Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy: 30 ýyllyk tejribede gazanylanlar we hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

2 Mart 2022
1289

Ýer ýüzüniň milliardlarça ilatynyň röwşen geljegini üpjün etmek maksady bilen döredilen Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk — Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň iň ileri tutulýan ugurlarynyň biri. Bu abraýly düzüme 1992-nji ýylyň 2-nji martynda agzalyga saýlanan wagtyndan bäri geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz öz üstüne ýüklenen jogapkärçilige doly we dogry düşünýän, ählumumy derejede parahatçylygy hem-de durnukly ösüşi pugtalandyrmaga mynasyp goşant goşýan ygtybarly hyzmatdaş hökmünde ykrar edildi. Köpýyllyk strategik hyzmatdaşlykda toplanan baý tejribe bu günki gün geljekde amal ediljek işleriň hem binýadyny düzýär.

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasyna agzalyga kabul edilmeginiň şanly 30 ýyllygy mynasybetli biz BMG-niň Türkmenistandaky hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý ŞLAPAÇENKONYŇ, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Narine SAAKÝANYŇ, BMG-niň Çagalar gaznasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Mohammad FAÝÝAZINIŇ gatnaşmagynda «tegelek stol» söhbetdeşligini taýýarlap, onuň mazmunyny okyjylara ýetirmegi makul bildik.

Söhbetdeşligi taýýarlan Aýgül RAHYMOWA.
«Türkmenistan».
Beýleki habarlar