Iň gymmatly baýlygymyz

24 Ýanwar 2024
689

 «Il saglygy — ýurt baýlygy» diýen pähimiň dabaralanýan ýurdy bolan ata Watanymyzda adam saglygyny gorap saklamak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. «Raýatlarymyzyň saglygyny goramak, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek biziň iň uly maksadymyzdyr» diýip nygtaýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda geçen ýylda saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, kämilleşdirmek we onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak boýunça tutumly işleriň durmuşa geçirilendigini belläp geçmek has-da ýakymlydyr.

Bilşimiz ýaly, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda Köpetdagyň eteginde gurlan Arkadag şäherinde halkara ölçeglere laýyk gelýän lukmançylyk edaralarynyň ençemesi ulanylmaga berildi. Şolaryň hatarynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi, köpugurly hassahana, Onkologiýa merkezi, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezi, «Tiz kömek» merkezi, saglyk öýi bar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň baý tebigatymyzyň dermanlyk ösümlikleriniň aýratynlyklary, onuň ylmy we halk lukmançylygynda peýdalanylyşy barada maglumatlar berýän «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik kitabynyň 15-nji jildiniň çapdan çykmagy ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagatynyň işgärlerinde hoşallyk duýgularyny döretdi. Welaýatymyzda hem ynsan saglygyny goramak babatda işler çuňňur many-mazmuna eýe boldy. Welaýat merkezinde durky düýpli döwrebaplaşdyrylan, täze binalar bilen üsti ýetirilen we häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen 290 orunlyk welaýat köpugurly hassahanasynyň ulanylmaga berilmegi ynsan saglygy baradaky aladanyň subutnamasydyr.

Baýramgül Öwezmyradowa,
Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.
Beýleki habarlar