"Türkmenistanyň lukmançylygy" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-55
Email: t-lukmanchylyk-zurnaly@sanly.tm

Habarlar

«Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» ermeni dilinde

Kitabyň berýän lezzetini hiç zat bilen deňäp bolmaýar. Ata-babalarymyz kitap ýazýana, ony aýap saklaýana aýratyn hormat goýupdyrlar. Kitaplarda halkyň ýüregi bar, ol adamzadyň beýik ogullarynyň döreden dünýäsi. Halkymyzda akyl-paýhasyň açary, her bir ynsanyň ýakyn maslahatçysy hasaplanýan kitaba uly sarpa goýulýar. Çünki kitap okamak – dünýä akyl ýetirmekdir. Mähriban Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş eden kitaplarynyň gadyr-gymmaty uludyr. Olar bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Çuň many-mazmuna ýugrulan kitaplaryň her birinde türkmeniň ruhy dünýäsi, milli medeniýeti, sungaty, medeni gymmatlyklary, nusgalyk ýol-ýörelgeleri eriş-argaç bolup geçýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly eseriniň terbiýeçilik ähmiýetiniň uludygyny aýratyn bellemeli. Çünki adyndan belli bolşy ýaly, bu kitap halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan döwletlilik ýörelgeleriniň mizemezligini, nusgalykdygyny äşgär edýär. Onuň doganlyk halklaryň dillerinde neşir edilmegi bolsa, türkmeniň nusgalyk ýol-ýörelgeleriniň dünýä ýaýylmagydyr. Ýakynda bu ajaýyp eser ermeni dilinde çap edildi. Bu mynasybetli şu ýylyň  16-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda onuň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Hoşniýetli gatnaşyklaryň beýik nusgasy

Öňňin Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň rus we iňlis dillerinde neşir edilen «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Dabara ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlar gatnaşdylar. Milli Liderimiziň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary bilen geçýän şu ýylda çap edilen kitaby halkymyza ajaýyp sowgat boldy. Täze neşir hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary ýurt dillerinde çap edilen köp sanly kitaplarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi döwlet Baştutanymyza çuňňur hormatyň, milli Liderimiziň ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň berkidilmegi ugrunda bitiren uly hyzmatlarynyň ykrarnamasydyr.

«Mo­der­na» ma­ýa­dar­la­ryň ün­s merkezinde

Ge­çen hep­de ma­ýa go­ýu­jy­la­ryň oňyn tek­li­bi bi­len, «Mo­der­na» bio­teh­ni­ki kom­pa­ni­ýa­sy­nyň sa­tuw­la­ry 10% ösüş ga­zan­dy. Mag­lu­mat üçin, «Mo­der­na» bio­teh­ni­ka we sag­ly­gy go­ra­ýyş pu­dak­la­ryn­da teh­no­lo­gi­ki taý­dan ösen köp­çü­lik­le­ýin söw­da kär­ha­na­la­ry­nyň bi­ri­dir.

Türkmenistan — Türkiýe: dost-doganlyk däplerine eýerip, parahatçylygyň we döredijiligiň bähbidine

Türkmenistan hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat strategiýasyny yzygiderli durmuşa geçirip, birnäçe döwletler, iri halkara guramalar we abraýly sebit düzümleri ýaly gyzyklanma bildirýän ähli hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklaryny barha işjeňleşdirýär. Halklaryň medeniýetiniň we ruhy gymmatlyklarynyň umumylygy müňýyllyklaryň taryhyna uzap gidýän türki dilli döwletler, ilkinji nobatda bolsa, Türkiýe bilen ýola goýulýan gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýe bolmagy munuň aýdyň beýanydyr.

Geljegi uly hyzmatdaşlyk

10-njy martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi hem-de onuň hoşniýetli sözlerini beýan etdi. Hormatly Prezidentimiz mähirli mübärekläp, özüniň türk kärdeşine iň oňat arzuwlaryny aýdyp, türki döwletler bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň hem-de pugtalandyrmagyň Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynda möhüm orny eýeleýändigini belledi. Şu babatda abraýly halkara we sebitleýin guramalaryň, şol sanda geçen ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň synçy hökmünde giren Türki Döwletleriň Guramasynyň çäklerinde netijeli gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygyny kabul etdi

Aşgabat, 10-njy mart. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi. Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi we onuň Türkmenistan bilen köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanan däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky hoşniýetli sözlerini beýan etdi.

Syýahatçylygy ösdürmek boýunça daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen wideomaslahat

Aşgabat, 10-njy mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň syýahatçylyk ulgamyny ösdürmäge bagyşlanyp, sanly ulgam arkaly maslahat geçirildi. Maslahat Dubaý şäherinde geçirilýän “EKSPO — 2020” Bütindünýä sergisiniň çäklerinde guraldy. Foruma döwlet düzümleriniň wekilleri, işewürler, iri syýahatçylyk kärhanalarynyň ýolbaşçylary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň bu ugurda ýöriteleşen bilermenleri gatnaşdylar. Syýahatçylyk ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy we yzygiderli gatnaşyklary ýola goýmak we pugtalandyrmak, Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini wagyz etmek hem-de ilerletmek Medeniýet ministrliginiň ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen bilelikde guran forumynyň baş maksady boldy.

Adamzat ähmiýetli hyzmatdaşlyk

  «7/24.tm», № 10 (93), 07.03.2022. Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edildi

Ählumumy hyzmatdaşlygyň belent derejesi

3-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi. Milli Liderimiz BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy bilen mähirli salamlaşdy hem-de oňa Döwletimiziň halkara başlangyçlaryny goldaýandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary jenap Antoniu Guterrişe mähirli salamyny we saglyk hem-de rowaçlyk baradaky iň gowy arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Ýurdumyzyň BMG agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli forum

Aşgabat, 3-nji mart. Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Olar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini nobatdaky gezek subut etdi. Daşary işler ministrliginde utgaşykly görnüşde geçirilen “Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny” atly dabaraly duşuşyga ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: parahatçylygy we ösüşi kepillendirmekde dialogyň orny

Ýurdumyzyň BMG agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli forum Aşgabat, 3-nji mart (TDH). Şu gün paýtagtymyzda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Olar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini nobatdaky gezek subut etdi.

Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen onlaýn duşuşyklar

Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: 30 ýyllyk tejribede gazanylanlar we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

Ýer ýüzüniň milliardlarça ilatynyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Bu abraýly düzüme 1992-nji ýylyň 2-nji martynda agzalyga saýlanan wagtyndan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz öz üstüne ýüklenen jogapkärçilige doly we dogry düşünýän, ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edildi. Köpýyllyk strategik hyzmatdaşlykda toplanan baý tejribe bu günki gün geljekde amal ediljek işleriň hem binýadyny düzýär. Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli biz BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý ŞLAPAÇENKONYŇ, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine SAAKÝANYŇ, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Mohammad FAÝÝAZINIŇ gatnaşmagynda «tegelek stol» söhbetdeşligini taýýarlap, onuň mazmunyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Diplomatik poçtadan

«Ak şäherim Aşgabat» kitaby tanyşdyryldy Türkiýe Respublikasy

Dost-doganlyk ýörelgelerine ygrarlylyk

26-njy fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz türk kärdeşi bilen mähirli salamlaşyp, Rejep Taýyp Ärdoganyň hem-de onuň maşgalasynyň koronawirus ýokanjyndan sagalandyklaryna örän şatdygyny belledi. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz dostlukly döwletiň Baştutanyny doglan güni bilen mähirli gutlady. Prezident Rejep Taýyp Ärdogan hoşniýetli goldaw sözleri hem-de gutlaglary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň yzygiderli häsiýetini kanagatlanma bilen belledi.

Aýdyň maksatlar — netijeli işler

Ýakynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň Sekretariatynyň guramagynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň 2022-nji ýylda ýerine ýetirilmeli işleriniň Meýilnamasy hakynda giňişleýin gürrüň edildi.

Türkmenistan — Türkiýe Respublikasy: dostlukly gatnaşyklardan strategik hyzmatdaşlyga çenli

Türkmenistan bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllyk şanly senesi ýetip geldi. Köpasyrlyk mizemez dost-doganlyk ýörelgelerini «Bir millet — iki döwlet» diýen şygarda jemlän türkmen hem-de türk halklarynyň taryhy taýdan ýakynlygy, ýürekdeşligi bu gün döwletara hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge, däp bolan gatnaşyklaryň täze gözýetimlerini açmaga ygtybarly binýat bolup hyzmat edýär. Şundan ugur alyp, türkmen-türk hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitlerdir öňde durýan wezipeler barada giňişleýin pikir alyşmak üçin habarçymyz Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Togan ORAL bilen söhbetdeş boldy. — Hormatly ilçi, ilki bilen, Sizi ýurtlarymyzyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň şanly senesi bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Özara hyzmatdaşlygyň geçen taryhy döwründe toplanan tejribäniň netijelerini biz gündelik durmuşymyzda-da görüp bilýäris. Siziň pikiriňizçe, onuň üstünligi, esasan, nämeler bilen şertlendirilýär?

Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi

Aşgabat, 25-nji fewral. Şu gün paýtagtymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň ösüşi bilen baglanyşyklykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan onlaýn görnüşde halkara mediaforum geçirildi. Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, bu hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri geçen ýyllarda toplan oňyn tejribesi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistleriň, alymlaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugallymlarynyň ara alyp maslahatlaşmalarynyň esasy mowzuklary boldy.

Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara mediaforum geçirildi

Aşgabat, 25-nji fewral (TDH). Şu gün paýtagtymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň ösüşi bilen baglanyşyklykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan onlaýn görnüşde halkara mediaforum geçirildi. Türkmenistanyň ösüşinde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň, bu hukuk derejesine eýe bolan gününden bäri geçen ýyllarda toplan oňyn tejribesi hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler milli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň hem-de ýurdumyzda işleýän daşary ýurtly žurnalistleriň, alymlaryň we jemgyýetçilik işgärleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň professordyr mugallymlarynyň ara alyp maslahatlaşmalarynyň esasy mowzuklary boldy.

Dostluk köprüleri pugtalandyrylýar

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Onuň barşynda umumy bähbitleri nazara almak bilen, uly geljege eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Şol bähbitler bolsa ägirt uly mümkinçilikler hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde köpýyllyk bilelikdäki işiň uly tejribesi bilen berkidilendir.