Hormatly ildeşler, möwsümleýin keselleriň döremeginiň öňüni almak hem-de olardan goranmak ählimiziň öz elimizdedir. Onuň üçin bolsa şahsy we jemgyýetçilik arassaçylygy babatdaky tertip-düzgünleri berjaý etmek hökmandyr.
Elleri elmydama arassa saklamaly. Daşaryk çykmazdan, jemgyýetçilik ýerlerine barmazdan öň, hökman burnuň nemli bardasyna
«Oksolin» melhemini çalmaly. Ýiti respirator ýokanç keselleriň alamatlary asgyrmak, üsgürmek, bokurdagyň nemli bardasynyň gyzarmagy, burnuň dykylmagy, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy, kellagyry, endam-janyň agyryp, üşütmegi we işdäniň kesilmegi ýaly ýagdaýlar bilen ýüze çykýar.