentlik

24 Ýanwar 2024
673

Bedew bady bilen öňe barýan eziz Diýarymyzda halkymyzyň bolelin durmuşda ýaşamagy üçin ähli şertdir mümkinçilikler döredilýär. Bagtyýarlyga beslenýän ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmekde, jemgyýete sagdyn durmuş ýörelgesini giňden ornaşdyrmakda, berk bedenli, sagdyn ruhly ýaş nesli terbiýelemekde giň gerimli işler amala aşyrylýar.

Şu günler Balkanabat şäherindäki edara-kärhanalarda jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bolup, ýurdumyzda ýetilýän sepgitler, gazanylýan üstünlikler, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny, Magtymguly Pyragynyň sagdyn durmuş ýörelgesini ündeýän goşgularynyň terbiýeçilik ähmiýetini düşündirmekde wagyz-ündew çärelerini yzygiderli geçirýäris. Olarda täze taryhy döwürde sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmagyň we bu asylly ýörelgäni her bir ýaş raýatyň hemra edinmegini gazanmagyň mukaddes borçdugyny ündeýäris.

Arzygül Agarowa,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni--köpçülik işleri bölüminiň esasy hünärmeni.
Beýleki habarlar