Aşgabat, 10-njy mart. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulular geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrymy kabul etdi.
Myhman duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň salamyny ýetirdi we onuň Türkmenistan bilen köpasyrlyk dostluk, ynanyşmak hem-de özara düşünişmek ýörelgelerine esaslanan däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berilýändigi baradaky hoşniýetli sözlerini beýan etdi.