Dostluk köprüleri pugtalandyrylýar

25 Fewral 2022
1175

22-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Onuň barşynda umumy bähbitleri nazara almak bilen, uly geljege eýe bolan netijeli hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary barada pikir alşyldy. Şol bähbitler bolsa ägirt uly mümkinçilikler hem-de giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmegiň çäklerinde köpýyllyk bilelikdäki işiň uly tejribesi bilen berkidilendir.

"Nesil".
Beýleki habarlar